Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus güýçleri Ukrainada atom elektrik stansiýasyny ele geçirdi. Kiýewiň golaýynda we günorta şäherlerde uruş möwjeýär

Zaparožýe atom elektrik stansiýasynda 4-nji marta geçilen gije düşürilen surat.

Günorta-gündogar Ukrainada düýn gije rus güýçleri tarapyndan oka tutulan Zaporožýe atom elektrik stansiýasynda dörän ýangyn söndürilenden soňra, Ukrainanyň ýadro agentligi bu desgada hiç hili syzmalaryň tapylmandygyny aýtdy.

Ýerli resmiler rus harby kerweni Zaporožýe golaýlanda rus güýçleriniň atom elektrik stansiýasyna ot açandyklaryny aýtdy we sebit häkimiýetleri ruslaryň desgany ele geçirendiklerini tassyklady.

Bu waka Birleşen Milletler Guramasyny we halkara atom düzümlerini adatdan daşary ýagdaý halatlaryny kabul etmäge iterdi. Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonsonyň edarasy bu ýagdaýy maslahat etmek üçin onuň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşinden adatdan daşary ýygnak geçirmegi haýyş etjekdigini aýtdy.

“Radiasiýa ýagdaýynda üýtgeşiklik bellige alynmady” diýip, Ukrainanyň Döwlet ýadro düzgünleşdirijisi 4-nji martda irden aýtdy.

Rus goşunlary ulanyşdan galan Çernobyl atom elektrik stansiýasyny hüjümiň ilkinji gününde ele geçirdi. Döwlet ýadro düzgünleşdirijisi şonda radiasiýa derejesiniň ýokarlanmagyna agyr harby tehnikalar zerarly ýokary göterilen radioaktiw tozanyň sebäp bolandygyny aýtdy.

Satellit suratlary Russiýanyň Kiýewiň etegindäki uly harby kerwenini görkezýär

Russiýanyň harby kerweni Iwankiwiň golaýynda. 28-nji fewral
1/9 Russiýanyň harby kerweni Iwankiwiň golaýynda. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
28-nji fewralda Kiýewiň Antonow aeroportunyň gündogaryndaky T-1011 magistral ýoly bilen barýan harby kerweniň günorta bölegi
2/9 28-nji fewralda Kiýewiň Antonow aeroportunyň gündogaryndaky T-1011 magistral ýoly bilen barýan harby kerweniň günorta bölegi
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Iwankiwiň golaýyndaky Russiýanyň harby kerweniniň ýene bir bölegi. 28-nji fewral.
3/9 Iwankiwiň golaýyndaky Russiýanyň harby kerweniniň ýene bir bölegi. 28-nji fewral.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Kiýewiň demirgazygyndaky Iwankiwiň günorta-gündogarynda Russiýanyň harby serişdeleri ýerleşdirilýär.
4/9 Kiýewiň demirgazygyndaky Iwankiwiň günorta-gündogarynda Russiýanyň harby serişdeleri ýerleşdirilýär.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
27-nji fewralda Russiýanyň harby ulaglary Iwankiwiň etegindäki Şewçenka köçesinden Kiýewe tarap barýarlar.
5/9 27-nji fewralda Russiýanyň harby ulaglary Iwankiwiň etegindäki Şewçenka köçesinden Kiýewe tarap barýarlar.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
28-nji fewralda Iwankiwiň günorta-gündogaryndan harby kerweniň demirgazyk bölegi barýar.
6/9 28-nji fewralda Iwankiwiň günorta-gündogaryndan harby kerweniň demirgazyk bölegi barýar.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Belarusyň Khilçikha sebitindäki gury ýer goşunlarynyň serişdeleri we kerweni. 28-nji fewral
7/9 Belarusyň Khilçikha sebitindäki gury ýer goşunlarynyň serişdeleri we kerweni. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
28-nji fewralda Kiýewiň golaýyndaky Zdwyžiwka şäherinde uly sanda gury ýer goşunlary ýerleşdirilýär.
8/9 28-nji fewralda Kiýewiň golaýyndaky Zdwyžiwka şäherinde uly sanda gury ýer goşunlary ýerleşdirilýär.
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Kiýewiň günbataryndaky Stoýanka sebitinde weýran edilen köpri. 28-nji fewral
9/9 Kiýewiň günbataryndaky Stoýanka sebitinde weýran edilen köpri. 28-nji fewral
Maxar Technologies tarapyndan ýaýradylan satellit suratlarynda uzynlygy 65 kilometre golaý uzaýan Russiýanyň harby ulaglarynyň we artilleriýasynyň 27-28-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewden ençeme kilometr uzaklyga gelendigini görse bolýar.
Previous slide
Next slide

Bu aralykda, 4-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan giň gerimli çozuşynyň dokuzynjy gününde Russiýanyň günorta şäherlere edýän güýçli hüjümleri dowam edýär, paýtagt Kiýewiň demirgazyk eteginde bombalanan jaýlardan tüsse ýokaryk göterilýär.

Dnepr derýasyna degişli suw howdanynyň ýakasynda ýerleşýän Zaporožýe atom elektrik stansiýasy Ýewropadaky iň iri atom elektrik stansiýasy bolup, bu desga Ukrainanyň içerki elektrik üpjünçiliginiň bäşden birini öndürýär.

BMG-niň ýadro agentligi 4-nji martda bu ýagdaý bilen baglylykda özüniň adatdan daşary ýagdaý merkezini doly hüşgärlik ýagdaýyna geçirendigini aýtdy.

ABŞ-nyň energetika sekretary Jennier Granholm 3-nji martda desgada radiasiýa derejesiniň ýokarlanmagynyň ilkinji alamatlarynyň bolmandygyny aýtdy.

Bir wideoda Zaporožýede bäş gatly bir binada dörän ýangyn görkezilýär. Bu binanyň tälim-türgenleşik desgasy bolandygy habar berilýär.

Zaporožýeniň häkimi Dmitro Orlow rus güýçleriniň ýadro desgasyndan birnäçe kilometr uzaklykda ýerleşýän bir barlag nokadyna we asuda ilata ot açandyklaryny, sebitde artillerýa hüjümleriniň azyndan bir sagat dowam edendigini aýtdy. Ol şäheriň suw hem-de elektrik üpjünçiliginiň kesilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Zaporožýedäki sebit administrasiýasy rus goşunlarynyň desgany ele geçirendiklerini we “işgärleriň desgadaky elektrik öndüriji enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik edýändiklerini” aýtdy.

Kiýew rus güýçleriniň topluma girendiklerini tassyklady.

Ženewa konwensiýasyna girizilen bir teswirnama ýadro desgalaryna harby hüjüm edilmegini çäklendirýär.

Russiýanyň Ukraina hüjümi güýçlenýär: müňlerçe adam gaçýar, müňlerçe adam gaýtawul berýär

Ulagyň içinde we gapdalynda ukrain uniformasyndaky rus harby gullukçylarynyň jesetleri. Olar 25-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewe edilen hüjümlerde atyldy.
1/17 Ulagyň içinde we gapdalynda ukrain uniformasyndaky rus harby gullukçylarynyň jesetleri. Olar 25-nji fewralda Ukrainanyň paýtagty Kiýewe edilen hüjümlerde atyldy.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Uruşdan gaçýan adamlar, Polşanyň Medyka şäheriniň golaýynda, bir ukrain maşgalasy serhetden geçýär. 25-nji fewral.
2/17 Uruşdan gaçýan adamlar, Polşanyň Medyka şäheriniň golaýynda, bir ukrain maşgalasy serhetden geçýär. 25-nji fewral.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
25-nji fewralda bir aýal Kiýewdäki raketa zarbasyna uçranýaşaýyş jaýyň öňünden barýar.
3/17 25-nji fewralda bir aýal Kiýewdäki raketa zarbasyna uçranýaşaýyş jaýyň öňünden barýar.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ukrain esgerleri 2014-nji ýylda Russiýanyň tarapdary prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegine sebäp bolan Garaşsyzlyk meýdançasynda döredilen "Men Ukrainany söýýärin" diýen ýazgynyň alnyndan geçip barýarlar.
4/17 Ukrain esgerleri 2014-nji ýylda Russiýanyň tarapdary prezident Wiktor Ýanukowiçiň işden çekilmegine sebäp bolan Garaşsyzlyk meýdançasynda döredilen "Men Ukrainany söýýärin" diýen ýazgynyň alnyndan geçip barýarlar.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ukrain esgeri 25-nji fewralda Kiýewde urlup ýykylan uçaryň galyndylaryna seredýär.
5/17 Ukrain esgeri 25-nji fewralda Kiýewde urlup ýykylan uçaryň galyndylaryna seredýär.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ukrain esgerleri aýala we çagalara 26-njy fewralda Rumyniýanyň Baia Mare şäheriniň golaýyndaky serhetden geçmäge kömek edýär.
6/17 Ukrain esgerleri aýala we çagalara 26-njy fewralda Rumyniýanyň Baia Mare şäheriniň golaýyndaky serhetden geçmäge kömek edýär.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Adamlar Kiýew şäherindäki bombadan goranyş buky ýerde, 26-njy fewral.
7/17 Adamlar Kiýew şäherindäki bombadan goranyş buky ýerde, 26-njy fewral.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Kiýewiň uly söwda merkezindäki boş galan tekjeler.
8/17 Kiýewiň uly söwda merkezindäki boş galan tekjeler.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Bir aýal çagany çüýşeden iýmitlendirýär. Ukrainadan Slowakiýa gelen bosgunlar 25-nji fewralda.
9/17 Bir aýal çagany çüýşeden iýmitlendirýär. Ukrainadan Slowakiýa gelen bosgunlar 25-nji fewralda.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Gijeki söweşlerden soň. Ukrain harbylary we halas edijileri Kiýewde zeper ýeten ulagyň ýanynda durlar. 26-njy fewral.
10/17 Gijeki söweşlerden soň. Ukrain harbylary we halas edijileri Kiýewde zeper ýeten ulagyň ýanynda durlar. 26-njy fewral.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ukrain soldatlary 26-njy fewralda, ir ertir dem-dynç alýarlar.<br />
&nbsp;
11/17 Ukrain soldatlary 26-njy fewralda, ir ertir dem-dynç alýarlar.
 
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Kiýewdäki raketa hüjümi netijesinde zeper ýeten jaý. 26-njy fewral.
12/17 Kiýewdäki raketa hüjümi netijesinde zeper ýeten jaý. 26-njy fewral.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 26-njy fewralda Kiýewden wideo habaryny çap etdi. Onuň sözlerine görä, Ukraina tabyn bolmaz.<br />
&nbsp;
13/17 Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 26-njy fewralda Kiýewden wideo habaryny çap etdi. Onuň sözlerine görä, Ukraina tabyn bolmaz.
 
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Medisina işgärleri nobatdaky hüjümden ýaralanan aýaly Tiz kömek ulagyna alýarlar.
14/17 Medisina işgärleri nobatdaky hüjümden ýaralanan aýaly Tiz kömek ulagyna alýarlar.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Ýangyn söndürijiler Kiýewdäki köp gatly jaýda ýangyn söndürýärler.<br />
&nbsp;
15/17 Ýangyn söndürijiler Kiýewdäki köp gatly jaýda ýangyn söndürýärler.
 
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
26-njy fewralda howa hüjümi sirenasy wagtynda, Kiýewde busup oturan adamlar.
16/17 26-njy fewralda howa hüjümi sirenasy wagtynda, Kiýewde busup oturan adamlar.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Atyşykdan soň Kiýewdäki ýaşaýyş jaýyndan galan bölekler.
17/17 Atyşykdan soň Kiýewdäki ýaşaýyş jaýyndan galan bölekler.
Rus goşunlary Ukrainanyň paýtagty Kiýewi gabady. Ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän şäherlere we harby bazalara howa zarbalary urlandan we köp sanly goşun gelenden soň, köp adam Ukrainadan çykyp, goňşy ýurtlara gaçdy. Köpüsi söweşleri dowam etdirýär.
Previous slide
Next slide

Prezident Wolodmyr Zelenskiý desgada ýangyn döränden soň wideo ýüzlenme çap edip, ýewropalylara duýduryş berdi: “Haýyş, oýanyň! Öz syýasatçylaryňyza aýdyň, rus goşunlary Ukrainadaky atom elektrik stansiýasyna ot açýar”

Zelenskiý ABŞ prezidenti Jo Baýden hem-de Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson bilen gürleşip, olary Zaporožýedäki soňky ýagdaýlardan habarly etdi.

“Prezident Baýden prezident Zelenskä goşulyp, Russiýany bu sebitde harby hereketleri bes etmäge hem-de ýangyn söndürijilere we adatdan daşary ýagdaý boýunça işgärlere desganyň ýerleşýän ýerine girmäge rugsat bermäge çagyrdy” diýip, Ak tam aýtdy.

“[Rus] prezidenti [Wladimir] Putiniň oýlanyşyksyz hereketleri indi tutuş Ýewropanyň howpsuzlygyna gönüden-göni wehim salýar” diýip, Jonsonyň edarasy aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) baş direktory Rafael Grossi agentligiň 2-nji martda Wenada geçiren ýörite ýygnagynda desgalarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin we olardaky işgärlere goldaw bermek üçin BMG-niň ýadro gözegçisiniň “ähli taraplar” bilen işleşýändigini aýtdy.

Beýleki sebitlerde barýan uruş barada aýdylanda, düýn gije adam ýitgilerine getiren agyr bomba hüjümlerinden soňra, 4-nji martda irden Kiýewiň daşyndaky Çernihew şäherinde ot alan ýaşaýyş jaýlaryndan tüsse çykýar.

Şeýle-de, Günorta Ukrainadaky şäherlerde ruslaryň agyr bomba hüjümleri we şäherleriň daşyny gabamak synanyşyklary dowam edýär. Ol ýerde Russiýanyň ilkinji göwrümli şäheri, Hersony basyp alandygy habar berilýär we, görnüşinden, rus güýçleri Gara deňziň strategik kenarynda gözegçiligi ele geçirmäge çalyşýar.

Putin 24-nji fewralda Ukraina garşy giň gerimli hüjüme girişeli bäri, müňlerçe adam ölendir öýdülýär we barha giňeýän bosgun krizisiniň arasynda milliondan gowrak ukrainaly günbatara gaçdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG