Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sebitlerde Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine taýýarlyk görülýär


Prezident mejlisi geçirmek bilen bagly guramaçylyk işlerini esasan mirasdüşer hökmünde garalýan ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa tabşyrdy.
Prezident mejlisi geçirmek bilen bagly guramaçylyk işlerini esasan mirasdüşer hökmünde garalýan ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa tabşyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty 11-nji fewralda nobatdan daşary mejlisini geçirmek kararyna gelenden soň, ýurduň welaýatlarynyň dolandyryş merkezlerinde, degişlilikde pes depgindedigi aýdylýan, taýýarlyk işleri görlüp başlandy.

“Lebap welaýatynda häkimiýetler mejlis barada ilat bilen asla-da düşündiriş işlerini geçirmeýärler, ol barada, umuman, gürrüň hem etmeýärler. Görnüşinden olaryň özleri hem ol ýerde ediljek geplerden, kabul ediljek kararlardan bihabar. Maslahaty Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda onlaýn ýagdaýda geçirmek göz öňünde tutulýar. Häzir Türkmenabatdaky ‘Ak öýde’ tehniki taýýarlyk işleri alnyp barylýar” diýip, bu ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýan türkmenabatly ýerli synçylaryň biri 25-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi. Türkmenabadyň bilim edaralarynyň birinde uly hünärmen bolup işleýän 50 ýaşlarynyň ortasyndaky synçy howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň üýtgedlip, Jahan diýlip tutulmagyny sorady.

Türkmenistanyň prezidenti we şol bir wagtda-da Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň başlygy, ýagny, iki palataly diýilýän parlamentiň hem ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek teklibini 7-nji ýanwarda orta atdy.

Onuň gol çeken kararynda tassyklamagyna görä bu çäre ýurdy “geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny”, ...döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleleri jemgyýetçiligiň wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak üçin” geçirilýär.

Jahan bu kararyň, Gazagystanda bolan halk protestleriniň arasynda kabul edilendigine hem ünsi çekip, munuň köpler üçin ‘garaşylmadyk ýagdaý’ bolandygyny, şeýle-de ýurtda bolmagy mümkin täzelikler barada dürli çaklamalaryň öňe sürülmegine getirendigini aýtdy.

“Elbetde, öňünden duýdurmazdan, gyssagarada mejlisiň yglan edilmeginiň aňyrsynda uly sebäpleriň durandygy aýdyň. Ýurduň syýasy gurluşynda hem düýpli üýtgeşmeleriň geçirilmegi ähtimal. Munuň prezidentiň häkimiýeti bikanun ýol bilen atadan-ogla geçirmek niýetinden ugur alýan bolmagy hem mümkin. Olar geljek 30 ýyl barada däl-de, eýse ýurdy häzirki ykdysady çökgünlik ýagdaýyna getiren, geçilen 30 ýyl barada açyk gürrüň etseler gowy bolardy. Ýöne her niçiksi bolsa-da, kyn günde ýaşaýan halkyň mugt togy, suwy ýatyrylanda-da ‘şöhrat’ diýip el çarpýan märeke, islendik kabul ediljek karary we netijäni goldap çykyş etjegi ikuçsuz. Olaryň bar aladasy 4-5 müň manat aralygynda berilýän sowgady almak” diýip, Jahan habarçymyza öz şahsy garaýyşyny we çaklamalaryny mälim etdi.

Gepiň gerdişine bellesek, Berdimuhamedow mejlis bilen baglylykda eden beýanatynda türkmenistanlylara “demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy” diýen garaýyşyny öňe sürdi. Emma Türkmenistan adam hukuklary, metbugat azatlygy, dini erkinlik ýaly möhüm azatlyklar baradaky halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilip gelinýär.

Prezident mejlisi geçirmek bilen bagly guramaçylyk işlerini esasan mirasdüşer hökmünde garalýan ogly, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa tabşyrdy. 18-nji ýanwarda çap edilen kararda mejlisiň Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde, Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Ruhyýet” köşklerinde, sanly ulgam arkaly geçiriljekdigi aýdyldy.

Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende öňki awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan parlamentden hem ýokaryk çykarylan Halk maslahatynyň kanuny ygtyýarlyklaryny ýatyrdy.

Ýöne soňundan, ýurtdaky ykdysady ýagdaýyň çylşyrymlaşmagy bilen, ilki Halk maslahatyny dikeltdi, soňra-da ony, iki palataly parlament döredýäris diýip, has uly ygtyýarlyga eýe etdi.

Şeýle-de prezident, Konstitusiýa laýyk gelmeýän göçüm edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy hem boldy.

Synçylar bu ýagdaýy kanunlaryň yzygiderli bozulmagy we demokratiki ýol-ýörelgeden daşlaşylmagy hökmünde häsiýetlendirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG