Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bloomberg: Türkmenistanda 29 nebit we gaz enjamy bejerilse, sebitiň klimata täsiri ep-esli azalar


Derwezede onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy. Illýustrasiýa suraty
Derwezede onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy. Illýustrasiýa suraty

Günbatar Türkmenistanda 29 sany nebit we gaz enjamy bejerilse, bu sebitiň klimata täsirini ep-esli azaldar. Bu barada "Bloomberg" neşiri "Daşky gurşaw ylymlary we tehnologiýalary" (Environmental Science & Technology) neşirinde çap edilen täze derňewe salgylanyp, 1-nji fewralda habar berdi.

Habarda Türkmenistanyň her ýyl 29 sany nebit we gaz enjamynyň ABŞ-nyň Alabama ştatyndaky ähli awtoulaglaryň ýyllyk metan zyňyndylaryna bäsdeş bolup biläýjek möçberde metan zyňyndylaryny syzdyrýandygy aýdylýar.

"Täze derňewe görä, bu zyýan - ýaramaz ideg edilýän we syzdyrýan enjamlaryň netijesidir we onuň ep-esli möçberde öňüni alyp bolýar" diýip, neşir belleýär.

Bu ýerde [zyňyndyny] özleşdirýän alawlar bolmansoň, metan gös-göni atmosfera goýberilýär. Metan atmosfera akdyrylanda onuň ýylylyk täsiri kömürturşy gazyndan 84 esse ýokarydyr diýlip, habarda aýdylýar.

Bellesek, iň ýönekeý uglewodorod hem-de tebigy gazyň esasy düzümi bolup durýan metan kömürturşy gazyna (CO2) garanda hem has güýçli parnik/ýyladyşhana gazy hasaplanýar.

Neşir derňewe salgylanyp, metan syzmalarynyň ähli çeşmeleriniň döwlet eýeçiligindäki “Turkmennebit” (Turkmenoil) we “Turkmengaz” kompaniýalary tarapyndan dolandyrylýan nebit we gaz ýataklary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Daşary ýurtly bäş operator tarapyndan dolandyrylýan meýdanlarda synlap bolaýjak metan dumanlary ýokdy" diýlip, habarda nygtalýar.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, "Türkmennebit" we "Türkmengaz" kompaniýalaryndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 2-nji fewralda ýerli wagt bilen ikindine çenli telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.

Ykdysady girdejileri esasan nebit-gaz söwdasyna daýanýan we öz çägindäki gaz gorlarynyň mukdary boýunça dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan howa goýberilýän zyýanly gazlara barha kän jogapkär bolmakda tankytlanýar.

Azatlygyň mundan ozal hem “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, Türkmenistan planetany gyzdyrýan metan gazyny syzdyrmagyň möçberi boýunça dünýäde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär we bu barada uly alada bildirilýär.

Neşiriň geçen ýylyň 19-njy oktýabrynda çap eden "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalasynda ýurduň çäginden atmosfera zyňylýan metanyň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygy görkezildi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň käbir nebit we gaz desgalarynyň dünýäde howanyň özgermegine täsir ýetirýändigi baradaky maglumatlar barada kelam agyz söz sözlemeýär.

Ýöne bu habarlaryň fonunda, Türkmenistan Derweze sebitinde onlarça ýyl bäri ýanyp duran we ýurduň esasy syýahat nokatlarynyň biri bolan açyk gaz ýatagyny ýapmagy meýilleşdirýär.

Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde “köp möçberde ýitirilýän tebigy gaz” barada gürrüň edip, bu ýagdaýyň ekologiýa, uzak ýyllar bäri ýanyp duran gaz ojagynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Galyberse-de, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň noýabrynda Glazgoda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň (COP26) 26-njy mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmaga aýratyn ünsi jemleýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň hökümet maslahatlarynda tebigaty goramak üçin iňňän uly iş bitirilýändigi aýdylýar. Häkimiýetler we resmi media bu işleri ýurduň çäginde her ýyl oturdylýan bag nahallary bilen delillendirmäge synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG