Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrain şäherlerinden asuda ilaty ewakuasiýa etmek tagallalary başlandy


Şäherden çykmaýaga çalyşýan adamlar

Russiýa birnäçe ukrain şäherinden, şol sanda ençeme günläp topa tutulan Kiýewden we port şäheri Mariupoldan ilatyň ewakuasiýa edilmegi üçin 8-nji martda ynsanperwerlik koridorlaryny açjakdygyny aýtdy. Bu habar iki tarapyň arasynda geçirilen gepleşikleriň üçünji tapgyryndan soň peýda boldy, Ukrainanyň ýokary derejeli resmisi howpsuz koridorlary gurmak meselesinde kiçijik ilerlemäniň bolandygyny aýtdy.

Koridorlary gurmak iki tarapyň arasyndaky oňuşmazlygyň bir meselesi boldy we ozalky synanyşyklaryň şowsuzlygy sebäpli rus topuna tutulan we yzygiderli bombalanan şäherleriň içinde müňlerçe adam çykyp bilmän galdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi 8-nji martda, Moskwa wagty bilen sagat 10-dan ewakuasiýa ýollarynyň açyljakdygyny aýtdy. Ewakuasiýa ýollarynyň açyljak şäherleriniň sanawyna Kiýew, Çernihow, Sumy, Harkow we daşy gabalan Mariupol şäherleri girizildi. Emma olaryň ählisiniň çykyş ugry Russiýanyň we Belerusyň üstünden geçýär, Kiýew bu teklibi bireýýäm ret etdi.

Şu aralykda Ukrainanyň gündogaryndaky Sumy şäherinden açylan bosgun koridory arkaly ilkinji bosgun awtobuslarynyň çykyp başlandygy habar berildi.

Sebit gubernatory Dmitro Žiwitski 8-nji martdaky wideo beýanatynda ilkinji awtobuslaryň Russiýanyň serhedinden 50 km uzaklykda ýerleşýän Sumydan Ukrainanyň merkezi şäheri Poltawa, takmynan 175 km günortada ýerleşýän şähere gidendigini aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň habaryna görä, günorta Mariupol şäheri üçin ylalaşylan başga bir gumanitar koridor rus güýçleriniň hüjümine sezewar boldy.

"Duşman gös-göni ynsanperwerlik koridoryna gönükdirilen hüjümi amala aşyrdy" diýip, Ministrlik Facebookda habar berdi we rus goşunynyň çagalara, aýallara we garrylara şäherden çykmak mümknçiligini bermändigini aýtdy.

Mariupolda, Gara deňziň boýundaky port şäherinde 430 müň ýaşaýjynyň ýaryna golaýy, 200 müň çemesi adam ol ýerden çykmaga çalyşýar.

Kiýewden takmynan 350 km gündogarda ýerleşýän Sumy hem Russiýanyň güýçli bombalamagyna sezewar boldy.

Ukrain prezidentiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak gepleşikler gutarandan soň, umuman ýagdaýy gowulaşdyrjak hiç hili netijäniň ýokdugyny aýtdy, ýöne ol gepleşikleriň dowam etjekdigini nygtady.

Russiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wladimir Medinski hem gepleşikleriň dowam etjekdigini aýtdy, ýöne ol gepleşikleriň kyndygyny belledi.

"Dogrusyny aýtsak, gepleşiklerden garaşýan zatlarymyz çykmady we indiki gezek möhüm ädim ätjekdigimize umyt edýäris" diýip, ol aýtdy.

BMG-niň gumanitar ýolbaşçysy 7-nji martda adamlary özleriniň “saýlap alan ugruna” goýbermäge we duşmançylyk sebitlerine ynsanperwerlik kömekleriniň ygtybarly geçelgesiniň üpjün edilmegine çagyrdy.

Martin Griffiths BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde öz edarasynyň gumanitar kömekleriniň zerur ýerlerine giň möçberde ýetirilmegine ýol açmak maksady bilen Moskwa, rus goşunlary bilen işleşjek bir topar iberendigini aýtdy.

Griffiths iki tarapyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny gutlady we “gelýän sagatlarda has ilerlemäge” umyt bildirdi.

Griffiths BMG-niň we onuň hyzmatdaşlarynyň eýýäm ýüzlerçe müň adamy azyk bilen üpjün edendigini, Bütindünýä azyk programmasynyň bolsa, “Ukrainanyň içindäki 3-5 million adama gyssagly azyk we nagt pul kömegini bermek üçin üpjünçilik zynjyryny döredýändigini” aýtdy.

Mundan başga, Ukrainanyň Gyzyl Haç guramasy müňlerçe adama arassaçylyk we azyk bukjalaryny, ýyly eşikleri we derman paýlady.

Şu aralykda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen ukrain kärdeşi Dmitro Kulebanyň 10-njy martda Türkiýäniň Antalýa şäherinde duşuşjakdygyny we bu ýygnaga özüniň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Mariýa Zaharowa Lawrowyň Türkiýede guraljak duşuşyga gatnaşandygyny tassyk etdi. Ol üç taraplaýyn duşuşyk bardaky ylalaşygyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň arasynda bolan telefon gürrüňinde, "türk lideriniň başlangyjy boýunça" gazanylandygyny aýtdy.

Kuleba Ankaranyň beýanatyny tassyklady we Lawrow bilen gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

"Häzirki pursatda duşuşyk 10-nuna bellendi. Geliň, onuň (Lawrow) Antalýa uçuşyny göreliň, soň menem uçaryn, geliň, oturyp gürleşeliň" diýip, Kuleba aýtdy.

Kuleba metbugat ýygnagynda eden çykyşynda Kiýewiň "döwlet üçin wajyp bolan pozisiýalaryň hiç birinden ýüz öwürmejekdigini" aýtdy.

NATO-nyň agzasy bolan Türkiýe hem Kiýew, hem Russiýa bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 24-nji fewralda Ukraina goşun sürýändigini yglan edeninden soň başlanan urşu[ bes edilmegi üçin birnäçe gezek çagyryş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG