Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda COVID-a garşy "buster" sanjymyny etdirmedik býujetçiler tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýär


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda koronawirusyň ýeke hadysasynyň hem hasaba alynmandygyny öňe sürýän türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli künjeklerinde ilata COVID-19-a garşy üçünji, "buster" sanjymlaryny etmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýär. Munuň bilen baglylykda, üçünji sanjymy urdurmadyk býujet işgärleri tölegsiz zähmet rugsadyna iberilýär.

"Işleýän adamlardan, hususan-da, döwlet edara-kärhanalarynyň işgärlerinden üçünji sanjymy urdurandygy barada güwänama talap edilýär. Eger býujet işgärleri "buster" sanjymyny etdirmedik bolsa, onda olar dessine tölegsiz zähmet rugsadyna ugradylýar. Olar sanjym alýança işe goýberilmeýär. Gysgaça aýdanymyzda, raýatlar sanjym almaga mejbur edilýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran maryly býujetçileriň biri 4-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda ilata "buster" sanjymyny etmek işlerine ýanwaryň ahyrynda girişdi. Ilata Russiýanyň "Sputnik" waksinasy urlup, bu işler saglyk öýlerinde amal edilýär. Fewralyň ortalarynda habarçylarymyz üçünji sanjymy etdirmediklere öz sebitiniň daşyna çykmaga rugsat berilmeýändigini hem gürrüň beripdiler.

Türkmenistan geçen ýylyň iýulynda COVID-19 waksinasyny hökmany etdi. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri pandemiýanyň başyndan bäri koronawirusyň ýurtda hasaba alynmandygy baradaky öňe sürmelerini tutanýerlilik bilen dowam etdirýär.

Azatlygyň ýurduň saglygy goraýyş ulgamyndaky çeşmelerine görä, 2020-nji ýylyň martyndan bäri Türkmenistanda COVID-19-dan 25 000 adam ýogalypdyr.

Bu aralykda, habarçylarymyz sanjymlaryň birinji, ikinji we üçünji dozalarynyň arasyndaky wagt möhletiniň saklanmaýandygyny we olaryň käbirleriniň örän ýakyn aralykda urulýandygyny habar berýärler.

Saglyk işgärleriniň birnäçesi munuň sebäplerini "ilata COVID-19-a garşy sanjymyň üçünji dozasyny gysga wagtda edip tamamlamak" barada häkimiýetleriň beren tabşyryklarynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

"Ikinji sanjymy alanyňdan soňra, üçünji sanjymy urdurmak üçin ýene alty aý garaşmaly. Ýöne Türkmenistanda hemişeki ýaly ilki adam saglygyna däl-de, buýrulan işleriň çalt wagtda kagyz ýüzünde berjaý edilşine has köp üns berilýär. Adamlar ikinji sanjymdan soň alty aý garaşmagyň deregine iki-üç aýdan sanjym etdirmäge mejbur bolýar. Käte ähli sanjymlaryň arasy bir aý bolýar" diýip, Marynyň saglyk öýleriniň birinde işleýän şepagat uýasy 4-nji martda gürrüň berdi.

Efirde atlandyrylmasyzlygyny soran şepagat uýasy barlagçylaryň ilki resminamalary barlaýandygyny we "buster" sanjymyny almakdan ýüz öwren raýatlaryň sanawyny düzýändigini hem aýtdy.

"Raýatlara sanjymyň üçünji dozasy edilip gutarandan soňra, sanjymdan ýüz öwren raýatlaryň waksina urdurmaga mejbur edilmegine garaşylýar. Biz raýatlara "iň soňunda sanjym almaly bolarsyňyz, şonuň üçin şu wagt alyp dynyň, bir topar gepiň üstünden bararsyňyz" diýýäris. Ýöne olaryň köpüsi "şoňa ýetenimizde göreris, edil şu wagt almak islemeýäris" diýýär" diýip, şepagat uýasy gürrüň berdi.

Azatlyga ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Mary welaýat häkimliginden we saglyk bölüminden goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak başartmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG