Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainada täze uruş howpunyň arasynda Baýden, Putin gepleşik geçirýär


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) Ženewada duşuşýar. 16-njy iýun, 2021.

Russiýanyň Ukraina serhedine goşun toplamagy, sebitde NATO-nyň geljegi we Russiýanyň howpsuzlyk talaplary boýunça barha ýokarlanýan dartgynlylygyň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we onuň rus kärdeşi Wladimir Putin gepleşikleriň dartgynly tapgyryny geçirer.

7-nji dekabrda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän duşuşyk bilen iki lider Baýdeniň ýanwar aýynda ABŞ prezidenti wezipesine girişmeginden bäri ikinji gezek ikiçäk duşuşýar. Waşington Russiýanyň Ukraina çozmak ähtimallygynyň öňüni almagy maksat edinýär, Kreml öňki sowet respublikasynyň asla NATO agzasy bolmazlygy üçin kepillik gözleýär.

ABŞ administrasiýasynyň ýokary derejeli bir resmisi 6-njy dekabrda žurnalistlere beren gürrüňinde Baýdeniň Kreml eger Ukraina çozmak kararyna gelse, munuň üçin rus ykdysadyýetiniň “takyk we örän anyk baha tölejekdigini” Putine anyk düşündirjekdigini aýtdy, ýöne şol bir wagtda “diplomatiýa babatda täsirli ýoluň bardygyny” nygtady.

Şeýle-de, Baýden administrasiýasy özüniň “NATO bilen Russiýanyň ikisini hem gyzyklandyrýan iri meseleler boýunça taraplaryň arasyndaky gepleşikleri” goldaýandygyny, “ýöne Ukrainanyň geljekde Demirgazyk ýaranlyga agzalygyny aradan aýyrmaýandygyny we, şol bir wagtda, özüniň “kimdir biriniň gyzyl çyzygyna laýyklykda iş alyp barmaýandygyny” mälim etdi.

Putin mundan ozal NATO-nyň giňemegini ýa-da belli-belli raketa hüjüm mümkinçilikleriniň Ukraina ýerleşdirilmegini gaýta-gaýta “gyzyl çyzyk” hökmünde häsiýetlendiripdi.

“Elbetde, ‘gynançly ýagdaýda’ galýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýygnagyň gün tertibinde bolar” diýip, 6-njy dekabrda Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow aýtdy. Ol Ukrainanyň töweregindäki meselelere, NATO-nyň giňemegine we howpsuzlyk kepilliklerine “uly ähmiýet” beriljekdigini hem aýdyp, sözüniň üstüni ýetirdi.

Ak tamyň beýanatyna görä, wideo maslahatyň öňüsyrasynda Baýden ABŞ-nyň ýaranlary bolan Britaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Germaniýanyň liderleri bilen telefonda gürleşdi.

Liderler Ukrainanyň territorial bitewiligine we özygtyýarlylygyna ýene bir gezek goldaw beýan etdiler we Russiýany sebitde dartgynlylygy gowşatmaga çagyrdylar.

Ukraina resmileri 90 müňden gowrak rus esgeriniň serhede, şol sanda 2014-nji ýylda Russiýa tarapyndan güýç bilen ele geçirilen Krym ýarymadasyna ýerleşdirilendigini aýdýarlar. ABŞ-nyň aňtaw resmileri serhede toplanýan rus goşunlarynyň sanynyň soňy bilen 175 müňe ýetjegini çaklaýarlar. Russiýanyň serhede goşun toplamak işleri, öňünden meýilleşdirilen tälim-türgenleşiklerinden daşary, rus güýçleriniň soňky ýyllarda Ukraina serhedine tarap amala aşyrýan iň iri hereketleriniň biridir.

Üstesine, hatda garşylyk güýçleriň arasynda bar bolan öňünden habar bermek proseduralarynyň amal edilmezligi hem diňe bir Ukrainada däl, eýsem NATO ýurtlarynda, hususan-da Gündogar Ýewropada howsala döretdi.

“Biz bu meselede prezident Putiniň, aslynda, herekete buýruk berendigini bilmeýäris, ýa-da bu barada hiç hili anyk alamat ýok. Bu meselede esasan planlaşdyrma we niýet wajypdyr, soňra biz şeýle hereketleri görýäris. Bu babatda, biziň nukdaýnazarymyzdan, meýil aç-açan görünýär” diýip, ABŞ administrasiýasynyň bir ýokary derejeli resmisi aýtdy.

“Biz Ukraina tarap goşmaça mümkinçilikleriň, goşmaça güýçleriň hereket edýändigini köp ýerde görýäris. Bu hereketler Ukrainada harby dartgynlylyk üçin taýýarlanylýan meýilnamalara gabat gelýär” diýip, resmi aýtdy.

Eger-de “Putin herekete geçip”, Ukraina çozsa, onda “Gündogar ganatdaky ýaranlardan goşmaça güýç, mümkinçilik we tälim türgenleşikler babatda edilýän haýyşlar barha güýçlenip biler, we ABŞ olara oňyn jogap berip biler” diýip, resmi sözüniň üstüni ýetirdi.

Ukrainanyň gündogar sebitlerinde Donbas diýlip bilinýän Donetsk we Lugansk regionlarynda onsuz hem 2014-nji ýyldan bäri uruş dowam edýär. Bu uruş zorluk bilen turan hem-de russiýaçy prezidenti ýurtdan gaçmaga mejbur eden köçe protestlerinden birnäçe aý soňra tutaşdy.

Russiýa, bar bolan subutnamalara garamazdan, gündogar Ukrainadaky separatist güýçlere özüniň maliýe ýardamyny berendigini ýa-da olaryň üpjünçiligine kömek edendigini gaýta-gaýta ret edip gelýär. Zorluk başlanaly bäri, 13 müň 200-den gowrak adam öldi, 1 milliondan gowrak adam ýurtdan gaçmaly boldy.

Baýden bilen Purtin iýun aýynda Ženewada duşuşandan soňra, Waşington we Moskwa gatnaşyklaryň ýaramazlaşmagynyň öňüni almagyň ugurlaryny gözleýän mahaly, köp sanly ekspert Ukraina konfliktiniň her niçik-de bolsa çözülmegine umyt baglady.

Ýöne bu amala aşmady. Pyýada goşunlardan, sowutly we artillerýa bölümlerinden ybarat rus batalýonlaryň Ukrainanyň töwereginde san taýdan adatdan daşary köpelmegi ABŞ aňtaw gulluklaryny barha köp duýduryş bermäge iterdi.

Iki lider iýul aýynda hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Şonda Baýden Putini Birleşen Ştatlaryna garşy amala aşyrylýan kiber hüjümleri basyp ýatyrmaga çagyrdy. Zyýanly hüjüm toparlarynyň köpüsi ýa Russiýada hereket edýärdi, ýa-da Russiýadan gelip çykýardy.

Galyberse-de, Baýden beýleki ýokary derejeli administrasiýa resmilerini, şol sanda Merkezi Aňtaw agentliginiň direktory Bill Burnsi we Russiýa boýunça baýry ekspert Wiktoriýa Nulandy gatnaşyklary kadalaşdyrmaga synanyşmak üçin Moskwa iberdi. Nuland häzirki wagtda döwlet sekretarynyň syýasy gatnaşyklar boýunça orunbasarydyr.

Hepdäniň ahyrynda ady aýdylmaýan bir ABŞ resmisi “Waşington Posta” we beýleki amerikan neşirlerine beren gürrüňinde Russiýanyň öňümizdäki ýylyň başynda Ukraina garşy köp frontly hüjümde 175 müň töweregi goşun ulanmakçy bolýandygyny aýtdy.

Bu planlar artillerýa bölümlerini, pyýada goşunlary, tanklary we beýleki sowutly harby tehnikalar bilen bir hatarda “batalýon taktiki toparlaryny” hem öz içine alar.

Ukraina NATO agzasy bolmasa-da, görnüşinden bu golaýda onuň agzalygy gümana bolsa-da, Putin we beýleki rus resmileri Ukrainanyň ýaranlyga agzalygyny Kreml üçin “gyzyl çyzyk” hökmünde yşarat etdiler. Olaryň köpüsi 90-njy ýyllaryň ahyrlarynda we 2000-nji ýyllarda NATO-nyň öňki Sowet Soýuzyna girýän ýurtlara tarap giňemegine dönüklik hökmünde garaýarlar.

Geçen hepde NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg beýleki ýurtlaryň ýa-da ýaranlygyň giňemek planlary boýunça Russiýanyň işiniň bolmaly däldigini aýtdy.

Kreml resmileri kimler üçin ukrain garaşsyzlygynyň emeli düşünjedigini hem-de Russiýa bilen Ukrainanyň Sowet döwründäki ýaly nähilidir bir usul arkaly täzeden birleşip biljekdigini yşarat etdiler.

Şeýle-de, Putin NATO-nyň gündogar tarapa giňemejekdigi barada, hem-de käbir anyklaşdyrylmaýan ýarag ulgamlarynyň Russiýanyň araçägine golaý sebitlere, şol sanda Ukraina ýerleşdirilmejekdigi barada özüniň kanuny kepillik isleýändigini ýaňzytdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG