Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Subsidirlenen önümleriň gymmatlaýan we ýatyrylýan wagtynda nägile bolýan adamlara basyş edilýär 


Aşgabadyň bazary
Aşgabadyň bazary

Subsidirlenen önümleriň satylyşy bölekleýin ýatyrylyp, azyk önümleriniň käbiriniň kesgitli bahasynyň ýokarlanýan wagtynda azyk ýetmezçiliginden nägileligini bildirýän ilata basyş edilýär. Aşgabadyň etrapçalarynyň biriniň ýaşaýjylary Söwda ministrligine köpçülikleýin ýüzlenendigi üçin polisiýa çagyryldy we olardan düşündiriş soraldy.

Täze ýyl dynç günleriniň yzýany iki polisiýa leýtenanty paýtagtyň etraplaryndan birinde ýaşaýyş jaýlara aýlanyp,“şikaýatçylary” anyklady we olary polisiýa bölümine çagyrdy. Polisiýa jaýynda iýmit paýlaryna degişli kanagatsyzlyk bildiren adamlardan ýazmaça düşündiriş bermek talap edilip, olara garşy jenaýat işiniň açyljakdygyny duýdurdy. Polisiýa çagyrylan adamlaryň köpüsi şikaýata goýan gollarynda ýüz öwürmäge mejbur boldy.

Bu waka barada 10-njy ýanwarda habar beren Azatlygyň habarçylary mundan birnäçe gün ozal häkimiýetlere ýazylan şikaýata gol çeken adamlaryň pasportlarynyň göçürmeleriniň talap edilendigini bellediler.

Ýaşaýjylar azyk üpjünçiliginden nägilelik bildirip, ýazan hatyny Söwda ministrligine bir aýa golaý wagt mundan öň ugradypdyr.

"Hat ýazan ýaşaýjylar, esasan, pensiýa çykanlar. Olar "Älemgoşar" dükanynyň satyjylarynyň paýoklaryň düzüminde birnäçe gezek ýag bermändigi, önümleriň agramyny azaldyp, puluny köp hasaplandygy, azyk paýlaryny köpler işde bolan wagtynda getirýändigi we dükanyň özünde ýolbaşçylaryň bolmadyk wagtynda bank kartlary bilen tölegleri kabul etmeýändigi barada Söwda ministrligine ýüz tutdular"- diýip ýagdaýdan ygtybarly çeşme aýdýar.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, ýaşaýjylaryň şikaýatynda agzalan problemalar diňe bir dükan bilen çäklenmeýär, ýurtdaky ykdysady problemalaryň çuňlaşýan wagtynda şuňa meňzeş ýagdaý Aşgabatdaky dükanlaryň hemmesinde diýen ýaly ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosy agzalan dükan we Türkmenistanyň Söwda ministrligi bilen habarlaşmaga synanyşdy. Teswir almak synanyşygy başa barmady.

Habarçylaryň sözlerine görä, azyk önümleriniň subsidirlenen bahalardan ilata satylmagyndaky kemçilikleri çözmek haýyşy bilen häkimiýete ýüz tutanlar esasan ilatyň iň ejiz bölegini düzýän pensionerlerdir.

Ýylyň başynda ýurduň hökümeti ýurtda pensiýalaryň 10 göterim ýokarlanjakdygyny yglan etdi. Resmi maglumatlara görä, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda iň pes pensiýa 410 manat bolmaly. Bu pul daşary ýurt walýutasynda hasaplananda Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 117 dollara, gara bazar nyrhy boýunça 18 çemesi dollara barabar.

Bu aralykda, ýurtda resmi taýdan yglan edilen iň pes pensiýa derejesinden esli az pul alýan pensionerler bar. Azatlygyň habarçysy 27 ýyllyk iş tejribesi bolan, pensiýasy 300 manatdan ybarat pensioner zenan hakda habar berýär.

- Ol sosial üpjünçiligi bölümine baryp nägilelik bildirende oňa " ýokardan pes pensiýa bellemek barada buýruk bar" diýdiler - diýip, habarçymyz aýdýar.

Şu wagt ýurduň ilaty paýoklaryň ýatyryljakdygyna alada bildirýärler.

Ilatyň aglaba köplügi hökümet tarapyndan kesgitlenen azyk paýyna garaşly bolýar. Subsidirlenen iýmit önümleriniň göwrümi we bahasy geçen ýylyň dowamynda ep-esli üýtgedi. Aşgabatda şu ýylyň başyndan öýlere eltilen azyk paýlarynda diňe towuk budy we ýumurtga arzan bahadan galypdyr. Käbir etraplaryň ýaşaýjylaryna fewral aýyndan paýoklaryň doly ýatyrylmagy barada duýduryş berlipdir.

- Täze ýyl baýramçylygynda şekeriň we günebakar ýagynyň bahasy tas iki esse ýokarlandy. Soňky günlerde birnäçe etrapda azyk paýlarynyň gowşurylyşy gaýtadan başlandy. Bir ýerde 45 manada ýumurtga we towuk budlary getirildi - diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 11-nji ýanwarda habar berdi we şäheriň beýleki ýerlerinde ýagyň hem şekeriň täze bahadan getirlendigini, emma köpleriň olary satyn almakdan ýüz öwürendigini habar berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, köp halatlarda ýaşaýjylara diňe towuk budlaryny we ýumurtgany satyn almaga rugsat berlipdir, beýleki ýagdaýlarda bu önümleri gymmat bahaly ýagy we şekeri satyn almazdan, almaga rugsat berilmändir. Köp ýerlerde adamlar pul ýetmezçiligi sebäpli azyk paýyny asla satyn alyp bilmändir.

Aşgabatda azyk paýlary öýlere eltilip satylýar, welaýatlarda bolsa, adamlaryň ýaşaýan ýerlerindäki döwlet dükanlarynda satylýar. Gyt önümleriň - unuň, ýagyň, şekeriň we ýumurtganyň satylan wagtynda uzyn nobatlar emele gelýär. Uzakdaky etraplarda bu önümler birnäçe aýlap düýpden satylmaýar.

Bu aralykda Aşgabatda çörek nobatlary köpelýär. Ýurtda azyk önümleriniň täjirçilik bahalarynyň ösüşi dowam edýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG