Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Ysraýyla, sebitdäki ABŞ bazalaryna ýetjek raketa ýasandygyny aýdýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Eýran 9-njy fewralda ABŞ-nyň sebitdäki bazalaryna we Ysraýyla, 1450 kilometre çenli aralyga ýetýän täze, gaty-ýangyç raketasyny öndürendigini yglan etdi.

Döwlet teleýaýlymy we “Tasnim” habar gullugy täze raketanyň adyna "Haýbar-buster" diýilýändigini habar berdi. Bu yslamyň ilkinji günlerinde musulman goşunlary tarapyndan basylyp alnan ýewreý galasynyň ady bolup durýar. Ysraýylyň Eýran bilen aradaky iň ýakyn nokady 1000 km uzaklykda ýerleşýär.

Garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýan habara görä, raketanyň takyklygy ýokary, dolulygyna ýurt içinde öndürilýär we raketa galkan ulgamlaryny böwsüp geçmek ukybyna eýe bolup durýar.

Bu habar Wenada Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan möhüm ýadro şertnamasyny halas etmek baradaky gytaklaýyn gepleşikleriň täzeden başlamagynyň bir gün soňundan peýda boldy.

Eýran geçen aýyň başynda hemra uçurmak üçin niýetlenen gaty-ýangyç raketa motoryny synagdan geçirdi.

XS
SM
MD
LG