Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda awtoulag sürüjileri gara maska üçin saklaýarlar


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)
Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanyň Mary welaýatynda polisiýanyň ilata gözegçiligi ýene-de güýçlendirildi. Welaýatyň dürli ýerlerinde öýsüz-öwzarsyz, dileg edýän we çilim çekýän raýatlary, şeýle-de gara maskaly awtoulag sürüjilerini tutmak üçin reýdler geçirilýär.

Soňky günlerde Maryda awtoulag sürüjileri ýollarda polisiýanyň gözegçiliginiň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu sapar ýerli polisiýa sürüjiniň ýüzündäki maskanyň reňki bilen gyzyklanýar. Ak ýa-da açyk gök medisina maskalaryndan başgasy, şol sanda gara reňkdäki maskalar, şeýle hem matadan dikilen maskalar gadagan edilýär. Maskanyň reňkine bolan talap tigir sürýänlere-de degişlidir. Bu barada 13-nji dekabrda Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary habar berdiler.

Düzgüni bozanlar ilkinji gezek duýduryş alýarlar, ikinji we soňky gezeklerinde olaryň tussag ediljekdikleri duýdurylýar. Şol bir wagtyň özünde, Marynyň ýaşaýjylary bu talap barada diňe polisiýa tarapyndan tutulanda bilip galýarlar. Bu düzgün barada köpçülige resmi taýdan habar berilmedi, üstesine polisiýa bu buýruk barada ilaty diňe dilden habarly edýär.

Şu günler Maryda maskasynyň reňki sebäpli tutulan awtoulag sürüjilerinden başga-da, polisiýa tarapyndan öýsüz adamlar, dilegçilik edýänler, serhoş we çilim çekýän raýatlar tutulýar. Olar köpçülikleýin oba hojalyk işlerine ugradylýar.

Kanuny we tertip-düzgüni bozýanlar dürli administratiw jenaýatlar üçin tutulanlar, şol sanda wagtynda aliment tölemedikler we ten satmakda günäkärlenip, jogapkärçilige çekilen beýleki raýatlar bilen bilelikde şeker şugundyryny ýygnamak üçin ekin meýdanlaryna iberilýär.

Azatlyk bilen adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen söhbetdeş bolan polisiýa işgärleri ýerli häkimiýetleriň tussaglary pul jerimesiniň ýerine oba hojalyk işlerine iş güýji hökmünde ulanmagy makul bilýändigini aýtdy. Tutulanlaryň köpüsinde jerime tölemek üçin maddy serişdesi ýok.

Azatlygyň habarçysy ozalky ýyllarda Mary welaýatynda şugundyr ýygnamak işlerine alkogolizmden we neşekeşlikden ejir çekýän we ýörite keselhanalarda saklanýan raýatlaryň gatnaşandygyny belledi. Olaryň arasynda gaçyp gutulýanlaryň köpelmegi sebäpli şu ýyl olary işe çekmek gadagan edilipdir.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň administrasiýasy we polisiýasy bilen habarlaşmaga synanyşdy, emma resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanyň kanunçylygy mejbury zähmetiň ulanylmagyny gadagan edýär, muňa garamazdan, häkimiýetler onlarça ýyl bäri administratiw düzgün bozmalar üçin tussag edilen raýatlary, şeýle hem býujet işgärlerini, mekdep okuwçylaryny we studentleri ýurduň ekin meýdanlarynda işlemäge çekmek tejribesini giňden ulanýar.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary türkmen häkimiýetlerini öz kanunlaryny bozmakda yzygiderli günäkärleýär. Türkmen häkimiýeti mejbury zähmet problemasyny resmi taýdan boýun almaýarlar.

Bu aralykda maska düzgünini bozandygy üçin tussag edilen raýatlar hem bir ýarym ýyla golaý wagt bar oba hojalyk işlerine yzygiderli iberilýärler. Türkmenistanda ilatdan hökmany maska dakynmak talaby 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-niň koronawirus boýunça missiýasynyň sapary wagtynda girizilipdi. Bellemeli ýeri, mundan ozal, koronawirus pandemiýasynyň başyndan bäri ýurduň ilatyna maska dakynmak, dermanhanalara bolsa maska satmak gadagan edilipdi.

Türkmen häkimiýetleri bu döwürde keseliň we ölümiň görlüp-eşidilmedik derejede köpelmegine garamazdan, ýurtda koronawirus keseli bilen näsaglan hiç kimiň hasaba alynmandygyny öňe sürmegini dowam etdirýärler. Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmelerine görä, Türkmenistanda koronawirusdan 25 müňden gowrak adam ýogalypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG