Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap tokaýlarynda agaç sanawy düzülýär, etrap häkimleri her bir düýp bag üçin jogap bermeli edildi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan. Arhiwden alyndy.

Lebap häkimiýetleri sebitiň tokaý zolaglarynda ýerli ýaşaýjylar tarapyndan agaçlaryň bikanun çapylmagynyň öňüni almaga synanyşýandyklaryny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Türkmenistanyň hökümeti noýabryň başynda garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurt boýunça 30 million bag nahalyny oturtmak kararyny yglan edip, tutuş ýurt boýunça “ählihalk bag ekmek dabarasyny” geçirende, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap sebitinde selçeňleýän tokaýlar, hususan-da tokaýlarda agaçlaryň köpçülikleýin çapylmagy barada habar berdi.

Lebap häkimiýetleri özleriniň daşky gurşawy goramak tagallalaryny tokaý zolaglaryndaky agaçlaryň çapylmagynyň öňüni almak synanyşyklary bilen düşündirýärler.

Bu synanyşyklar etraplarda tokaý hojalyklaryndan jogapkär resmileriň işden boşadylmagy we ýerli telekeçileriň agaç kesiji enjamlarynyň döwletiň haýryna geçirilmegi ýaly çäreler bilen utgaşýar.

“Lebap welaýatynyň häkiminiň hut özi tokaý hojalyklarynyň etraplardaky bölüm başlyklaryndan sekiz resmini işden boşatdy” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlygyň habarçysy tokaýlarda köpçülikleýin agaç çapmakda güman edilýän telekeçileriň agaç kesiji enjamlarynyň döwletiň haýryna geçirilendigini habar berdi.

Galyberse-de, Lebap welaýatynyň häkimi sebitiň tokaý zolaglaryna degişli ähli agaçlaryň sanawynyň düzülmegini talap edýär.

“Etrap häkimleri her bir düýp agaç üçin jogap bermeli edildi” diýip, çeşme gürrüň berdi.

Tokaý zolaglaryna aýawly garamak tagallalarynyň çäginde, Azatlygyň habarçysy welaýat häkiminiň Darganata, Dänew, Farap, Hojambaz we Gabakly sebitlerinde ýerleşýän tokaý zolaglaryna sapar edendigini habar berýär.

Saparyň dowamynda sebit häkimi agaçlaryň gurluşyk maksady bilen çapylmaly däldigi barada gürrüň edipdir.

“Bu meseläni çözmek berk tabşyryldy. Welaýat häkimi etraplarda ýerli tagta öndürýän ähli kärhanalaryň ýapylmagy barada tabşyryk berdi” diýip, çeşme aýtdy.

Farap etrabynyň Tebigaty goraýyş bölüminiň bir işgäri noýabryň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde sebitiň tokaý zolaglarynda müňlerçe düýp agajyň gurluşyk we beýleki maksatlar üçin çapylýandygyny aýtdy.

Döwlet mediasy noýabryň başynda ýurduň beýleki sebitleri bilen bir hatarda Lebap sebitinde oturdylýan täze nahallar barada habar berdi. Ýöne Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan ýerli tokaý hünärmeni Lebap sebitinde çapylýan agaçlaryň sanynyň ekilýän agaçlardan has köpdügini çaklady.

Türkmenistanyň hökümeti daşky gurşawy goramak aladalaryny öz syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaýar. Ýöne ýerli tokaý hünärmeni gurluşyk maksady bilen, galyberse-de, odun üçin we beýleki maksatlar bilen Amyderýanyň kenarynda agaçlaryň çapylýandygyny gürrüň berdi.

Soňky ýyllarda halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we köp sanly daşary ýurt hökümetleri dünýäde howanyň üýtgemegine garşy global göreş tagallalarynyň çäginde daşky gurşawyň goralyp saklanmagyna, tebigata aýawly çemeleşmäge aýratyn üns gönükdirýär.

1-nji noýabrda BMG Şotlandiýanyň Glazgow şäherinde dünýä liderleriniň gatnaşmagynda klimat boýunça halkara sammit geçirdi. Sammitiň gün tertibinde klimatyň üýtgemegine garşy göreş, şol sanda zyýanly gazlaryň atmosfera ýaramaz täsirini azaltmak, galyberse-de metan zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça bilelikde tagalla etmek maslahat edildi.

Klimat sammitinde Türkmenistana wise-premýer Serdar Berdimuhamedow wekilçilik etdi. Berdimuhamedow Glazgowda eden çykyşynda öz ýurdunyň metan zyňyndylaryny azaltmaga üns gönükdirýändigini aýtdy.

Ýöne klimat sammitiniň öň ýany halkara metbugatda çap edilen hasabat Türkmenistanyň çäginden atmosfera zyňylýan metanyň mukdar taýdan dünýäde ABŞ-dan we Russiýadan soň üçünji orunda durýandygyny görkezdi. Bu hasabat bilen Türkmenistanyň metan gazy bilen atmosferany hapalamakda dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryndadygy äşgär boldy.

Türkmenistanyň ýangyç känlerinden we gaz çykaryjy desgalaryndan millionlarça kub metr metan gazy atmosfera syzyp çykýan mahaly we ýerli tokaý zolaglarynda agaçlar gurluşyga we beýleki maksatlara gurban edilýän wagtynda, Türkmenistanyň hökümeti ýurduň çäginde her ýyl ekilýän millionlarça düýp bag nahallary bilen özüniň tebigaty goramak syýasatyny delillendirmäge synanyşýar.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak baradaky döwlet syýasatyny Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi ýerine ýetirýär.

Türkmenistan halkara hasabatlarda diňe bir howany hapalamak aladalary bilen baglylykda däl, eýsem, ýurduň çäginde suw resurslaryndan hem rejeli peýdalanmazlykda agzalýar.

BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň awgustda çap eden hasabaty Türkmenistanyň suw resurslaryna çendenaşa agram düşýändigini duýdurdy.

Lebap häkimiýetleriniň sebitiň tokaý zolaglaryny goramak babatdaky täze başlangyçlary Azatlyk Radiosynyň noýabrda tokaýlaryň köpçülikleýin çapylmagy barada beren habarynyň yz ýanyna gabat gelýär.

Pandemiýa, klimatyň üýtgemegi we kadasyz migrasiýa ýaly problemalar BMG ýaly halkara guramalaryň, galyberse-de ösen döwletleriň umumyadamzat ähmiýetli global tagallalarynyň hataryndadyr.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG