Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda köpçülikleýin waksina edilýär. Kerkide täze karantin zolagy guruldy 


Hassahana. Kerki (1999-2017-nji ýyllarda Atamyrat şäheri) Illýustrasiýa suraty
Hassahana. Kerki (1999-2017-nji ýyllarda Atamyrat şäheri) Illýustrasiýa suraty

Öz territoriýasynda koronawirusyň bardygyny ykrar etmeýän Türkmenistan oňa garşy göreşini dowam etdirýär. Şu günler Aşgabatda koronawirusa garşy köpçülikleýin waksinasiýa geçirilýär, köçelerde dezinfeksiýa çäreleri görülýär, häzirki wagtda ýurduň esasy howa derwezeleriniň ýerleşýän welaýatynda COVID-19 hassalary üçin täze karantin zolagy gurulýar.

Aşgabatda ýaşy 65-den geçen adamlara, şeýle-de mugallymlara, polisiýa işgärlerine we medisina işgärlerine gaýtadan waksina edilýär. Sanjym üçin Russiýanyň “Sputnik Light” sanjymy ulanylýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, "Sputnik" waksinasy ulanylyp, edilýän sanjymlar paýtagtda 29-njy ýanwarda başlanypdyr. Waksina şäheriň saglyk öýlerinde edilýär.

Aşgabadyň keselhanasy, ýanwar, 2022
Aşgabadyň keselhanasy, ýanwar, 2022

Türkmenistanda resmi taýdan hasaba alnan waksinalar Orsýetde we Hytaýda öndürilýär.

Türkmenistan, koronawirusa garşy sanjym etmegi hökmany eden az sanly ýurtdan biridir. Şeýle-de bolsa, resmiler koronawirusyň ýurtda hasaba alynmandygyny tutanýerli öňe sürýärler.

Azatlygyň ýurduň saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmelerine görä, ýurt ýolbaşçylarynyň ret etmegine garamazdan, bu kesel bilen näsaglanlar resmi taýdan ýazga alynýar we bu sanlara görä, pandemiýa başlaly bäri Türkmenistanda COVID-19-dan 25 000 adam ýogalypdyr.

Soňky günlerde paýtagtda köçeleri we köpçülik ýerlerini dezinfeksiýa etmek çäreleri hem güýçlendirildi. Habarçynyň sözlerine görä, agşamlaryna we gijelerine köçelere "Hlorheksidin" sepilýar.

Bu aralykda, ýurduň gündogaryndaky Lebap welaýatynda täze karantin zolagy guruldy. Kerki şäherinde, Amyderýanyň üstünden geçýän köpriniň gapdalynda täze karantin guruldy. Bu barada Azatlyk Radiosyna Lebapdaky saglyk edaralaryndaky çeşmeler habar berildi.

Karantin zolagy Türkmenistana daşary ýurtlardan gelýänleri üç hepdelik saklamak üçin enjamlaşdyrylypdyr. 300 adam üçin niýetlenen bu desga aýallar we erkekler üçin aýratyn otaglardan, naharhana we hammamdan ybarat.

Kerki şäheri, daşary ýurt gatnawlarynyň köpüsiniň gelýän ýeri bolan Türkmenabatdan 200 km uzaklykda ýerleşýär. Şäheriň özünde-de halkara howa menzili bar. Azatlygyň aeroportdaky çeşmesi Kerkiniň aeroportuna halkara uçarlarynyň gelmegine we ýolagçylaryň täze karantin zolagyna eltilmegine garaşylýandygyny habar berýär.

Azatlygyň Kerkiniň howa menzilindäki çeşmesine görä, bu aeroporta daşary ýurt gatnawlarynyň, hususan-da Täjigistandan we Owganystandan uçarlaryň gelmegine garaşylýar. Bu, pandemiýa sebäpli beýleki ýurtlarda galan raýatlary eltmek üçin goşmaça mümkinçilikler döreder diýip, çeşme belleýär we mundan başga-da, TOPH gazgeçirijisini gurmak ýaly bilelikdäki türkmen-owgan taslamalaryna gatnaşýan dürli kompaniýalaryň işgärleriniň sanynyň köpelmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýdýar. Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň resmilerinden maglumat alyp bilmedi.

Türkmenistanda ýanwaryň ortalarynda girizilen gulplamadan soň gündogar sebite giriş düýbünden ýapyldy. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä söwda, hyzmat we güýmenje desgalarynyň ýapylmagy bilen birlikde ilatly punktlaryň we etraplaryň arasyndaky ýollar petiklendi, tutuş welaýata girmek we çykmak düzgüni çylşyrymlaşdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG