Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň häkimiýetleri öňki "subsidirlenen" önümleri ilata zor bilen satmaga çalyşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň döwlet dükanlarynyň işgärleri bazar nyrhlary bilen deňleşen ozalky "subsidirlenen" azyk harytlaryny ilata zor bilen satmaga çalyşýarlar. Olar ösümlik ýagyny, şekeri we towuk buduny satyn almadyk raýatlara azyk paýoklaryny, ýagny uny we pagta ýagyny satmaýarlar.

"Bize şeýle buýruk berildi. Alyjy hemme paýogy satyn almaly. Eger alyjy hemme paýogy satyn almasa, onda oňa hiç bir paýogy satmaly däl" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy dükan satyjylarynyň biriniň sözlerini sitirledi.

Ýatlatsak, ýanwar aýynyň başynda türkmen häkimiýetleri subsidirlenen önümleriň käbiriniň, şol sanda ösümlik ýagynyň, şekeriň we towuk budunyň bahasyny ýokarlandyryp başlady.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, häzirki wagt döwlet dükanlarynda ösümlik ýagynyň 1 litri 38 manatdan, towuk budunyň bir kilogramy 40 manatdan we şekeriň bir kilogramy 18 manatdan satylýar. Bularyň ozalky bahalary degişlilikde 19 manada, 16 manada we 9 manada deňdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesiniň sözlerine görä, olar dükan ýolbaşçylaryna jaň edip, öz nägileliklerini bildiripdirler. Ýöne olaryň bu şikaýatlary oňyn netije bermändir.

"Biz gymmatlan azyk paýlaryny hem deň paýlamaly. Ösümlik ýagyny, towuk buduny we şekeri satyn almasaňyz, un we pagta ýagy satylmaýar. Baryň, nirä we kime arz etseňiz ediň" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjy dükan ýolbaşçylarynyň biriniň aýdan sözlerini sitirledi.

Döwlet dükanlarynda 1 kilogram un 1 manat we 1 litr pagta ýagy 3,5 manat bahalanýar. Olaryň hususyýetçilerdäki bahalary degişlilikde 12-13 manada we 40-60 manada deňdir.

"Käbir raýatlar uny we pagta ýagyny arzan bahadan satyn almak üçin gymmatlan azyk paýlaryny satyn alýarlar. Ýöne dükan satyjylary bu önümleriň gapdalyndan hem peýda görjek bolýarlar. Sebäbi olar bu önümleriň ýany bilen kükürt çöpüni, möhleti geçen şerbet suwuny ýa-da Türkmenistanda öndürilen kofe önümlerini hem mejbury satýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy belledi.

Habarçymyz häzir ýerli unuň gyt haryda öwrülendigini, onuň diňe döwlet dükanlarynda däl, eýsem hususyýetçilerde hem tapdyrmaýandygyny aýdýar.

"Gazagystandan import edilen unuň bir kilogramy 13 manada deň. Ýöne ony satyn almaga köp adamyň maddy güýji ýetmeýär. Bazarlarda çörekler 5-7 manat bahalanýar. Arzan çörek satyn almak isleseň, onda döwlet dükanlarynyň öňünde daňdan sagat 5-6-da nobata durmaly. Bu ýerde bir buhanka 60 teňňeden satylýar. Her ele iki buhanka berilýär. Ýöne ol hemme adama ýetmeýär" diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň soňky ýyllarda has-da ýitileşmeginiň, işsizligiň we bazarlarda bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagynyň fonunda, ilat arasynda döwletiň kesgitlenen bahadan satýan azyk önümlerine bolan talap artdy.

Ýöne soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda häkimiýetler bu azyk önümleriniň möçberini we görnüşini yzygiderli çäklendirdi. Şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap bolsa, häkimiýetler olaryň käbiriniň bahalaryny bazar nyrhlary bilen deňleşdirdi.

Türkmen häkimiýetleri ne ýurtdaky ykdysady krizis, ne-de döwlet dükanlaryndaky azyk ýeter-ýetmezçiligi we gymmatçylygy barada aç-açan çykyş edýär.

Bu aralykda, Lebapdaky habarçymyz bazarlarda käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň sähel arzanlandygyny, ýöne muňa garamazdan, söwdanyň örän pesdigini habar berýär.

"Bir gutusy 110 manada çenli gymmatlan 30 sany ýumurtganyň bahasy 55-60 manada, ozal 50 manatdan satylan süýji we köke önümleri 40-42 manada çenli arzanlady. Muňa garamazdan, bazarlarda alyjy az. Täze ýyl baýramyndan öň iki aýlyk yzly-yzyna berilensoň, häzir köp adamda pul ýok. Adamlar fewralyň aýlygy berilse, azygyň ýene gymmatlajakdygyny aýdýarlar" diýip, lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG