Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda jaýlardaky split-sistemalary ýene sökülýär


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň häkimiýetleri köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryndan diwarlardaky split-sistemalary söküp, olaryň ýerleşýän ýerini ýene üýtgetmegi talap edýärler. Bu waka, şäheriň köp gatly jaýlaryndaky ýyladyş ulgamy bilen bagly bökdençlikler saklanýarka, ilatyň gyş paslynda ýylynmak üçin split-sistemalaryna we elektrik peçlere bil baglaýan mahalyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň paýtagtdan berýän maglumatlaryna görä, şu günler şäher häkimliginiň işgärleri Parahat-2 etrapçasyna aýlanyp, köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryndan split-sistemalaryny söküp, diwaryň başga bir bölegine oturtmagy talap edýärler.

"Etrapçanyň içinde ýerleşýän jaýlaryň split-sistemalaryny sökýärler. Bu split-sistemalary ýol tarapdan görünmeýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy 17-nji noýabrda habarçymyza beren maglumatynda aýtdy.

Häkimligiň işgärleri bu täze talabyň sebäplerini "jaýlaryň daşky görnüşini owadanlaşdyrmak" maksady bilen, split-sistemalaryň diwarlardaky kabellerini we simlerini gizlemek üçin edilýän çäre diýip düşündirýärler.

Ýöne habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar häkimiýetleriň talaby esasynda, bu split-sistemalary mundan birnäçe ýyl ozal hem söküp, ýol tarapdan görünmez ýaly edip oturdandyklaryny aýdýarlar we bu babatda edilýän soňky talaby "ilatdan pul talamagyň nobatdaky tapgyry" diýip häsiýetlendirýärler.

"Häkimligiň işgärleri split-sistemalarynyň sökülip, diwaryň beýleki bir bölegine geçirilmegi üçin ýaşaýjylary 300 manat tölemäge mejbur edýärler. Ilatyň puluny talaýarlar, ýöne lagym turbalary we jaýlardaky ýyladyş ulgamy bilen bagly problemalary çözmeýärler" diýip, ýaşaýjy belledi.

Azatlyk köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky split-sistemalarynyň ýene sökülip, diwaryň başga bölegine geçirilmegi bilen bagly Aşgabat şäher häkimliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Aşgabatda split-sitemalarynyň we jaýlaryň daşynda ýaşaýjylar tarapyndan oturdylýan beýleki gurallaryň häkimiýetler tarapyndan köpçülikleýin sökülip, ýok edilmegi 2017-nji ýylda güýçlenipdi. Şonda häkimligiň we jemagat hojalygyna degişli edaralaryň işgärleri munuň "ýokardan berlen tabşyrykdygyny" aýdyp, şeýle gurallaryň "paýtagtyň keşbini zaýalaýandygyny" mälim edipdiler.

Türkmen paýtagtyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň köpüsinde batareýalaryň ýokdugy, şeýle-de merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikler sebäpli ýaşaýjylaryň köpüsi ýyladyş üçin split-sistemalaryndan ýa-da elektrik peçlerden peýdalanýarlar.

Bellesek, split-sistemalarynyň sökülmegi bilen bagly soňky waka Aşgabatda howanyň temperaturasy gijelerine -2, gündizlerine 8 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamy bilen bagly problemalaryň saklanyp galýan mahalyna gabat gelýär.

Şu aýyň başynda “Aşgabatýylylyk” trestiniň hünärmenleri şäheriň ýyladyş ulgamyndaky tehniki ýagdaýlary "weýrançylykly" häsiýetlendirip, bu ýyl gyşyň sowuk boljakdygyny duýdurdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG