Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 'dowzah derwezesini' ýapmak isleýär


Derwezede onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy
Derwezede onlarça ýyl bäri ýanyp duran açyk gaz ýatagy

Türkmenistan Derweze sebitinde onlarça ýyl bäri ýanyp duran we ýurduň esasy syýahat nokatlarynyň biri bolan açyk gaz ýatagyny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu meýil Türkmenistanyň halkara metbugatynda nebit-gaz senagaty bilen bagly howa goýberýän zäherli gazlarynyň möçberi sebäpli birnäçe gezek tankyt edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. Şeýle-de, türkmen prezidentiniň gaz eksportyny köpeltmek baradaky nobatdaky talaby ÝB-niň esasan ýangyç söwdasyny edýän Aşgabadyň ünsüni ýene bir gezek ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmek meselesine çeken ýylynyň yz ýanyndan edildi.

Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde “köp möçberde ýitirilýän tebigy gaz” barada gürrüň edip, bu ýagdaýyň ekologiýa, uzak ýyllar bäri ýanyp duran gaz ojagynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.

Şeýle-de prezident eksport edip, ep-esli möçberde girdeji alyp boljak çig malyň ýitirilýändigini belläp, wise-premýer Şahym Abdrahmanowa “alymlary ýygnap, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekip, bu ýangyny söndürmegiň çözgüdini tapmagy tabşyrdy”.

Aşgabadyň 260 km demirgazygynda ýerleşýän Derweze, ýanyp duran gaz krateri sebäpli, alymlaryň we jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän nokada aýlandy.

Hökümetçi “Türkmenportal” neşiriniň maglumatyna görä, sowet geologlary 1971-nji ýylda bu sebitdäki tebigy gaz ýatagynyň üstüni açyp, guýyny burawlap başlanlarynda onuň çökmegine sebäp boldular. Şeýlelikde, gaz tapylan ýerden ullakan çukur emele geldi we, adamlaryň we mallaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak maksady bilen, wagtyň geçmegi bilen ýangyn azalar diýip, geologlar ony otlamak kararyna geldiler.

Emma muňa garamazdan, diametri 60 metr, çuňlugy 20 metre deň bolan gaz çukuryndan syzýan gaz şu güne çenli ýanmagyny dowam etdirýär.

Kanadaly meşhur syýahatçy we gözlegçi Jorj Koronis 2013-nji ýylyň noýabr aýynda gözleg geçirmek we nusgalary ýygnamak üçin krateriň düýbüne aralaşdy. Ol ýokary temperaturada krateriň düýbünde ýaşaýan bakteriýalary tapmagy başardy diýip, hökümetçi neşiriň habarynda bellenýär.

Şeýle-de, Derwezede ýanyp duran gaz kraterini ýapmak meselesiniň ilkinji gezek 2010-njy ýylda, G.Berdimuhamedow tarapyndan gozgalandygy aýdylýar.

Azatlygyň “Bloomberg” neşirine salgylanyp habar berşi ýaly, Türkmenistan planetany gyzdyrýan metan gazyny syzdyrmagyň möçberi boýunça dünýäde iň ýokary derejeleriň birini eýeleýär.

Neşiriň geçen ýylyň 19-njy oktýabrynda çap eden "Türkmenistanyň hapa syry" atly makalasynda ýurduň tebigy gaz ýataklarynyň we iri gaz geçirijileriniň golaýynda howa goýberýän zäherli gazlaryndan uly alada bildirilýär.

Şeýle-de neşir Kanadanyň howa zyňylýan gazalara gözegçilik edýän GHGSat Inс kompaniýasynyň 2019-njy ýylyň başynda Türkmenistandaky senagat desgalarynyň bir böleginde häzirki wagta çenli görlen iň uly metan syzmalarynyň birini tapandygyny aýdýar.

Geçen ýyl Türkmenistanyň Hytaýdan alan karz serişdeleriniň üzülendigi, şol bir wagtda Orsýete eksport edilýän gazyň möçberiniň iki esse artdyrylandygy habar berildi.

Emma muňa garamazdan, hökümet tankytçylary, ýurtdaky azyk gytçylygyna we işsizligiň ýokary derejesine, ilatyň işleýän böleginiň alýan aýlyk haklarynyň yzygiderli gymmatlaýan durmuş bilen deňeşdirilende "örän azdygyna" salgylanyp, nebit-gaz söwdasyndan gelýän serişdeleriň köplenç manysyz taslamalara harçlanýandygyny öňe sürýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG