Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda bugdaý meýdanlaryna suw ýetmeýär


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanyň "Altyn Asyr" telekanalyndan alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda gurakçylygyň we oba hojalyk pudagyndaky dowam edýän meseleleriň arasynda Mary welaýatynyň kärendeçileri barha ýitileşýän suw ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler suw ýetmezliginiň diňe ýaplardaky suwuň azlygy bilen bagly däldigini aýdyp, hatardan çykan tehnikalaryň abatlanmagy üçin döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilmeýändigini belleýärler.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, şu günler welaýatyň tas ähli etrabynda bugdaý eken kärendeçiler suw ýetmezçiliginden kösenýär. Öz bugdaý meýdanlaryna heniz bir gezek hem suw tutup bilmedik kärendeçiler bar.

"Men her gün elim pilli kärende ýerime gatnaýaryn. Emma bugdaý ekenimden bäri diňe bir gezek suw tutdym. Haçan barsam "Nasos döwük, onuň şaýlary ýetmezçilik edýär we olary almana pul ýok" diýip jogap berýärler" diýip, Garagum etrabynyň bir daýhan birleşiginiň kärendeçisi 14-nji fewralda habarçymyza gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistanyň oba hojalyk meýdanlarynda ýylyň başky aýlarynda gyşky ýuwuş suwlary tutulýar, ýerler ýazky ekişe taýýar edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ekin dolanyşygynda aýratyn ähmiýete eýe bolan bugdaý ekini üçin ösüş suwlary tutulýar.

Daýhan birleşiklerdäki suw nasoslaryna gözegçilik edýän hünärmenleriň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, hatardan çykan nasoslary bejermek üçin ätiýaçlyk şaýlary ýetmezçilik edýär. Häkimiýetler olaryň bu baradaky ýüzlenmelerine oňyn jogap bermeýär.

Şol bir wagtda, olar suw meselesiniň hatardan çykan nasoslar bejerilenden soň çözüljeginiň-de ikuçlydygyny belleýärler. Hünärmenler munuň sebäplerini ekin meýdanlaryna gelýän ýaplaryň suwsuzlykdan gurap durandygy bilen düşündirýärler.

"Biz hasyldan mahrum galmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Biziň suw meselämizi daýhan birleşikleriň başlyklary hem çözüp bermeýär. Olar kärende ýerleriniň, oba hojalyk tehnikalarynyň köpüsiniň hususylaşdyrylandygyny aýtmak bilen çäklenýärler. Ýöne bu barada goşmaça maglumat bermeýärler" diýip, garagumly kärendeçi belledi.

Türkmenistanda kärendeçileriň suw ýetmezçiligi bilen bagly problemasy ýyllarboýy dowam edýär. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bolan kärendeçiler bu problemanyň soňky ýyllarda has-da ýitileşýändigini habar berýärler.

Olar muňa bir tarapdan, guraklygyň, şol sanda Amyderýadaky, suw howdanlaryndaky we ýaplardaky suwuň azlygynyň, beýleki tarapdan, nasoslaryň hatardan çykmagynyň, şeýle-de, suwuň ilki häkimiýetde täsirli dogan-garyndaşlary bolan adamlara berilmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmen hökümeti ýurduň oba hojalyk pudagynyň ösdürilýändigini aýdyp, kärendeçileriň suw, tehnika, dökün, tohum bilen bagly problemalary barada hiç zat aýtmaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň soňky hasabaty Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigini duýdurdy. Guramanyň geçen ýylyň awgustynda ýaýradan hasabatyna görä, ýurtda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG