Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talybanyň” etniki özbek serkerdesini tussag etmegi demirgazyk Owganystanda çaknyşyk döretdi


AFGHANISTAN -- Maimana City, the capital of northwestern Faryab province

"Talyban" awgust aýynda Owganystanda häkimiýet başyna gaýdyp geleli bäri geçen wagt içinde Owganystanyň demirgazygynda ýaşaýan etniki özbek, türkmen we täjik jemgyýetleriniň we bu sebite soňky aýlarda göçüp gelen, esasan puştunlardan bolan talyban söweşijileriniň arasynda ýitileşen dartgynlylyk barada maglumatlar köpeldi.

Ady agzalan etniki toparlar bilen “Talyban” arasynda güýçlenýän duşmançylyk ýanwar aýynyň ortalarynda, Farýab welaýatynyň paýtagty Maýmanda ýerli ýolbaşçynyň tussag edilmegine garşy guralan protestler wagtynda has görnetin göze ildi.

Mahdum Alem (Makhdum Muhammet Alem Rabbani) Türkmenistan bilen serhetleşýän Farýab welaýatyndaky ýerli talyban serkerdesi hökmünde tanalýar.

Etniki özbeklerden bolan Alem öz wagtynda Owganystanyň demirgazygyndaky ýerli ýolbaşçylar we ýaşulular bilen işleşmekde, şol sebitleriň “Talybana” wepalylygyny üpjün etmekde täsirli adam bolupdyr.

Alem 12-nji ýanwarda Balh welaýatynyň Mazari-Şerif şhärine çagyryldy we, hamala, “Talybanyň” goranmak ministriniň orunbasary Mullah Fazeli alyp gaçan adamlar bilen ilteşikli bolmakda güman edilip, tussag astyna alyndy.

Alemiň tussag edilendigi baradaky habar ertesi gün Maimana gelip ýetdi we ýüzlerçe adamyň gatnaşmagynda guralan protestiň döremegine sebäp boldy. Bu habary eşidip gelen ýüzlerçe özbek şäheriň howpsuzlyk edarasynyň daşyny gurşap aldy we, Alemiň boşadylmagyny talap edip, nägilelik ýörişine başlady.

Bu ýöriş bilen baglylykda atyşyk başlandy we azyndan dört adam öldi.

Protestçiler “Talyban” söweşijilerini ýaraglaryny tabşyrmaga mejbur etdiler we soň olar Maýmandan kowlup çykaryldy.

Alemiň orunbasary Türkoglunyň aýtmagyna görä, eger-de "Talyban" Alemi tussaglykdan boşatmasa, “Talyban” baýdagy howpsuzlyk merkeziniň binasyndan aýrylar.

Habar berlişine görä, "Talyban" janyndan geçen hüjümçiler toparyny goşmak bilen, sebite goşmaça güýç iberipdir, ýöne dört gün dowam eden gepleşiklerden soň gapma-garşylyk soňlandy.

Protestler bolup geçýän mahaly, Maýmanadaky dawada araçylyk etmegi barada maslahatlaşmak üçin, sebitiň başga bir “talyban” serkerdesi - etnik täjik Kari Wakil hem Mazari- Şerife çagyryldy we soňra tussag edildi. Alem bolsa, Mazari-Şerifden Kabula geçirildi. Şu aralykda Wakile näme bolany belli bolman galdy.

"Talybanyň" Owganystanyň demirgazygyndaky 209-njy Al-Fatah korpusynyň serkerdesi Ataullah Omari, belli bir toparyň ýa-da ýurduň adyny aýtmazdan, Maimana şäherindäki bidüzgünçiliklere daşarky güýçleriň günäkärdigini aýtdy.

"Geljekde çemeçillere özbekleriň, puştunlaryň, täjikleriň, türkmenleriň we beýlekileriň arasynda dawa-jenjel döretmäge ýol berilmez” diýip, Omari aýtdy.

"Adamlaryň Mahdum Alemiň tussag edilmeginiň sebäbini edepli we hormat bilen derňemäge hukugy bar, ýöne režime garşy demonstrasiýa guramaga rugsat berilmeýär" diýip, Farýabdaky Dini geňeşiň başlygynyň orunbasary Gulam Nabi Gafori aýtdy.

Birnäçe hepde bäri sosial ulgamlarda ýerleşdirilen wideolardan görnüşine görä, puştun çarwalary “Talybanyň” kömegi bilen demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleri we özbekleri öýlerinden kowup çykarýarlar we soň olaryň ýer-jaýlaryny öz goldawçylaryna we söweşijilerine berýärler.

"Talyban" toparynyň ýolbaşçylary esasan etniki puştunlardan bolup, hökümetde beýleki etniki toparlaryň wekilçiliginiň düýpden diýen ýaly bolmazlygy Owganystanyň demirgazygyndaky etnik toparlaryň esasy şikaýatlaryndan biri bolup görünýär.

Şol bir wagtda, Owganystanyň demirgazygyndaky ýerleriň käbirinde “Talybana” garşy ýaragly garşylyk şindi hem saklanyp galýar.

Azatlyk radiosynyň Owgan gullugy Owganystanyň demirgazygyndaky Baglan, Balh, Badahşan we Farýap welaýatlarynda “Talyban” güýçleri bilen gaça uruş edýän partizan toparlarynyň arasynda barýan söweş barada maglumat aldy.

Partizan toparlary "Talyban" Owganystanyň köp bölegini ele geçirenden soň ýüze çykan we Owganystanyň meşhur serkerdesi we lideri Ahmad Şah Masudyň ogly Ahmad Masudyň ýolbaşçylygyndaky "Milli garşylyk fronty" (NRF) toparynyň bir bölegi hasaplanýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG