Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň oba ilaty ýene toguň we gazyň kadasyz üpjünçiliginden kösenýär


Mary welaýatyndaky obalaryň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Mary welaýatyndaky obalaryň biri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ençeme obasynda ilat elektrik energiýasy we tebigy gaz bilen kadaly üpjün edilmeýär. Gyş paslynyň sowuk günlerinde oba ýaşaýjylary toguň we gazyň kesilmegi bilen günüň dowamynda ençeme gezek ýüzbe-ýüz bolýar. Bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde Mary etrabynyň obalarynda elektrik energiýasy günüň dowamynda üç-dört gezek kesilýär we her gezeginde azyndan 1,5-2 sagatlap tok berilmeýär.

"Öňler güýçli ýel turanda ýa-da ýagyn ýaganda tok öçürilen bolsa, indi şemalsyz, ýagynsyz adaty günlerde hem elektrik togy yzygiderli kesilýär. Elektrik edarasyna jaň edenimizde, olar "Bir ýeri döwüldi, häzir bejerýäris" diýdiler, soňky günlerde bolsa, olar telefona düýbünden jogap bermeýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 7-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol öňler toguň köplenç gündizlerine kesilendigini, soňky döwürde bolsa, agşamara adamlar işden öýe gelende öçürilýändigini aýtdy.

"Nahar başynda, bir saçaga jemlenýäň welin tok öçýär" diýip, ýaşaýjy belledi.

Etrabyň Peşanaly obasynyň ýaşaýjylary bolsa, diňe elektrik energiýasynyň kadasyz üpjünçiliginden däl, eýsem tebigy gazyň hem yzygiderli berilmezliginden ýa-da hojalyklara goýberilýän güýjüniň pesliginden şikaýat edýärler.

"Şu ýyl tok we gaz geçen ýyllara seredeniňde has köp kesilýär. Gaz akdyrylan mahaly, gaty haýal ýanýar. Sebäbi şu günler howanyň sowamagy bilen, ähli hojalyklar gaz ýa-da elektrik peçlerini ulanýar. Çetki täze melleklerde umuman gaz ýanmaýar. Olarda gaz diňe tomus paslynda bolýar" diýip, peşanaly oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Oba ýaşaýjylarynyň habarçymyza aýtmagyna görä, gazyň we toguň güýjüniň pes bolmagynyň iki sebäbi bar. Birinjiden, gazyň we toguň döwlet tarapyndan hojalyklara goýberilýän mukdary çäkli. Ikinjiden, käbir oba ýaşaýjylary öz hojalyklarynda gazy we togy köpeltmek üçin ýörite enjamlary ýerleşdirýärler. Bu bolsa beýleki hojalyklara goýberilýän toguň we gazyň mukdarynyň has-da azalmagyna getirýär.

"Biz bu meseläni çözüp bermegi haýyş edip, ýerli gaz we tok edaralaryna ençeme gezek arza bilen ýüz tutduk. Biziň arzalarymyza 60-70 töweregi hojalyk goý goýdy. Bize şondan soňra "täze transformator" oturdyp berdiler. Ýöne aradan bir salym wagt geçensoň onuň öňki, köne transformatordygyny, diňe daşky korpusynyň çalşylandygyny bilip galdyk" diýip, oba ýaşaýjysy aýtdy.

Ol şondan soňra özleriniň häkimlige arza bilen ýüzlenendiklerini, ýöne häzire çenli oňaýly netije alyp bilmeýändiklerini hem sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Mary etrabynyň elektrik we gaz edaralary bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat we kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 7-nji ýanwarda öýlän sagat 1-5 aralygynda eden synanyşyklary netije bermedi.

Öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän we daşary döwletlere elektrik energiýasyny eksport edýän Türkmenistanda ilatyň tok we gaz üpjünçiligi her ýylyň tomus we gyş pasyllarynda has-da ýaramazlaşýar. Bu pasyllarda ýurt raýatlary sowukdan we yssydan goranmak üçin elektrik peçlerine we split ulgamlaryna bil baglaýarlar.

Elektrik we gaz üpjünçiligindäki bökdençlikler köp obanyň ýaşaýjylaryny nahar bişirmek ýaly gündelik zerurlyklardan başga-da, ýylynmak meselesinde-de indi ençeme ýyl bäri odundan ýa-da salýarkadan peýdalanmaga mejbur edýär.

Häkimiýetler bu aýdylanlary aç-açan boýun alman, elektrik energiýasynyň we gazyň daşary ýurtlara eksportyny artdyrmak barada wagtal-wagtal çykyş edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG