Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebabyň çörek kärhanalary onlarça işgäri tölegsiz zähmet rugsadyna iberdi


Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Farap, Çärjew we Dänew etraplarynda döwlete degişli çörek kärhanalary öz işgärleriniň tas ählisini bir aýlyk tölegsiz zähmet rugsadyna ugratdy. Farapda raýatlar un paýoklaryny alyp bilmeýändikleri barada yzygiderli şikaýat edensoň, ýerli häkimiýetler un paýlarynyň üç aýyň dowamynda paýlanjakdygyny wada berdi. Sebitiň döwlet dükanlarynda un we çörek üpjünçiligi bilen bagly problemalar barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy habar berdi.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, şu hepde Farabyň, Çärjewiň we Dänewiň döwlete degişli çörek kärhanalarynyň her biri 50 töweregi işgäri tölegsiz zähmet rugsadyna iberdi.

"Kärhanalarda diňe garawullar galdy. Önüm öndürijileriň ählisi tölegsiz dynç alşa iberildi" diýip, kärhanalaryň biriniň işgäri anonimlik şertinde 21-nji ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, kärhanalaryň ýolbaşçylary bu çäräniň sebäplerini un ýetmezçiligi, ýagny döwlet tarapyndan çig malyň iberilmeýändigi bilen düşündirdiler.

Ýöne habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan işgärleriň ençemesi bu ädimiň sebäbiniň ilat arasynda döwlet dükanlaryndaky çörege bolan islegiň ep-esli azalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Sebäbi şu ýylyň başyndan başlap döwlet dükanlaryndaky çöregiň bahasynyň bazarlardaky nyrhlar bilen deňleşdi. Öň döwlet dükanlarynda satylýan bir buhankanyň bahasy 1 manat 50 teňňedi. Şu ýylyň başyndan başlap onuň bahasy 6 manat boldy. Häzir bazarlardaky buhankanyň bahasy hem 6 manat, ýöne ol ak una bişirilýär. Döwlet kärhanalaryndaky buhanka bolsa, pes hilli una bişirilýär. Netijede, adamlar buhankany bazardan satyn almagy makul hasaplaýarlar" diýip, lebaply işgär belledi.

"Kärhana ýolbaşçylary bu problemany önümiň hilini ýokarlandyryp, bazar talabyna laýyk önüm öndürmek arkaly çözmegiň deregine işgärleri tölegsiz dynç alşa çykarmak esasynda çözmäge çalyşýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.

Azatlyk bu aýdylanlar barada ýurduň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýerli edarasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, habarçymyz Farabyň döwlet dükanlarynda un üpjünçiligi bilen bagly problemanyň ýiti bolmagynda galýandygyny habar berýär.

Onuň sözlerine görä, etrap ýaşaýjylarynyň aglabasy geçen ýylyň soňky aýlary üçin un paýoklaryny heniz hem alyp bilmeýär. Bu ýagdaý ýerli ilatyň her gün döwlet dükanlaryna baryp, satyjylardan un paýlaryny talap edip, yzygiderli dawalaşmagyna getirdi.

"Raýatlaryň yzygiderli eden talaplaryndan soň, etrap söwda bölüminiň resmileri raýatlara geçen ýyldan galan ähli paýoklaryny tapgyrlaýyn esasda, üç aýyň dowamynda bölüp bermegi wada berdi. Şondan soň käbir raýatlar oktýabr aýy üçin un paýoklaryny almagy başardy" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň berdi.

Ol 21-nji ýanwarda irden etrabyň un dükanlaryna 50 tonna çemesi un getirilendigini we her bir adam üçin üç kilogram un paýlanandygyny hem aýtdy.

"Bu unuň her bir kilogramy 1 manat bolup, ilat un üçin 3 manat töledi. Ýöne adamlar onuň ýany bilen bahasy 20 manada barabar plassmassa bedräni hem satyn almaly boldular. Bedräniň bazar bahasy 10 manada deň" diýip, ýerli ýaşaýjy unuň hususyýetçilerdäki bahasynyň 12-15 manada barabardygyny hem belledi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň soňky ýyllarda has-da ýitileşmeginiň, işsizligiň we bazarlarda bahalaryň yzygiderli ýokarlanmagynyň fonunda, ilat arasynda döwletiň kesgitlenen bahadan satýan azyk önümlerine bolan talap artdy.

Soňky dört ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurt raýatlary un, çörek, duz ýaly önümlerden başga-da, ösümlik ýagyny, şekeri, ýumurtgany we towuk buduny bazar bahasyndan ençeme esse arzan nyrhdan satyn alyp bilýärdiler.

Ýöne soňky bir ýyla golaý wagt bäri häkimiýetler ilata subsidirlenen bahadan satylýan azyk önümleriniň möçberini we görnüşini yzygiderli çäklendirip gelýär. Bu çäklendirmeler şu ýylyň ilkinji günlerinden başlap has-da güýçlendirildi, şeýle-de olaryň käbiriniň bahalary bazar nyrhlary bilen deňleşdi.

Häzirki wagtda Mary welaýatyndaky döwlet dükanlarynyň tas ählisinde çörek, un satylmaýan mahaly, türkmen paýtagtynda çörek satyn almak üçin nobatlar yzygiderli köpelýär.

Türkmen hökümeti ýurduň her ýyl galla hasylynyň 1 million 400 müň tonna barabardygyny we ýurtda "azyk howpsuzlygynyň döredilendigini" öňe sürýär. Ýöne ilatyň çörek we un ýeter-ýetmezçiligi barada hiç zat aýtmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG