Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenabatda täze ýyl arçalary söküldi, çagalar Baş arçanyň daşyndan aýlanyp bilmedi


Arhiw suraty
Arhiw suraty

8-nji ýanwarda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze ýyl arçalarynyň ählisi sökülip başlandy. Şu ýyl welaýatyň Baş arçasynyň golaýyna ne 31-nji dekabrda, täze ýyla gadam basylan gije, ne-de ondan öň ýa soň hiç bir adam, şol sanda çaga goýberilmedi. Bu ýagdaýlaryň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, 12-nji ýanwara çenli şäheriň ähli ýerindäki täze ýyl arçalary, şol sanda “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde gurnalan welaýatyň baş arçasy doly sökülip aýryldy.

Geçen ýyllaryň tejribelerinden tapawutlylykda, şu ýyl Baş arçanyň daşyna hiç bir adam ýa çaga goýberilmedi. Habarçymyz ýanwar aýynyň ilkinji hepdesinde, ýagny orta mekdeplerde Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç alyş günleri dowam edýän wagtynda, baş arçany görmegi arzuw edip, ýüzlerçe çaganyň etraplardan Türkmenabada gelendigini aýtdy.

"Şu ýyl köp çaganyň Baş arçanyň daşyndan aýlanmak arzuwy puja çykdy. Bu ýyl Baş arçany 31-njy dekabrda Aşgabat şäheri bilen göni ýaýlymda baglaşmak üçin dikipdirler. Sebäbi bizi onuň diňe 100 metr çemesi golaýyna goýberdiler. Ondan aňyry geçirmediler" diýip, üç çagasy bilen bu ýere gezelenç etmäge baran lebaply ene 7-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, arçanyň töwereginde ýerleşdirilen howpsuzlyk işgärleri munuň sebäplerini Baş arçanyň aşagyna ýazylan ak reňkdäki plastik örtügiň hapalanmagy bilen düşündirdiler.

"Arçanyň golaýyna barsaňyz, onuň aşagyna ýazylan ak klýonka hapalanýar, aýakgabyňyzy yzy galýar" diýip, habarçy bir howpsuzlyk işgäriniň 7-nji ýanwarda aýdan sözüni sitirledi.

Ýatlatsak, Türkmenabatda 2008-nji ýyldan bäri Ruhyýet köşgüniň öňünde oturdylýan täze ýyl arçasy geçen ýyl “Türkmeniň ak öýüniň” öňünde guruldy. Baş arçany dikmek we ony bezemek işlerine noýabryň ahyrynda girişilipdi.

Dekabryň başynda sebitdäki habarçylarymyz arçany bezejek ýalpyldawuk bezegleriň we oýunjaklaryň ýerli telekeçileriň we býujet işgärleriniň hasabyna satyn alynýandygyny habar berdiler.

“Her edara, kärhana täze ýyl bezegleri üçin azyndan 50 manatdan pul ýygnamak buýruldy, ol pullary nagt görnüşinde tabşyrmaly” diýip, lebaply býujet işgäri gürrüň beripdi.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ene-atalar özleriniň ilatyň maliýe serişdesiniň hasabyna dikilen we bezelen Baş arçanyň golaýyna goýberilmezligine ýene bir gezek ünsi çekdi.

"Biz çagalarymyzyň rysgyndan kesip pul goşduk. Häkimiýetler bolsa, çagalary begendirmegiň deregine ak plýonkanyň aladasyny etdi" diýip, lebaply ene sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG