Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak öýdäki "Täze ýyl" tomaşasy. Maryda telewideniýe üçin baýramçylyk dabarasy surata düşürilýär


Aşgabat
Aşgabat

Türkmenistanyň welaýat merkezlerinde Täze ýyl agşamynda döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin täze ýyl baýramçylyk tomaşalary wideo düşürilýär. Azatlygyň Marydaky habarçysy sebitiň esasy konsert zalynda “Ak öýde” geçirilýän wideo düşürilişleri barada habar berdi.

Täze ýyl baýramçylygynyň surata düşürilişi Maryda birnäçe gün biri dowam edýär. Esasy çäreler "Ak öýde" geçirilýär. Gatnaşýanlar talyplar, medeni işgärler we býujet işgärleri. Çäreler öňünden planlaşdyrylan görnüşde we tertipte geçirilýär.

"Adamlar kamera emeli ýylgyrmaly we aýdylan wagty el çarpmaly. Çäreler sahnalaşdyrylýar. Buýruga görä, toý lybaslaryna geýnen adamlar öz ýurdunyň abadançylygyny we gülläp ösýändigini görkezmelidir" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, gatnaşyjylaryň daş keşbine aýratyn üns berilýär: "Gatnaşýanlar ýaş we gelşikli görnüşde bolmaly. Baýramçylyk eşikleri ýurduň abadançylygyny subut etmeli. Ýaş gelinler pombarh köýnekli, erkekler toý eşikli bolmaly".

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, wideo düşürmek çäresi 24-nji dekabrda başlanypdyr, emma onuň ýene näçe gün dowam etjegi belli däl. Telewideniýe üçin wideo ýazgylar gündizine-de, agşamlaryna-da bolýar, gatnaşyjylar toparlara bölünýär.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Mary şäheriniň administrasiýasyndan, konsert zalynyň işgärlerinden we döwlet telewideniýesiniň wekillerinden resmi taýdan teswir alyp bilmedi.

Soňky günlerde Maryda telewideniýe üçin surata düşüriş işleri ýerli bazarlarda hem geçirildi. Ýerli ilat çörek we un satyn almak üçin gijelerine nobata durmaga mejbur bolýan wagtynda, Türkmenistanyň prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň welaýata sapary barada habar beren döwlet telewideniýesi bol azykly we arzan bahaly bazar tekjelerini, şeýle hem hökümetiň syýasatyny öwýän we minnetdarlyk bildirýän söwdagärleri we alyjylary görkezdi.

Maryda telewideniýe üçin wideo ýazgylar noýabrda hem giňden geçirildi. Şonda hasyl baýramy üçin wideo düşüriş 7-nji, 8-nji we 9-njy noýabrda geçirildi, wideolar hem köçede, hem-de “Ak öýüň” içinde ýazgy edildi. Oňa gatnaşan medeniýet işgärleri, býujet işgärleri, okuwçylar we çagalar çärelere gatnaşmak üçin çykdajylary öz hasabyna etmeli boldular.

Äpet "Ak öýler" Türkmenistanyň tas ähli sebitlerinde guruldy. Birnäçe müň adam üçin niýetlenen binalar döwletiň hasabyna gurulýar we olarda konsertler we resmi dabaralar geçirilýär.

Döwlet habar beriş serişdeleri tarapyndan "ýurduň abadançylygynyň we türkmenleriň myhmansöýerliginiň nyşany" diýlip, atlandyrylýan bu binalar ýurduň we prezidentiň dürli üstünliklerini mahabatlandyrmak üçin ulanylýar.

2015-nji ýylda, Maryda Ak öý açylanda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýyldan soň "Aşgabat 2017" oýunlarynyň gimnine öwrülen öz aýdymyny birini gezek ýerine ýetiripdi. Şonda dört müňden gowrak adamy birleşdiren bu çäre, gatnaşyjylaryň sany boýunça dünýä rekordy hökmünde hasaba alynyp, Ginnes rekordlar kitabyna giripdi.

Türkmenistanda ýaşaýjylaryň mejbury gatnaşdyrylmagynda gurnalýan köpçülikleýin çäreler adaty bir zada öwrüldi.

Habarçylar köp ýyllaryň dowamynda döwlet telewideniýesiniň Garaşsyzlyk güni, Bitaraplyk güni, Täze ýyl, Ýeňiş güni, Gurban baýramy, şeýle hem hasyl baýramçylygy, nahal oturtmak, at çapyşyk ýaly dürli wakalary we dabaralary döwlet telewideniýesinde görkezmek üçin öňünden wideo alynýandygyny habar berýärler. Gatnaşýanlar telewideniýe üçin wideo düşürilýär we ýurtdaky “bagtly we durnukly” durmuşyň subutnamasy hökmünde görkezilýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG