Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda PÝGG sürüjilere jerime ýazmak çärelerini güýçlendirdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ulag sürüjilerini saklap, olara dürli bahanalar esasynda jerime ýazmak we ulaglary polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitmek çärelerini güýçlendirdiler. Duralga eltilen ulaglar ençeme günläp, käte hepdeläp eýelerine gowşurylmaýar. Polisiýa munuň üçin sürüjilerden ýüzlerçe manat möçberinde para talap edýär. Bu çäreleriň jikme-jikleri barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Maryly awtoulag eýeleriniň ençemesiniň habarçymyza gürrüň bermegine görä, PÝGG-niň işgärleri her güni ir sagat 8-10 aralygynda ulaglary saklaýarlar. Olar sürüjilere dürli bahanalar bilen, şol sanda maska düzgünini bozandygyny ýa-da ulagyň reňkinde, guratlyk hatynda kemçiligiň bardygyny aýdyp, jerime ýazýarlar. Şondan soň sürüjileriň ulaglary awtoduralga alnyp gidilýär.

"Meniň ulagymda hiç hili kemçilik bolmasa-da, ony awtoduralga äkitdiler. Men ulagymyň bir ýerinde gara reňkde gural bolsa, hemmesini ak reňke boýap çykdym. Muňa garamazdan, meni bäş sany ýol polisiýasy saklap, "ýaňy aňyrdan gelýärkäň maskaň ýokarsyndan burnuň göründi. Burnuň görünse, sen maskasyz diýlip hasap edilýärsiň" diýip, ulagymy polisiýanyň awtoduralgasyna alyp gitdiler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly ulag eýesi 19-njy noýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol ilki polisiýa işgärlerine özüniň agyz-burun örtüginiň doly we dogry dakylandygyny, eger burny görünen halatynda-da, ulagda ýeke özüdigini we penjireleriniň hem ýapykdygyny düşündirmäge synanyşandygyny, ýöne munuň oňyn netije bermändigini aýtdy.

"Olar ýüzüňe seredip aldaýarlar" diýip, ol mundan ozal maska dakynmaýan adamlara 50 manat jerime töledilendigini, indi munuň 100 manada ýokarlandyrylandygyny hem sözüne goşdy.

"Polisiýa işgärleri "Nyrhlar galdy. Dünýäden habarsyzmy?" diýip sorag bilen jogap berýärler" diýip, maryly ulag eýesi aýtdy.

Awtoulag sürüjileriniň sözlerine görä, jerime töläniňden soňra-da ähli zat tamamlanmaýar. Şondan soň olar tä "para berýänçäler", ençeme günläp ulaglaryny polisiýanyň awtoduralgasyndan çykaryp bilmeýärler.

"Men eýýäm dört gün bäri ulagymy alyp bilemok. Polisiýa işgärleri munuň sebäplerini düşündirmeýärler. Meniň ulagym antifisde däl-de, suwda bolup, men ony dessine çykarmasam, gije howanyň temperaturasy minus gradusa ýetende, onuň motory doňar. Şeýlelikde, men motory hem çalyşmaly bolaryn diýip, ulagymy duralgadan çykarmaga howlugyp, polisiýa işgärlerine 200 manat para teklip etmäge hem mejbur boldum. Ýöne olar muny az görüp, "400 manat edip gel, ulagyňy alyp gidersiň" diýýärler. Meni bigünä ýerime saklap, meniň 500 manadymy talajak bolýarlar" diýip, maryly ulag eýesi aýtdy.

Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan PÝGG-niň bir işgäri häzirki wagt her gün irden 6-7 sürüjä jerime ýazmak we olaryň ulaglaryny awtoduralga eltmek barada özlerine dilden görkezme berilendigini aýtdy.

"Bu talap indi bir aýa golaý wagt bäri dowam edýär. Muny berjaý etmedik ýol polisiýasyna işden çykarylmak howpy abanýar" diýip, ol belledi.

Azatlyk bu aýdylanlar barada 19-njy noýabrda Mary şäherindäki Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň sagat 13:30 we 14:30 aralygynda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Türkmenistanda dürli bahanalar, şol sanda ulagyň kiçi enjamlarynyň hem reňkiniň goýudygy sebäpli sürüjilere jerime ýazylýandygy we ulaglaryň polisiýanyň awtouralgasyna eltilýändigi barada Azatlyk mundan öň hem ençeme gezek habar beripdi.

Türkmenistanyň hökümeti we media serişdeleri polisiýadaky parahorluk ýagdaýlary barada maglumat bermeýärler. Türkmenistanda giň ýaýran parahorluk faktlary diňe prezident öz bellän ýokary derejeli resmilerini çalşyrmak kararyna gelen halatynda, Baş prokuratura berlen derňew tabşyrygynyň çäginde, kän anyklaşdyrylmazdan, gysgaça habar berilýär.

Bellesek, ýurtda ulag sürüjilerine dürli bahanalar esasynda jerime salynýandygy baradaky nobatdaky habarlar Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň we koronawirus ýokanjynyň köp maşgalanyň güzeran eklenjini has-da kynlaşdyrýan mahalyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG