Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sürüjileriň aýlyklaryndan soňky dört aýyň goşmaçalary yzyna alynýar


Prezidentiň kararyna laýyklykda, onlarça ýyl sürüjilik tejribesi bolan birinji derejeli sürüjiniň 1 müň 500 manat esasy aýlygyna goşmaça berlen 500 manat ýatyrylýar.

Türkmenistanda döwlet gurluşlarynda işleýän müňlerçe sürüjä hünär derejesi boýunça aýlygyna berlen goşmaça tölegleriň ýatyrylmagy bilen, indi bu baradaky kararyň kabul edilmeginden soň geçen dört aýyň dowamynda tölenen goşmaçalar hem, eýýäm kemeldilen aýlyklardan tutulyp başlandy.

Ýatlatsak, geçen sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky düzgünnamany tassyklamagyndan soň, şu ýylyň başynda döwlet gurluşlarynda zähmet çekýän sürüjilere ýanwaryň aýlygyndan başlap, birinji we ikinji derejelere laýyklykda, degişlilikde 25% we 10% goşmaça berlen tölegleriň ýatyrylandygy mälim edilipdi.

Bu onlarça ýyl sürüjilik tejribesi bolan birinji derejeli sürüjiniň 1 müň 500 manat esasy aýlygyna goşmaça berlen 500 manadyň ýatyrylýandygyny aňladýar.

“Indi bolsa, bu goşmaçalaryň bu baradaky kararyň sentýabrda kabul edilmeginden soň tutulyp başlanmaly edilendigini aýdyp, bu dört aýyň içinde berlen goşmaçalary-da eýýäm kemeldilen geljekki zähmet haklarymyzdan aljakdyklaryny aýtdylar” diýip, şahsyýetini aýan edip biljek maglumatlary agzamazlygy soran, Türkmenabadyň 15-nji awtoparkynyň 50 ýaşlaryndaky ozalky birinji derejeli sürüjisi habarçymyza gürrüň berdi.

Ol edaranyň hasapçylarynyň muny bu baradaky degişli kararyň özlerine-de diňe ýanwarda gelip gowşandygy bilen düşündirýändiklerini belledi.

“Hasapçymyz sentýabr-dekabr aralygynda aýlygyma goşmaça diýlip berlen 2 müň 200 manadyň indi karza öwrülendigini, şeýle-de munuň geljekki aýlyklardan, ýagny aprele çenli tapgyrlaýyn tutulyp alynjakdygyny aýtdy. Indi ýatyrylan goşmaçalary hem hasaba alsaň, men müň manat kem aýlyk almaly bolýaryn. Bu galan müň manat bilen maşgalamyň gün-güzeranyny nädip aýlamaly bolar?!” diýip, ýurtdaky ýiti ykdysady çökgünligiň arasynda, bir hojalykda ýedi adam bolup ýaşaýan maşgalanyň agzasy nägileligini bildirdi.

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Ol häkimiýetleriň soňky ädiminiň özlerine, şol sanda iş babatynda hem ‘uly urgy’ bolandygyny belledi.

“Biziň awtoparkymyzdan her gün 300-e golaý sürüji Türkmenabatda ýolagçylary gatnadýar. Ulagyň ähli ätiýaçlyk şaýlaryny, hatda sürüjiniň ýörite eşigini, kellämizdäki tahýany-da öz hasabymyza satyn aldyrtýarlar. Edaradan hiç hili kömek ýok” diýip, söhbetdeşimiz 2-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Ol başga-da sürüjileriň jemlenşip emele gelen ýagdaýlar boýunça prokuratura arza bilen ýüz tutmakçydyklaryny, emma ‘sürüjiniň kisesine göz alardýan’ häkimiýetlerden oňaýly çözgüde garaşmaýandyklaryny hem sözüne goşdy.

Azatlyk Radiosynyň sürüjüleriň ýüzbe-ýüz bolan meseleleri barada 2-nji fewralda ýerli wagt bilen öýläne çenli döwlet edaralaryndan, şol sanda “Türkmenawtoulaglary” agentliginden, Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden hem kommentariýa almak synanyşyklary netije bermedi.

Gepiň gerdişine bellesek, sürüjileriň hünär derejesini ýatyrmak baradaky karar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 3-nji sentýabrynda tassyklan degişli düzgünnamasy esasynda amal edilýär.

Gol çekilen karardan çen tutulsa, bu düzgünnama ýurtda ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak işini halkara talaplaryna laýyk getirmegi nazarda tutýar we Türkmenistanyň “Awtomobil ulagy hakynda”, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kabul eden kanunlarynyň üstüni ýetirýär.

Türkmen häkimiýetleri we metbugaty öňki kanunlarda näme kemçiligiň bolandygy ýa-da olaryň näme üçin ýollardaky howpsuzlygy üpjün edip bilmändigi, bu ýerde halkara talaplaryna laýyk gelmeýän nähili bärden gaýtmalaryň bardygyny aýdyňlaşdyrmaýarlar. Azatlygyň bu baradaky ýüzlenmelerini hem jogapsyz goýýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG