Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Un nirede? Garagumyň ýaşaýjylary un talap etdiler, dükanda un tapylmandyr


Türkmenabatda döwlet dükanynyň öňündäki un nobaty. 2018-nji ýyl. (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda unuň we çöregiň ýetmezçiligi ilaty herekete geçmäge we nägileligini bildirmäge mejbur edýär. 19-njy ýanwarda Mary welaýatynyň etrap ýaşaýjylary ýapyk dükanyň daşyna ýygnanyp, un paýyny talap etdiler.

Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýerleşýän "Ak Altyn" daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary 23-nji dükanyň öňüne ýygnandylar we un paýynyň satylmagyny talap etdiler. Bu barada Azatlygyň Marydaky habarçylary habar berdi.

Sebitiň ýaşaýjylarynyň aýlyk azyk paýlaryny ýaşaýan ýerlerindäki dükanlardan satyn almagy göz öňünde tutulýar. Aýlyk un paýy adam başyna 5 kilogram undan ybarat bolup, subsidirlenen, ýagny bazar bahasyndan arzan satylýar.

"Irden 8-de ýaşaýjylar dükana ýygnanyp başladylar. Ilki 12 töweregi adam, esasanam aýallar bardy. Irden dokuza çenli 70-den gowrak adam üýşdi. Tizara obanyň ýaşaýjylarynyň hemmesi diýen ýaly olara goşuldy. Köpler un satylýandyr öýtdüler. Kimdir eli haltaly, kimdir galtakly geldi"-diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Habarçy 9: 20-de gelen dükançynyň bu üýşmeleňden geň galandygyny habar berdi. Ýygnananlar un talap edip, satyjyny dükana salmajak bolupdyr, ýöne satyjy unuň ýokdugyna aýdyp, adamlara dükana girip görmegi teklip edipdir. Satyjynyň ýygnan adamlara aýtmagyna görä, dekabr aýynyň ortalarynda, premýer-ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň welaýata sapar etmeginden ozal ilata un paýlaryny satmak buýrugy bilen birlikde sebit dükanlaryna un getirilipdir, şondan bäri bolmandyr.

Ýatlatsak, şonda sebit häkimiýetleri, Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedowyň saparyna taýynlyk görüp, azyk önümleriniň bahasyny gysga wagtlyk arzanladypdy.

Bu aralykda, Azatlygyň Marydaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, öňki aýlarda un satuwy köplenç yzygiderli gijikdirilipdi we sebit dükanlaryna satylýan un gaty pes hilli, çal reňkli, köplenç ýakymsyz ysly, çüýrük we gurçukly bolýardy.

Döwlet dükanlaryna subsidirlenen bahalarda berilýän un, Türkmenistanda öndürilýär. Hususy dükanlarynda unuň bahasy has ýokary bolup, esasan Gazagystandan ýa-da Russiýadan getirilýän un satylýar.

Geçmişde Azatlyk ilat arasynda öz-özünden dörän nägilelikli çykyşlar, ýaşaýjylaryň sebit we etrap häkimliklerine köpçülikleýin ýüzlenmeleri barada habar beripdi. Nägilelik hereketleri häkimiýetleriň ýagdaýy düzetmek wadalary ýa-da az mukdarda un we çörek paýlamak ýaly hereketleri bilen tamamlanypdy.

Marydaky habarçylar ekerançylyk bilen meşgullanýan oba ilatynyň arasynda bolup geçýän zatlara nägileligiň artýandygyny habar berýärler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda çörek satyn almak üçin nobatlar köpelýär.

Хлеб, купленный по субсидированной цене 0,6 мандат в государственном магазине Ашхабад, 10 января.
Хлеб, купленный по субсидированной цене 0,6 мандат в государственном магазине Ашхабад, 10 января.

Aşgabatda çörek nobatlary satuw başlamazyndan birnäçe sagat öň gijäniň garaňkysynda başlaýar. Şäheriň hemme ýerinde, çörek satyn almak mümkinçiligine garaşyp, ýapyk dükanlaryň daşynda garaňkyda duran adamlary görmek bolýar. Adam başynda üç buhankadan satylsa-da az wagtyň içinde gutarýan çörek hemmä ýetmeýär.

Çöregiň hili düýpgöter ýaramazlaşdy. Azatlygyň habarçylary paýtagtyň dükanlaryndan satyn alnan çöregi birnäçe sagadyň içinde iýmeseň, onuň gatap, içiniň garalýandygy aýdýarlar.

Türkmenistanyň ilatynyň subsidirlenen bahalardan önümlere zerurlygy soňky ýyllarda has artdy. Koronawirus pandemiýasynyň dowamynda ykdysadyýetiň hasam çökmegi we Türkmenistanyň hökümetiniň halkyň zerurlyklaryny äsgermezligi ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine we garyplygyň artmagyna getirdi. Gitdigiçe köp adamyň girdeji çeşmelerinden mahrum bolýan döwründe häkimiýetler döwletiň ilata berýän sosial ýeňilliklerini we goldawyny ýatyrýar. Häkimiýetler meseläni çözmegiň ýerine nägile bolýanlara basyşy güýçlendirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG