Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy: Birleşen Ştatlar ukrain serhedinde toplanan rus goşunlary boýunça dialoga taýýar


ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan

ABŞ-nyň howpsuzlyk maslahatçysy Jeýk Sulliwan rus kärdeşi bilen geçiren gepleşiginde Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunynyň toplanmagy boýunça Waşingtonyň diplomatik dialoga taýýardygyny, ýöne islendik dialogyň Ýewropadaky hyzmatdaşlar we ýaranlar bilen utgaşykly geçirilmelidigini aýtdy.

Sulliwan prezident Wladimir Putiniň daşary syýasat maslahatçysy Ýuriý Uşakowa Birleşen Ştatlaryň köp dürli kanallar arkaly, şol sanda ikitaraplaýyn esasda, NATO-Russiýa geňeşiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde (ÝHHG) gepleşikleri geçirmäge taýýardygyny aýtdy diýip, Ak tam 20-nji dekabrda beren beýanatynda aýtdy.

Bu beýanat “ruslar bilen arada dowam etdirilýän gepleşiklere we gatnaşyklara gabat gelýär” diýip, metbugat sekretary Jen Psaki aýtdy.

Ukraina serhedine golaý sebitlerde rus goşunlarynyň toplanmagy boýunça Ýewropada dowam edýän dartgynlygyň arasynda Sulliwan Uşakow bilen telefonda gürleşdi.

Russiýa goşun toplamak işleriniň çozuşa taýýarlykdygyny ret edýär we Ukrainanyň NATO bilen barha ösýän gatnaşyklarynyň dartgynlyga sebäp bolandygyny aýdýar.

“Sulliwan islendik gepleşigiň özara ylalaşyga esaslanmalydygyny hem-de Russiýanyň hereketleri bilen bagly aladalarymyza gönükdirilmelidigini, şol bir wagtda gepleşikleriň ýewropaly hyzmatdaşlarymyz we ýaranlarymyz bilen doly utgaşykly geçirilmelidigini açyk mälim etdi” diýip, Psaki aýtdy.

Moskwa geçen hepde öz howpsuzlyk tekliplerini, şol sanda NATO-nyň öz çägini gündogar tarapa giňeltmejekdigi barada hem-de ýaranlygyň Gündogar Ýewropadaky harby hereketlerini çäklendirmegi, Ukriana we Gürjüstan bilen hyzmatdaşlygy çäklendirmegi boýunça kepillik talaplaryny mälim etdi.

Psaki özygtýarly döwletleriň öz ýaranlaryny saýlap almak hukuklary babatda ABŞ pozisiýasyny ýene bir gezek gaýtalady hem-de NATO-nyň Ukraina bilen gatnaşyklaryny “diňe Ukraina bilen NATO ýaranlary bolan 30 ýurduň kesgitleýändigini” nygtady.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň sözlerine görä, Uşakow Sulliwana Moskwanyň talap edýän howpsuzlyk kepillikleri babatda resminamalaryň taýýarlyk işleri boýunça gepleşiklere başlamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle-de, Peskowa görä, gepleşiklerde Russiýa daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow wekilçilik eder.

Raýbkow, entek Moskwanyň Birleşen Ştatlardan hiç hili jogap kabul etmändigini aýtdy.

“Meniň pikirimçe, olar muny haýal prosese öwürmäge synanyşarlar, ýöne biz gyssagly hereket etmeli, sebäbi ýagdaý örän kyn, ýiti hem-de has çylşyrymlylaşmaga meýilli” diýip, RIA Nowosti Rýakowyň sözlerini sitirledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG