Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Arzan’ paýogyň nyrhy bazaryňky bilen deňleşdi, bilermenler howatyrlanýar


Ykdysatçy bilermen Fatulloýew indi Türkmenistanyň bu ýagdaýlardan çykalgany diňe BMG-niň Azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyny çagyryp tapyp biljekdigini aýdýar.
Ykdysatçy bilermen Fatulloýew indi Türkmenistanyň bu ýagdaýlardan çykalgany diňe BMG-niň Azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyny çagyryp tapyp biljekdigini aýdýar.

Türkmenistanda ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady çökgünlik sebäpli gurpdan düşen ilat hökümet tarapyndan degişlilikde arzan bahadan hödürlenýän azyklaryň bahalarynyň günsaýyn ýokarlanýandygyny, netijede köp hojalyklaryň eýýäm ony satyn almaga hem gurbunyň çatmaýandygyny aýdýar.

“Hökümetiň ‘arzan’ diýip hödürleýän paýogynyň bahasy hem bazaryňky bilen deňleşdi. Lebapda döwlet dükanlarynyň satyjylary öýme-öý aýlanyp, paýogy paýlaýarlar. Bahasy bilen gyzyklanamyzda, onuň 100 manada dagy golaýlaýandygyny bilip galýarys” diýip, atlandyrylmasyzlyk şerti bilen Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan 50 ýaşlaryndaky türkmenabatly aýtdy.

Ol özi ýaly başga-da tanyş hojalyklarynyň köpüsiniň, bahalaryň güýç ýeterden has ýokarydygy sebäpli, hökümetiň paýogyndan ýüz öwürip başlandyklaryny belläp, döwlet tarapyndan berilýän azyk harytlarynyň soňky bahalaryny hem mälim etdi.

“Indi towuk budy 20 manada, 1 litr ýag 38 manada we şeker 16 manada durýar. Käbir halatlarda arasynda pagta ýagy hem duş gelýär. Geçen aý onuň 1,5 litri 10 manat bolan bolsa, ol häzir 20 manatdan satylýar. Bu pula şol harytlary, üstesine-de hili has gowularyny, bazardan hem satyn alyp bilýäris. Munuň üçin ilatda pul goýdularmy?!” diýip, şäheriň mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän söhbetdeşimiz sözüni jemledi.

Türkmen häkimiýetleriniň geçen ýylyň aýagynda, baýramçylyklara gabatlap, azyklaryň bahalaryny emeli ýagdaýda peseltmek synanyşyklaryndan soň, ýanwarda harytlaryň, şol sanda subsidirlenen önümleriň hem nyrhlary göz-görtele ýokarlanyp başlady. Mundan başga-da, ýurduň köp sebitleriniň döwlet dükanlarynda iýmit önümleri söwda tekjelerinden dolulygyna ýitirim boldy.

Bu şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ilatyň nägilelikli protestleri geçirmegine hem sebäp boldy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi, munuň bilen bir wagtda döwlet dükanlarynda ýitileşýän azyk ýeter-ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow seýrek çykyşlarynda bu meselä gytaklaýyn hem bolsa degip geçip, ýurtdaky dörän ýagdaýlary koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşdyrmaga synanyşýar.

Emma Türkmenistany yzarlaýan ykdysady bilermenler ýurtdaky azyk krizisiniň türkmen hökümetiniň alyp barýan, şol sanda ykdysady syýasaty bilen hem gönümel ilteşiklidigini belleýärler. Täjigistanly ykdysady bilermen Fatulloýew Fozilçon Türkmenistanyň ykdysady nukdaýnazardan iňňän gödek ýalňyşlygy goýberendigini aýtdy.

“Ekonometrika we makro-ykdysady görkezijileri nukdaýnazaryndan, Türkmenistan ‘ykdysady parafreniýa’ atlandyrylýan iň gödek ýalňyşlygy goýberdi. Ýagny, Türkmenistan özüniň azyk howpsuzlygy babatynda hakykaty görkezmeýän, ýalan görkezijileri hödürledi. Ol şeýdip öz-özüni rahatlandyrmak isledi. Netijede, häzirki ýagdaý emele geldi: Türkmenistan raýatlaryny paýoklar bilen subsidirlemäge mejbur boldy. Indi, gynansak-da, biziň doganlyk türkmen halkymyz mundan ejir çekmeli bolýar” diýip, Fatulloýew 24-nji ýanwarda Azatlyga beren interwýusynda belledi.

Şol bir wagtda, ykdysatçy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow hem mejbury çäreler bilen ykdysadyýete täsir ýetirmek synanyşyklarynyň ýalňyşdygyny, munuň geljekde has ýaramaz netijeleri hem döredip biljekdigini duýdurdy.

“Harytlaryň bahalary, milli pul birliginiň dolanyşygy hem erkin bolmaly. Eger-de erkinlik bolmasa, onda bahalar hasam öser. Munuň hem sebäbi, ýurtda halkara kadalaryna laýyklykda syýasat ýok” diýip, Orazow belledi.

Ykdysatçy bilermen Fatulloýew indi Türkmenistanyň bu ýagdaýlardan çykalgany diňe BMG-niň Azyk howpsuzlygy boýunça maslahatyny çagyryp tapyp biljekdigini nygtady.

Azatlygyň ýurtda emele gelen azyk krizisi boýunça 24-nji ýanwarda ýerli wagt bilen ikindine çenli Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary jogap tapmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG