Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID çäklendirmeleriniň astynda Lebap Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Tapgyr ikinji ýyl dowam edýän global COVID-19 pandemiýasynyň arasynda Lebap welaýatynda maşgalalar Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlanýar: emeli arçalar bezelýär, çagalar baglary baýramçylyk çärelerini geçirýär we terbiýeçiler Aýaz baba üçin ene-atalardan sowgat soraýar. Ene-atalaryň beren sowgatlary çagalara gowşurylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda ilatyň baýramçylyk taýýarlyklary barada sebitden habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, emeli täze ýyl arçalary şu günler Türkmenabatda iň geçginli harytlar bolup, olaryň bahalary 150 – 600 manat aralygynda üýtgeýär. Diri arça satylmaýar. Adamlar emeli agaç satyn almak üçin köplenç ‘Gök bazara’ barýar. Hytaýda öndürilen emeli arçalaryň Türkmenabatdaky bahalary olaryň göwrümine bagly bolup, arça näçe uly bolsa, şonça-da gymmatlaýar.

Galyberse-de, täze ýyl arçalaryny bezemek üçin adamlar yşyklandyryş bezeglerine we dürli oýunjaklara zerurlyk duýýarlar. Yşyklandyryş bezegleriniň bahalary 50 – 200 manat aralygynda üýtgeýär. Arça bezeglerinde giňden ulanylýan oýnawaçlar toplumynyň bahasy 60 manat. Bezeg üçin niýetlenen täze ýyl oýunjaklary plasmas bolup, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, aýnadan ýasalan näzik oýunjaklar satylmaýar.

Bu bahalar bilen, adamlar iň gymmat täze ýyl arçasy üçin Türkmenabatda azyndan 860 manat iň arzan arça üçin 260 manat çykdajy etmeli bolýar.

860 manat dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 245 dollara, gara bazar nyrhy boýunça ortaça 30-40 dollara barabar bolýar.

Galyberse-de, Türkmenistanda iň pes zähmet haky häzirki wagtda 957 manada, iň pes döwlet kömek puly 354 manada deňdir.

Bu aralykda, şäheriň çagalar baglarynda şu günler terbiýeçiler çagalar üçin täze ýyl baýramçylyk çärelerini gurnaýarlar. Ýöne munuň üçin terbiýeçiler ene-atalardan Aýaz baba üçin sowgat soraýarlar. Baýramçylyk sahnalaryna barýan Aýaz babalar ene-atalaryň beren sowgatlaryny çagalara gowşurýarlar. Ýöne ene-atalardan edilýän talap diňe bir sowgat bilen çäklenmeýär:

“Her bir ene-atadan 10 sany şar, hem-de öz çagasyna Aýaz baba tarapyndan beriljek sowgatlary öz ýanlary bilen getirmek soralýar” diýip, bir türkmenabat ýaşaýjysy habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Eger-de sowgat getirip bermeseňiz, çagalaryňyz sowgatsyz galar. Haýsy ene-ata sowgat getirse, hut şol ene-atanyň çagasy hem Aýaz babadan sowgat alar” diýip, ýerli ýaşaýjy terbiýeçiniň sözlerini getirdi.

Täze ýyl baýramçylygy tutuş dünýäde tapgyr ikinji ýyl koronawirus pandemiýasynyň arasynda bellenip geçilýär.

Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda edara-kärhanalara baýramçylyk günleri üýşmeleň geçirmegiň gadagan edilendigini habar berýär.

“Şonuň üçin, işgärleriň öýlerinde gizlin baýramçylyk belleýärler” diýip, bir býujet işgäri Azatlygyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Habarçymyz sebitde COVID-19 bilen bagly ýagdaýlaryň durnuklydygyny, ýöne baýramçylyk günleri köpçülikleýin çäreleriň geçirilmeginiň gadagan edilendigini habar berdi.

Pandemiýa çäklendirmeleri bilen baglylykda Türkmenabadyň seýilgähleri, kafeler, barlar, restoranlar ýapyklygynda galýar.

“Karantin gowşadylmaýar. Hemme zat öňki-öňkülik: karantin üçin ýapyklygynda galýar” diýip, türkmenabat ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Mundan ozal, Azatlygyň habarçylary Lebapda bu ýyl esasy Täze ýyl arçasynyň, geçen ýyllardan tapawutlylykda, Türkmenabatdaky Ak öýüň öňünde oturdylýandygyny habar berdiler. Ozalky ýyllarda sebitiň baş arçasy Türkmenabadyň Ruhyýet köşgüniň öňünde guralýardy.

Bu aralykda, ýurtda öz güýjünde galýan pandemiýa çäklendirmeleriniň arasynda, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda hiç hili koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny gaýtalaýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 21-nji dekabrda geçiren iş maslahatynda ýurtda hiç hili COVID-19 hadysasynyň hasaba alynmandygyny ýene bir gezek gaýtalady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG