Russiýanyň Ukraina çozmagynyň arasynda bu ýurtda galan türkmenistanlylar, resmi türkmen wekillerinden hiç hili hemaýatyň ýokdugy baradaky maglumatlaryň fonunda, öz güýçleri bilen goňşy ýurtlara aşmaga synanyşýarlar. Bu barada öz çeşmelerine salgylanyp habar berýän turkmen.news neşiri soňky günleriň dowamynda eýýäm onlarça türkmen raýatynyň serhetden Polşa we Moldowa geçmegi başarandygyny belleýär.
Mundan ozal, Azatlyk, şeýle-de adam hukuklaryny goraýjy toparlar Ukrainada, Russiýanyň çozuşy netijesinde söweş hereketleriniň dowam edýän döwri, türkmen raýatlarynyň “alaçsyz” ýagaýda galandyklary barada maglumat berdiler.
Düýbi Bolgariýada ýerleşýän Türkmen Helsinki Fondy topary beýleki ýurtlaryň öz raýatlary üçin ewakuasiýa çärelerini gurnandygyny, Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynyň bolsa, hatda harby konflikt başlanandan soňam bu ýurtda galan raýatlaryny alyp çyandygyny belledi.
“Emma türkmen raýatlary Türkmenistanyň DIM-inden heneze-bu güne çenli beýle teklip almadylar” diýip, THF-nyň habarynda aýdylýar.
Türkmenistanyň raýatlary konfliktiň ilkinji gününde Kiýewdäki türkmen ilçihanasy we konsullygy bilen telefonda habarlaşmaga synanyşdylar, käbiri ol ýere bardy we adaty ümsümlik bilen ýüzbe-ýüz boldy diýip, THF-nyň 26-njy fewralda ýaýradan beýanatynda bellenýär.
Emma Kiýewdäki türkmen ilçihanasynyň wekili Azatlyga öz mümkinçiliklerindäki ähli işi edip oturandyklaryny aýtdy.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasynyň websaýtynda ýurtdaky dowam edýän harby çaknyşyklar, şeýle-de bu ýagdaýlarda türkmen raýatlarynyň amal edip biljek hereketleri barada hiç hili maglumat çap edilmedi.
Turkmen.news käbir maglumatlara görä Ukrainada 6 müňe golaý türkmen studentiniň bardygyny aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.