Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urşuň ýedinji gününe girmegi bilen, asuda ilatyň barha köp ejir çekmeginden howatyr edilýär


Kiýew sebiti
Kiýew sebiti

BMG-niň adam hukuklary edarasy 3-nji martda, çozuş başlanaly bäri geçen bir hepde wagt içinde asuda ilatdan 136 adamyň, şol sanda 13 çaganyň ölümini hasaba alandygyny aýtdy. Ukrainanyň milli gyssagly kömek gullugy 2000-den gowrak parahat ýaşaýjynyň ölendigini habar berdi, ýöne bu sanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin bolmady.

Fransiýanyň Daşary işler ministri Žan-Iwes Le Drian “Fransiýa 2” telekanalyna beren interwiýusynda Ukrainada “entek has erbet zatlaryň bolup biljekdigini” duýdurdy.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 3-nji martda irden halka eden wideo ýüzlenmesinde ukrainalylary garşylyklaryny dowam etdirmäge çagyrdy.

"Olara bu ýerde gün berilmez" diýip, Zelenski rus basybalyjylaryny nazarda tutup aýtdy. Ol rus esgerlerini "başy garjaşdyrylan we ulanylan çagalar" diýip häsiýetlendirdi we olary "öýlerine gaýtmaga" çagyrdy.

Rus harbylarynyň Ukrainanyň esasy şäherlerine edýän hüjümlerini güýçlendirýändigi we şu aralykda rus goşunlarynyň giň gerimli konflikt başlanaly bäri Ukrainanyň ilkinji uly şäheriniň merkezine baryp ýetendigi habar berildi.

Gara deňiz boýundaky Herson şäheriniň häkimi Ihor Kolyhaýew 2-nji mart güni giçlik rus goşunlarynyň 300 000 töweregi ilatly şäheriň köçelerinde bolup, ýerli geňeş binasyna girendigini, Ukrainanyň ikinji uly şäher merkeziniň, gündogardaky Harkowyň agyr bombalanandygyny habar berdi.

Ol “ýaragly myhmanlar” bilen gürleşendigini, olara hiç zady söz bermändigini, ýöne adamlary atmazlygy sorandygyny aýtdy.

Britan aňtaw gullugy, Russiýanyň agyr topa tutmalaryna garamazdan, Harkowyň, Çernihow we Mariupolyň şäherleriniň ukrainleriň elinde saklanylýandygyny aýtdy.

Şol bir wagtda, Azow deňziniň kenaryndaky uly port şäheriniň, Mariupolyň rus goşunlary tarapyndan gabalana meňzeýändigi aýdylýar.

Sumy sebitiniň döwlet dolandyryş administrasiýasynyň başlygy Dmytro Žiwitskiniň sözlerine görä, Sumy şäheri güýçli raketa hüjümine sezewar boldy we köp adam ejir çekdi.

Öten agşam Kiýewde azyndan dört sany uly partlamanyň bolandygy habar berildi.

Britan aňtaw gullugynyň maglumatynda aýdylmagyna görä, paýtagtyň demirgazygynda onlarça kilometre uzaýan harby kerweniň hereketinde soňky üç günüň içinde görnüp duran öňe gidişlik bolmady.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko 2-nji martda "Nastoýaşeýe Wremýa" bilen söhbetdeşlikde rus goşunlarynyň paýtagty gabap, Kiýewi bogmak niýetleriniň bardygyny aýtdy.

3-nji martda Belarusyň günortasyndaky Brest sebitinde rus wekilleri bilen atyşygy togtatmak baradaky gepleşiklere ugran ukrain resmileri ondan kän bir öňegidişlige garaşmaýarlar.

Ukrainanyň prezidenti Zelenski urşy togtatmak baradaky gepleşiklere başlamazdan ozal, rus güýçleriniň ukrain şäherlerini bombalamagy bes etmelidigini aýtdy.

Rus wekiliýetiniň başlygy Wladimir Medinskiý taraplaryň Ukrainada mümmkin bolan gumanitar koridoryny hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

Atyşygy togtatmak barada 28-nji fewralda geçirilen gepleşikler netijesiz gutardy.
BMG-niň bosgunlar gullugy 3-nji martda soňky ýedi günüň dowamynda Ukrainadan goňşy ýurtlara 1 million adamyň gaçandygyny aýtdy.

Polşa, Slowakiýa, Rumyniýa we Wengriýa bilen aradaky demir ýol menzilleri, serhet geçelgeleri uruşdan gaçyp gelen aýallardan we çagalardan doly.

Russiýada Ukraina goşun sürülmegine garşy geçirilen protestlere gatnaşanlar köpçülikleýin tussag edildi; häkimiýetler Ukrainadaky wakalar babatynda "uruş" ýa-da "çozuş" sözlerini ulanmagy giňden gadagan etdi.

Russiýanyň duldegşir goňşusyna çozmagyna garşy gönükdirilen jeza çärelerini girizmek işi dowam etdirilýär.
Birleşen Ştatlar Russiýa garşy täze sanksiýalary yglan etdi we Belarusa ýokary tehnologiýaly önümleriň eksport edilmegine berk gözegçilik ediljekdigini aýtdy.

Hindistan we Awstraliýa ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen Hindistanyň, Awstraliýanyň we Ýaponiýanyň liderleriniň gatnaşmagynda, “Quad” diýlip atlandyrylýan ýurtlaryň ozal yglan edilmedik onlaýn ýygnagyny geçirjekdigini habar berdiler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 2-nji martda başlanan hüjümden bäri çeken ýitgileri barada ilkinji gezek maglumat berip, 498 sany rus esgeriniň ölendigini, 1,597 rus esgeriniň ýaralanandygyny aýtdy. Emma bu sanlar garaşsyz ýagdaý tassyklanyp bilinmedi.

Ukrain harbylarynyň 3-nji martdaky maglumatyna görä, rus tarapy bir hepdä uzan uruşda 9 müň çemesi esger ýitirdi. Ýöne bu sanlar hem garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

XS
SM
MD
LG