Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedinde dörän täze çaknyşyklarda azyndan ýedi adam ýaralandy


Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhediň jedelli böleginde, Tort-Koço diýlip bilinýän ýerde, çaknyşyklar döredi.
Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhediň jedelli böleginde, Tort-Koço diýlip bilinýän ýerde, çaknyşyklar döredi.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň arasyndaky serhediň jedelli böleginde dörän soňky çaknyşyklarda gyrgyz we täjik howpsuzlyk güýçleriniň azyndan ýedi agzasy ýaralandy. Bu çaknyşyklar geçen ýyl onlarça adamyň ölümine sebäp bolan şuňa meňzeş ok atyşyklaryň yz ýanyna gabat geldi.

Merkezi Aziýanyň iki ýurdy birek-biregi serhetden geçýän ýoly petiklemekde we ok atyşygy başlatmakda aýyplan mahaly, 27-nji ýanwarda Täjigistanyň demirgazygyndaky resmiler wakada ýaralanan üç täjik serhetçisiniň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýerli saglyk resmisine salgylanyp, dört gyrgyz esgeriniň keselhana ýerleşdirilendigini mälim etdi.

Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasy (KHŞG) bileleşigiň baş sekretarynyň çaknyşyklary duruzmak üçin iki tarapyň harby resmileri bilen gepleşikleri geçirendigini aýtdy. Gyrgyzystan we Täjigistan KHŞG-nyň agzalarydyr.

Ýaragly çaknyşyk "derrew togtadylmaly" diýip, Stanislaw Zas KHŞG-nyň "konflikti çözmek üçin zerur kömegi bermäge taýýardygyny" hem sözüne goşdy diýlip, beýanatda bellenilýär.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti iki ýurduň serhet güýçleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda iki gezek geçirilen telefon gepleşiklerinde ýerli wagt bilen gije sagat 11-e çenli ok atyşygy bes etmegi ýola goýup bolmandygyny aýtdy.

Şeýle-de, komitet Täjigistany serhetde agyr harby enjamlary we harbylary ýerleşdirmekde aýyplady.

Komitet konfliktiň täjik raýatlarynyň Tort-Koço diýlip atlandyrylýan sebitdäki serhediň jedelli böleginden geçýän ýoly petiklän mahaly başlandygyny aýtdy. Iki tarapdaky serhetçiler petiklenen ýoly açmagy başardylar, emma “Täjigistan tarapy... minomýotlary we granatlary atdylar".

Bu aralykda, Batken bilen serhetleşýän Täjigistanyň Isfara sebitiniň metbugat wekili Zubaidullo Şamodow Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda ýoly gyrgyz tarapynyň petikländigini aýtdy.

Gyrgyzystanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi gyrgyz oba ýaşaýjylarynyň çaknyşyklaryň bolýan territoriýasyndan gaçýandygyny aýtdy. Täjigistandaky habar beriş serişdeleriniň maglumatyna görä, çaknyşyklaryň bolýan territoriýasyna ýakyn ýerde ýaşaýan täjik oba ýaşaýjylary hem ewakuasiýa edildi.

Uzynlygy 970 kilometre barabar bolan Gyrgyzystan-Täjigistan serhediniň ýarysyna golaýy kesgitlenmedi we bu iki ýurduň garaşsyzlygyny yglan edeli bäri dartgynlylyga sebäp boldy.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, Merkezi Aziýanyň köp serhetýaka sebitleri jedelli bolmagynda galýar.

Aýratynam Täjigistan, Gyrgyzystan we Özbegistan bilen serhetleriň birleşýän ýeri bolan durnuksyz Fergana jülgesindäki köp sanly eksklawyň golaýyndaky ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar.

Geçen ýylyň aprel aýynyň ahyrynda gyrgyz-täjik serhediniň başga bir jedelli böleginde harby wekilleriň arasynda bolan çaknyşyk iki tarapda-da onlarça adamyň ölmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG