Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat ýene Internetsiz galdy, bu gezek alty sagatlap


Türkmenistanda Internet diňe bir berk häkimiýet gözegçiligi astynda galmaýar, eýsem, ol dünýäde iň haýal hem-de iň gymmat Internet bolup durýar.
Türkmenistanda Internet diňe bir berk häkimiýet gözegçiligi astynda galmaýar, eýsem, ol dünýäde iň haýal hem-de iň gymmat Internet bolup durýar.

Anna güni tutuş Aşgabat boýunça öýlere çekilen Internet birnäçe sagatlap öçürildi. Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, Internetiň 24-nji dekabrda uçdantutma öçürilmegi günortan sagat 12 töwereklerinde başlady we alty sagatdan gowrak dowam etdi. Soňky wagtlarda Türkmenistanda Internetiň öçürilmegi yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda Internet döwlet gözegçiligindedir we ol dünýäde iň haýal Internet bolup durýar.

Öýlere çekilen Internetiň tutuş şäher boýunça uçdantutma öçürilmegi barada Azatlygyň aşgabatly habarçysy maglumat berdi. Şol bir wagtda, mobil Internet aragatnaşygy işleýän hem bolsa, onuň tizligi birden aşaklady.

“Öýlere çekilen Internet tutuş şäher boýunça ýerli wagt bilen sagat 12 töwereklerinde öçürildi. Aragatnaşyk 18:30 töwereklerinde gaýtadan ýola goýuldy, tutuş şäher alty sagatdan gowrak wagtyň dowamynda Internetsiz galdy” diýip, Azatlygyň habarçysy habar berdi.

Azatlyk Radiosyna türkmen paýtagtynyň ýeke-täk Internet üpjünçisi bolan Aşgabat şäher telefon ulgamynyň tehniki goldaw gullugy bilen habarlaşmak başartdy. Tehniki goldaw gullugy tutuş şäherde aragatnaşygyň uçdantutma öçürilendigini tassyklady, ýöne munuň sebäbini düşündirmekden ýüz öwürdi.

Türkmenistanyň resmi habar serişdeleri öýe çekilen Internet aragatnaşygynyň öçüriljekdigi barada öňünden habar bermedi. Aşgabat şäher telefon ulgamynyň hem-de Türkmenistanda tutuş Internete gözegçilik edýän “Türkmentelekomyň” web-saýtlarynda degişli bildirişler çap edilmedi.

Aşgabat soňky birnäçe hepdäniň dowamynda ilkinji gezek Internetsiz galmaýar. Sebitlerde hem maksatlaýyn aragatnaşyk çäklendirmeleri, şol sanda Internetiň haýalladylmagy dowam edýär.

22-nji noýabrda hem Aşgabatda Internet birnäçe sagatlap öçürildi, munuň yz ýany ulanyjylar VPN serwerleri bilen bagly problemalary başdan geçirdi.

Has ozal, biziň “Türkmentelekomdaky” çeşmämiz erkin Internet elýeterliligini çäklendirmek boýunça görülýän tehniki çäreler, şol sanda Internet tizliginiň haýalladylmagy we VPN hyzmatlarynyň petiklenilmegi barada habar berdi.

Türkmenistanda garaşsyz habar gulluklarynyň web-saýtlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň saýty we iri sosial torlar hemişelik petik astynda galýar. Halkara guramalar Türkmenistany garaşsyz maglumat çeşmelerine basyş etmekde we Internet azatlygyny çäklendirmekde tankytlaýarlar.

Türkmenistanda Internet diňe bir berk häkimiýet gözegçiligi astynda galmaýar, eýsem, ol dünýäde iň haýal hem-de iň gymmat Internet bolup durýar.

Şu aýyň başlarynda Cable.co.uk britan neşiriniň hünärmenleri 2020-nji ýylyň 30-njy iýunyndan 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli, 12 aýyň dowamynda geçirilen deňeşdirme seljermelerine salgylanyp, Türkmenistandaky Internet tizliginiň Ekwatorial Gwineýa, Gwineýa-Bissau we Efiopiýa ýaly afrika ýurtlaryndaky Internet tizliginden iki esse haýaldygyny anykladylar.

Telearagatnaşyk hyzmatlarynyň üpjünçilerini deňeşdirmekde ýöritleşen Cable.co.uk hünärmenleri dünýäniň 224 ýurdunda we çäginde 1.1 milliarddan gowrak tizlik synaglaryny geçirdiler. Synag netijelerine laýyklykda, barlag döwründe Türkmenistandaky Internet tizligi sekuntda ortaça 0.5 megabaýta deň boldy. Bu görkeziji dünýä ýurtlarynyň arasynda düýbünden iň pes rekord görkeziji bolup durýar. Aragatnaşygyň pes hiline garamazdan, neşiriň maglumatlaryna görä, 1 gigabaýtlyk onlaýn maglumatyň bahasy Türkmenistanda ortaça 24 dollara barabardyr.

Azatlyk Türkmenistanyň häkimiýetleriniň Internet elýeterliligini çäklendirmek üçin daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalary bilen gizlin hyzmatdaşlyk edişleri, hatda olaryň VPN ulanmazlyk babatda raýatlary Gurhandan ant içmäge mejbur edişleri barada habar berdi.

Galyberse-de, ýurt häkimiýetleri VPN hyzmatlaryndan peýdalanylmagyny kynlaşdyrmak üçin Internetiň tizligni bilkastlaýyn haýalladýarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 42-nji maddasy raýatlaryň pikir azatlygyny we olaryň erkin beýan edilmegini, şeýle-de döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary özünde saklaýan maglumatlardan başga maglumatlary almagyny kepillendirýär.

Ýöne halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanyň hökümetini ynsan hukuklaryny gödek bozmakda we özge pikirli adamlary yzarlamakda aýyplaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG