Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda 'aşa köp' hasaplanan çörek alyjylaryň elinden alynýar


Döwlet dükanyndan subsidirlenen bahadan satyn alnan çörek. Aşgabat, 2022-nji ýylyň ýanwar aýy.

Türkmenistanyň hökümetiniň ykdysadyýetiň ýokary önümçilik derejesini gazanandygy baradaky täze hasabatynyň öňe sürlen pursadynda ýurduň ilatyna häkimiýetler tarapyndan rugsat berlen mukdardan artyk çörek satyn almak gadagan edilýär. Aşgabatda alyjylar dükandan çykanlarynda polisiýa tarapyndan barlanýar we olarda goşmaça çörek tapylsa, konfiskasiýa edilýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň artykmaç çörek satyn almazlygy üçin, raýat eşikli polisiýa işgärleri irden dükanlaryň öňünde nobatçy bolup durýarlar, eger alyjylaryň elinde has köp çörek görseler, saklaýarlar we artykmaç çöregi konfiskasiýa edýärler. Bu barada 15-nji fewralda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, alyjylar çörek satyn almak üçin ikinji gezek nobata durup, çörek satyn alaýsa gözegçiler olaryň sumkalaryny barlaýar we çöregi elinden alýar.

Häzir döwlet dükanynda adam başyna satylýan çöregiň normasy jemi 2 manatlyk üç sany buhanka nanyndan ybarat.

Subsidirlenen bahadan çörek satýan her bir dükanda polisiýa nobat çekýär. Çörek satylanda, raýat eşikli nobatçy polisiýa işgärleri satuw prosesine we alyjylara syn edýärler.

Polisiýanyň üns merkezine gaýtadan nobata durýan adamlar, şeýle-de şowhunly alyjylar düşýär. Polisiýanyň awtoulaglary golaýda durýar we nobatda saklanan adamlar şol ulagly polisiýa bölümine eltýär.

"Polisiýanyň işgärleri köplenç awtoulaglaryny golaýda goýýarlar we gözegçilik edýärler. Düzgün bozanlary ýüze çykarsalar, alyjyny saklaýarlar, ulaga mündürýärler we dokumentlerini barlaýarlar" - diýip habarçymyz gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, barlagda üç çörekden köp çörek tapylsa ol konfiskasiýa edilýär, saklanan adamyň pasporty elinden alynýar we ondan bellenen wagtda polisiýa bölümine barmak talap edilýär. Polisiýa bölümine alnyp barylan adamlar, ilkinji gezek munuň gaýtalanmajakdygy barada dilhaty ýazmaly edilýär, ikinji gezek bolsa, administratiw jenaýat üçin 100 manat jerime töleýär.

Bu aralykda, ilatyň goşmaça çörek satyn almazlygyna edilýän polisiýa gözegçiliginiň fonunda çöregiň bahasy hem ýokarlanýar. Çörek hususy dükanlarda-da, döwlet dükanlarynda-da gymmatlaýar.

Iň gyt çörek 60 teňňelik pes hilli buhanka nany hasaplanýar. Käbir döwlet dükanlarynda tamdyr nany hem satylýar.

Garaşsyz neşir "Turkmen.news" Aşgabadyň döwlet dükanlarynda bir hepde bäri 1 manatlyk tamdyr çöreginiň satmaýandygyny, muňa derek, müşderilere peçde bişirilen 2,5 manatlyk çöregiň ýa-da şol bir bahadan buhanka nanynyň hödürlenýändigini habar berýär. Neşir bu bahalaryň çöregiň 150% gymmatlandygyny görkezýändigini belleýär.

Döwlet dükanlarynda subsidirlenen bahadan çöregiň adam başyna göz öňünde tutulan normasynyň nädip kesgitlenýändigi belli däl. Bu barada resmi kararlar we habarlar çap edilmeýär. Döwlet metbugaty bu temany gozgamaýar.

Bu aralykda, ýurtda çörek ýetmezçiligi, uly nobatlar we azyk söwdasyna girizilýän dürli çäklendirmeler meselesi 2017-nji ýyldan bäri dowam edip gelýär. Muňa garamazdan, ýurduň häkimiýetleri uzaga çeken krizisiň bardygyny ykrar etmeýärler.

Hökümetiň maglumatlaryna görä, ýurt ýylsaýyn durnukly ykdysady ösüşi başdan geçirýär. 11-nji fewralda hökümet ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary bolandygyny görkezýän sanlary öňe sürdi. Resmi maglumatlarda umumy içerki önümçilik derejesiniň 6,2% ýokarlanandygy aýdyldy.

Senagat pudagynda bu görkeziji 9,2 göterim, gurluşykda - 0,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda - 4,3 göterim, söwdada - 8,8 göterim, oba hojalygynda - 3,8 göterim, hyzmatlarda - 5,8 göterim ýokarlandy diýlip, türkmen hökümetiniň hasabatynda aýdyldy.

Şeýle ýokary ykdysady görkezijiler hakykata gabat gelýän bolsa, ilatyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesiniň öň görlüp-eşidilmedik derejede erbetleşmeginiň sebäbi häkimiýetler tarapyndan düşündirilmedi. Ykdysady ösüşiň resmi görkezijileri Halk Maslahatynyň gyssagly ýygnagynda hödürlendi, şonda prezident wezipesini 15 ýyl bäri ýerine ýetirýän Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýeti ýaşlara tabşyrmak kararyny yglan etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG