Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetler hususy maldarçylyk hojalyklaryndan arzan et talap edýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Täze ýylyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynda hususy maldarçylyk hojalyklary döwlete arzan bahadan et tabşyrmaga mejbur edilýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji dekabrda sebitden maglumat berdi.

Bu talap goýun, geçi, düýe we sygyr saklaýan hususy hojalyklara degişli bolup, döwlete degişli söwda edaralary olardan etiň bir kilogramynyň bahasyny 26 manatdan satyn alýarlar. Öz gezeginde, hususy hojalyklardan satyn alnan et önümleri sebitiň bazarlarynda we söwda merkezlerinde 30 manatdan sarp edijilere hödürlenýär.

Muňa garamazdan, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, sebit bazarlarynda bir kilogram jylka etiň bahasy 80 manada çenli çykýar.

Farap etrabynda Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir maldarçylyk hojalygynyň eýesi Jumageldiniň (ady üýtgedildi) sözlerine görä, häkimiýetler her 10 baş sygyr üçin maldarlardan 120 kilogram töwereklerinde arzan et tabşyrmagy talap edýär.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, häkimiýetleriň et talaby oba arçynlarynyň üsti bilen maldarçylyk hojalyklarynyň dykgatyna ýetirilýär.

“Her gün haýbat, her gün basyş edýärler” diýip, Jumageldi habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda häkimiýetleriň hususy hojalyklardan edýän et talaplary türkmen hökümetiniň bazarlarda nyrh gözegçiligini güýçlendirýän mahaly ýerine ýetitirilýär.

Munuň bilen baglylykda, türkmen hökümetiniň başlygynyň maliýe we ykdysadyýet pudagyna gözegçilik edýän orunbasary Serdar Berdimuhamedow soňky günlerde sebit bazarlaryna aýlanýar.

Azatlygyň ikinji habarçysy Türkmenabadyň bazarlaryndaky et tekjelerinde etiň goşa bahasynyň bardygyny habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, hususy gassaplaryň söwda tekjelerinde etiň bir kilogramynyň bahasy 35 manat hökmünde görkezilýär, ýöne etiň kilesi 64 manatdan sarp edijilere satylýar.

Etiň goşa bahasy bilen bagly ýagdaýlar häkimiýetleriň nyrh gözegçiligi bilen bagly alyp barýan tagallalarynyň dowam edýän wagtlaryna gabat gelýär.

“Häkimiýetler bahalara gözegçilik etjek bolýarlar. Satyjylar harydyň nyrhyny sorasaň bir baha aýdýarlar, satyn aljak bolsaň başga bir baha aýdýarlar” diýip, bir alyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bazar satyjylary etiň bahasynyň emeli arzanladylmagyny makullamaýarlar. Olar eti gymmat bahadan satyn alyp, arzan satmagy göwnemeýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabadyň bir bazarynda 13-nji dekabrda arzan bahadan et önümleriniň peýda bolandygyny habar berdiler. Şonda bir kilogram et 35 manatdan satuwa çykaryldy. Arzan etiň hyrydary köp boldy.

Türkmenistanda ykdysady krizisiň ýyl-ýyldan ýitileşmegi bilen ýurtda ilatyň et üpjünçiligi agyrlaşdy. Soňky ýyllarda ýurduň dürli sebitlerinde etiň bahasynyň 100 manada çenli çykan wagtlary boldy.

Bu aralykda, halkara statistika neşirleri BMG-niň Azyk we Oba hojalyk guramasynyň sanlaryna salgylanyp, dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda etiň sarp edilişiniň möçberleri barada maglumat taýýarlardy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Global Change Data Lab” nonprofit guramasynyň “One World In Data” taslamasy Türkmenistanda ilatyň et önümlerini sarp etmekdäki meýilleriň ýyllara görä üýtgeşi barada statistiki maglumatlary taýýarlady.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda sarp edilýän et önümleriniň möçberi garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary bilen deňeşdirilende soňky 25 ýylyň dowamynda ýokarlandy.

Türkmenistanda ilatyň sarp edýän et önümleriniň möçberi 1992-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2017-nji ýylda 67 prosent ýokarlanypdyr. 1992-nji ýylda Türkmenistanda adam başyna sarp edilen etiň möçberi bir ýylyň dowamynda 36 kilograma deň bolsan bolsa, bu san 2017-nji ýylda 60 kilogramdan geçipdir.

Progres.online ylmy-analitiki neşiriniň statistikalara salgylanyp, ýazmagyna görä 2017-nji ýylda türkmenler ýylyň dowamynda adam başyna ortaça 63 kilogram et önümini sarp edipdir. Sanlara görä, Türkmenistanda bir ýylyň dowamynda adam başyna 29 kilogram sygyr eti, 26 kilogram goýun eti, 4,5 kilogram towuk eti, 2.9 kilogram deňiz önümleri we 300 gram doňuz eti sarp edilipdir.

Türkmenistanda et önümleriniň sarp edilişindäki meýiller 1992-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli pese gaçypdyr. Garaşsyzlygyň has irki ýyllarynda ýurt boýunça adam başyna ortaça 36 kilogram et sarp edilen bolsa, bu san 1997-nji ýylda ortaça 25 kilograma çenli aşaklapdyr.

Mälim bolan sanlara görä, Türkmenistanda şu wagta çenli iň köp mukdarda et önümleri 2017-nji sarp edilipdir. BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň sanlaryndan çen tutulsa, Merkezi Aziýada täjikler iň az mukdarda et önümlerini sarp edýär. Dört ýyl mundan ozal, bu ýurtda bir ýylyň dowamynda adam başyna 17 kilogram et sarp edilipdir. Sebitde iň köp mukdarda et önümlerini gazaklar sarp edýär. Sanlara görä, gazagystanlylar bir ýylda adam başyna 69 kilogram et önümini sarp edipdir.

Türkmenistanyň günorta-gündogar goňşusy Owganystanyň halky bir ýylyň dowamynda adam başyna ortaça 8 kilogram et iýipdir.

2017-nji ýyldan soňky sanlar elýeterli däl, ýöne geçen dört ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda etiň bahasy yzygiderli gymmatlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG