Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kiýewdäki TW diňi uruldy, Zelenski ýene uçuş gadaganlygynyň girizilmegine çagyrýar


Harkow, Uniwersitet binasy. 2-nji mart, 2022

Rus raketalary Ukrainanyň paýtagtyndaky telewizion minarany urdy, bu desga holokost gyrgynçylygynyň pidalarynyň Baby Ýar ýadygärliginiň golaýynda ýerleşýär diýip, ukrain hökümeti 1-nji martda, rus güýçleriniň Harkowyň merkezi meýdançasyny we şäheriň beýleki raýat ýerlerini bombalaýan wagtynda aýtdy.

Rus goşunlary Ukrainanyň şäherlerini bombalamagy dowam etdirýärler, esasy nyşana Harkow ýaly görünýär. Emma Ukrainanyň ýaragly güýçleri ýurduň käbir sebitlerinde ýagdaýyň üýtgändigini we goranyş goşunynyň ilkinji gezek hüjüme geçendigini aýtdy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrligi telewizion diňiň töwereginden göterilen tüsse bulutlarynyň suratlaryny çap etdi.

Golaýda ýerleşýän Baby Ýar ýadygärlik merkezi geçen ýyl, faşistler tarapyndan köpçülikleýin gyrlan adamlaryň hatyralarynyň 80 ýyllygyna gabat açylypdy.

Ýerli metbugat teleýaýlym diňiniň golaýynda birnäçe partlamanyň bolandygyny we şondan az wagt soň ukrain telegepleşikleriniň ile ýetirilmeginiň bes edilendigini habar berdi.

Prezident Wolodymyr Zelenski twitterde bu zarbalar netijesinde azyndan bäş adamyň ölendigini aýtdy we 1941-nji ýylda faşistler şäheri basyp alanda gyrlan on müňlerçe ýewreýiň, erkekleriň, aýallaryň we çagalaryň hatyrasyna dikilen Baby Ýar ýadygärliginiň ýerleşýän ýeriniň topa tutulmagyna gahar-gazap bildirdi.

TW diňi
TW diňi

“Eger-de dünýä Baby Ýarda şol bir ýere bomba taşlanýan wagtynda sesini çykarmajak bolsa, 80 ýyllap “indi hiç wagt gaýtalanmaz” diýmegiň näme manysy bar? Azyndan 5 adam öldürildi. Taryh gaýtalanýar...” diýip, Zelenski dünýä jemgyýetçiligine ýüzlenip aýtdy.

Ýadygärligiň metbugat sekretary bu ýerdäki ýewreý gonamçylygyna zeper ýetendigini, ýöne entek ýeten zyýanyň möçberlerini kesgitlemegiň aňsat däldigini aýtdy.

Ysraýylyň Daşary işler ministri Ýair Lapid bu ýagdaýy ýazgardy we Ysraýylyň islendik ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga kömek etjekdigini aýtdy.

"Biz bu ýeriň mukaddesligini gorap saklamaga we hormatlamaga çagyrýarys" diýip, ol özüniň twitter hasabynda aýtdy.

Bu hüjümler baradaky habarlardan gysga wagt soň Zelenski ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden bilen telefonda gürleşdi.

"Ruslara garşy sanksiýalarda ABŞ ýolbaşçylygy we Ukraina goranmak kömegini bermek maslahatlaşyldy. Biz basybalyjyny mümkin boldugyça çal togtamaly. Goldawyňyz üçin sag boluň!" diýip, Zelenski twitterde aýtdy.

Ak tamyň resmisi iki lideriň telefonda 30 minut töweregi gürleşendigini aýtdy.

Zelenski “Roýters” we CNN telekanaly bilen eden söhbetdeşliklerinde haýsydyr bir hili parahatçylyk gepleşiklerine ýol açylmazyndan ozal Russiýanyň “adamlary bombalamagyny bes etmelidigini” aýtdy.

Russiýanyň harby-howa güýçleriniň hüjümlerini togtatmak üçin, Zelenski NATO agzalaryny uçuş gadaganlygy zonasyny girizmäge hem çagyrdy.

Kiýew we Harkow şäherlerine edilen hüjümler ukrain paýtagtynyň daşynda 65 kilometrden gowrak uzaklyga uzaýan ýolda artilleriýa we sowutly ulaglar kerweniniň düzülen wagtynda edildi.

Demirgazyk-günbatar sebitiň paýtagtynyň merkezi meýdançasyna we şäher häkimliginiň binasyna urlan ganly zarbalardan soň, Zelenski Harkowyň bombalanmagyny uruş jenaýaty we terrorçylykly hereket diýip ýazgardy.

"Bu hili hüjümden soň Russiýa terrorçy ýurt" bolýar diýip, Zelenski aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG