Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryly sürüjiler welaýat prokuraturasyna arza ýazyp, ýol polisiýasyndan şikaýat etdi


Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynda awtoulag sürüjileriniň onlarçasy welaýat prokuraturasyna arza ýazyp, ýol polisiýasynyň maska dakynmak düzgünleri boýunça dürli bahanalary tapyp, özlerine yzygiderli jerime salýandygyndan şikaýat etdi. Bu barada arza gol goýan sürüjileriň birnäçesi Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, geçen hepde welaýat prokuraturasyna tabşyrylan bu arza 30-dan gowrak hususy awtoulag eýesi gol goýdy.

Arzada sürüjiler Döwlet ýol gözegçiligi gullugynyň we welaýat polisiýasynyň işgärleriniň ulagyň yzyndaky ýolagçylaryň maska düzgünlerini bozandygy üçin özlerine jerime salmagyndan şikaýat etdiler.

"Polisiýa işgärleri ulagyň yzynda oturyp barýan ýolagçynyň burnunyň görünýändigini, maskasynyň kiçidigini ýa satyn alman, özüniň tikinendigini ýa-da onuň reňkiniň talaba laýyk däldigini aýdýarlar. Hususy awtoulag sürüjisi maska dakynmak baradaky düzgünleri dogry we doly berjaý etse-de, olaryň ulaglary wagtlaýyn ellerinden alnyp, olara jerime salynýar" diýip, arza gol goýan sürüjileriň biri anonimlik şertinde 31-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, sürüjiler arzada ulagy dolandyryp barýan raýatyň yzky setirde oturan adamyň maska düzgünini berjaý edendigine ýa etmändigine gözegçilik etmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny hem aýtdylar.

"Ýurtda ulagy dolandyryp barýan sürüjileriň mobil telefonda gürleşmegi, naharlanmagy we çilim çekmegi gadagan edilýär. Sürüjiniň howply ýol hadysasyna getiräýjek hereketleri etmegine rugsat berilmeýär. Şol sebäpden sürüjileriň yzky setirde oturan ýolagçynyň maska düzgünini bozandygyna ýa bozmandygyna gözegçilik etmäge mümkinçiligi ýok diýlip, arzada bellenildi" diýip, maryly sürüji aýtdy.

Ol arza gol goýan 30-dan gowrak sürüjiniň prokuratura barandygyny, iki sagat gowrak garaşandan soňra, olaryň diňe biriniň kabul edilendigini hem sözüne goşdy.

"Şol sürüji derrrew yzyna çykdy. Arzanyň oňyn netijesiniň boljakdygy ýa bolmajakdygy heniz belli däl" diýip, ol belledi.

Azatlyga bu arzanyň nusgasyny almak başartmady. Bu barada Mary welaýat prokuraturasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa hem alyp bolmady.

Ýöne bu maglumatlar Mary welaýatynda polisiýa işgärleriniň sürüjileri saklap, olara dürli bahanalar esasynda, şol sanda maska düzgünini bozandygy üçin jerime ýazmak we ulaglary polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek çärelerini güýçlendirenden bir aý gowrak wagt soňa gabat geldi.

Şonda habarçymyz duralga eltilen ulaglaryň ençeme günläp, käte hepdeläp eýelerine gowşurylmaýandygyny, ulaglary yzyna almak isleýän sürüjilerden ýüzlerçe manat möçberinde para talap edilýändigini hem gürrüň beripdi.

Welaýat prokuraturasyna arza tabşyran sürüjileriň habarçymyza aýtmagyna görä, häzirki wagt sürüjiler ulaglaryny polisiýanyň awtoulag duralgasyndan yzyna almak üçin 200 manat möçberinde pul jerimesini tölemeli bolýarlar. Ýöne şondan soňra-da sürüjiler ulagy yzyna almak üçin bir hepde ýa 10 gün garaşmaly bolýarlar.

"Sürüji 200 manady tölese-de, ulagy dessine alyp bilmeýär. Olar polisiýa işgärlerinden ulagy haçan alyp bilýändiklerini sorasalar, "ertir 1000 manat getir, ulagyňy alarsyň" diýip, jogap berýärler. Bu sürüjileri talamagyň bir görnüşi" diýip, maryly sürüji belledi.

Habarçymyz şu günler polisiýanyň awtoulag duralgasyna günde onlarça ulagyň eltilýändigini hem aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda maska dakynmak režimini geçen ýylyň noýabrynda gaýtadan güýçlendirip başlady. Dekabryň ahyryndan bäri polisiýa işgärleri maskasyz saklanan köçelerdäki raýatlara 50 manat, edara-kärhanalardaky işgärlere 40 manat jerime salýarlar.

Türkmenistanda lukmançylyk maskalaryny dakynmak hökmany bolup, bu talap 2020-nji ýylyň iýulynda BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň ýurda eden saparyndan soň girizilipdi.

Şonda daşary ýurt bilermenleri Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdiler. Ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi maska dakynmak talabyny ilatyň saglygyny "howadaky tozan bölejiklerinden" goramagyň zerurlygy bilen düşündiripdi.

Azatlyk bilen anonim şertde söhbetdeş bolan saglyk işgärleri ýurtda müňlerçe adamyň koronawirus bilen keselländigini we ondan ölendigini habar berdiler. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri ýurtda COVID-19-yň hasaba alnandygyny ykrar etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG