Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň gündogar etraplaryna güýçli ýel geldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Darganata we Dänew etraplaryna gelen güýçli ýeliň netijesinde tok we telefon aragatnaşyk sütünleriniň ýüzlerçesi agdy, ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasyna zeper ýetdi diýip, Azatlygyň sebitdäki habarçysy 6-njy oktýabrda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, harasat öten agşam sagat 22:30 töwerekleri başlanypdyr. Mundan başga-da, ol sebitde çarşenbe güni hem güýçli şemalyň saklanýandygyny sözüne goşdy.

Habarçy güýçli şemalyň gumuň tozan bölekleri bilen garyşyp gelendigini hem belledi.

Harasatyň ýetiren zyýanynyň gerimi barada häzirlikçe doly maglumat elýeterli däl.

Lebapdaky güýçli harasat we onuň netijeleri barada, Türkmenistanyň özünde döreýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda adatça bolşy ýaly döwlet gözegçiligindäki türkmen media serişdelerinde hiç hili habar berilmedi.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylda türkmen häkimiýetleri we mediasy Lebapda turan heläkçilikli, şol sanda adam pidalaryna getiren tupan barada hem dymyp, tebigy harasatyň netijelerini aradan aýyrmak boýunça hem zerur hemaýaty bermändiler.

XS
SM
MD
LG