Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Hytaýa saparyndan soň, karantine ýerleşer


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

3-nji fewralda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Pekine ugrady. Ol yzyna dolanan pursady, ozalky saparlaryndan tapawutlylykda, karantinde boljakdygyny aýtdy.

Günbatar döwletleri Hytaýyň adam hukuk bozmalary, hususanda Sinjiang sebitinde uýgurlaryň we azlykdaky beýleki musulman toparlarynyň gysylmagy sebäpli oýunlaryň 4-nji fewraldaky açylyş dabarasyny boýkot edýärler.

Pekin bilen ýakyn ykdysady gatnaşyklary saklaýan Türkmenistan geçen iýulda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde Hytaý hökümetiniň Sinjiang we Hong Kong babatyndaky pozisiýasyny goldaýandygyny beýan edipdi. Musulman ilatly ýurtlar Hytaýyň Sinjangdaky hukuk kemsitmelerini ýazgarmazlykda tankyt edilýär.

Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 3-nji fewraldaky mejlisinde Hytaýdan dolanan pursadyna özüniň we wekiliýetiň agzalarynyň üç gün, ýagny ýekşenbeden sişenbä çenli karantinde boljakdyklaryny mälim etdi.

Türkmenistanyň çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Berdimuhamedowyň ozalky daşary ýurt saparlaryndan, şol sanda Türkiýeden we Özbegistandan dolanandan hem soň karantine ýerleşendigi barada maglumat berilmändi. Azatlygyň çeşmeleri onuň ýurduň esasy karantin zolaglary esaslandyrylan Türkmenabada gelmegine taýýarlyk görlendigini, emma soňy bilen göni Aşgabada geçendigini habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG