Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain we rus daşary işler ministrleri hüjümiň başyndan bäri ilkinji duşuşyk geçirdiler


Ukrainanyň we Orsýetiň daşary işler ministrleri Dmytro Kulebanyň (sag tarapda) we Sergeý Lawrowyň (çep tarapda) duşuşygy Türkiýäniň kurort şäheri Antalýada geçýär.

Kiýewiň we Moskwanyň arasynda geçirilen ilkinji ýokary derejeli gepleşiklerde parahat ilat üçin ynsanperwerlik koridorlaryny döretmek we ok atyşygy bes etmek ugrunda öňegidişlik gazanylmady bu Mariupol şäheriniň golaýyndaky çaga dogrulýan öýe Russiýanyň eden hüjümi sebäpli global derejede gahar-gazabyň artan pursadyna gabat geldi. Ukrain resmiler üç adamyň, şol sanda bir çaganyň wepat bolandygyny aýdýarlar.

Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba 10-njy martda Türkiýede geçirilen gepleşiklerden soň žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda rus kärdeşi Sergeý Lawrowyň Kiýewiň ileri tutýan gumanitar meselesi, ýagny duzaga düşen adamlary ewakuasiýa etmegi üçin söweşi togtatmak islemeýändigini aýtdy.

Prezident Wolodymyr Zelenskiý Russiýany lukmançylyk merkezine edilen hüjüm bilen uruş jenaýaty etmekde günäkärledi, we munuň ABŞ-nyň Ikinji jahan urşundan bäri Ýewropa döwletine edilen iň uly hüjüminiň güýçden düşüriji bolup biljekdigi, sebäbi Russiýanyň ukrainlerden garaşmadyk has güýçli garşylyk bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny duýdurandygyny nygtady.

Ak tam bu hüjümi parahat ilata garşy "wagşy" güýç ulanmak diýip ýazgardy, britan premýer-ministri Boris Jonson bolsa ony "ahlaksyz" diýip atlandyrdy.

Lawrow gaýduwsyzlyk görkezip, Russiýanyň Ukrainadan ýaragsyzlanmagyny we bitarap statusy kabul etmegini talap edýändigini žurnalistlere gaýtalap, eglişik görkezmedi.

Kuleba "Ukrainanyň boýun egmändigini, boýun egmeýändigini we boýun egmejekdigini gaýtalamak isleýärin" -diýip, Türkiýäniň Antalýa kurortynda geçirilen duşuşykdan soň žurnalistlere aýtdy.

"Biz diplomatiýa taýyn, diplomatik çözgüt gözleýäris, emma bolmasa-da, öz topragymyzy, halkymyzy rus agressiýasyndan gorarys" diýip Ukrainanyň daşary işler ministri aýtdy.

Kulebanyň "gumanitar koridor" çagyryşyna garamazdan, Mariupol şäher geňeşi 10-njy martda has köp rus okunyň atylandygyny habar berdi.

Geňeş onlaýn habarynda "Bombalar öýleri urýar" -diýdi. Maglumatda Russiýanyň gabawy wagtynda 1200 ýaşaýjynyň heläk bolandygy aýdylýar. "Gyzyl Haj" guramasy 400 müňden gowrak ilatly Mariupol şäheriniň ynsanperwer kömegine we ewakuasiýa mätäç ilatynyň "apokaliptik" şertlere duçar bolandygyny aýtdy.

Ukrainanyň prezidentiniň geňeşçisi Oleksiy Arestowiç Russiýany Mariupoldan parahat ilatyň ewakuasiýa edilmeginiň öňüni almakda aýyplady.

Kreml Mariupoldaky keselhana edilen hüjüme serediljekdigini aýtdy, ýöne Lawrow strategiki Gara deňiz portundaky lukmançylyk merkeziniň milletçiler üçin harby baza bolup hyzmat edýändigini öňe sürdi. Onuň sözleri Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskowyň birnäçe sagat öň "ol ýerde bolup geçen zatlar barada takyk maglumatymyz ýok" diýip beren beýanatyna aç-açan garşy gelýär.

Ýurduň lukmançylyk merkezleriniň nyşana alynmagy Mariupoldaky keselhana edilen hüjüm bilen çäklenmedi. Kiýewden 150 km günbatarda ýerleşýän 260 müň ilatly şäher Žitomyrda iki hassahana bomba düşdi, olaryň biri çagalar hassahanasy diýip, şäher häkimi Serhii Suhomlyn Facebookda habar berdi. Ol ýaralanan adamlaryň ýokdugyny aýtdy.

Russiýa iki hepde öň Ukraina bilkastlaýyn çozup başlaly bäri 18 sany lukmançylyk merkezine hüjüm etdi, diýip Bütindünýä saglyk guramasy Russiýanyň howa zarbasy zerarly Gara deňziň Mariupol portundaky çaga dogrulýan öýüň weýran bolmagynyň yzýany aýtdy.

Mariupola edilen hüjüm on müňlerçe ukrain raýatynyň Russiýanyň yzygiderli bombalanmagy sebäpli sebitleri terk etmäge synanyşýan mahaly ýüze çykdy. Hüjümler diplomatiýa tagallalaryna we Günbataryň Moskwa garşy sanksiýalaryna garamazdan, azalmaýana meňzeýär.

Sebit häkiminiň aýtmagyna görä, ok atyşygy ýes etmek baradaky ýerli ylalaşyga laýyklykda, Sumy şäheriniň ýaşaýjylary 10-njy martda gabaw astyndaky "gumanitar koridor" arkaly üç gün bäri şäheri terk edýärler.

Gubernator Dmitro Çywytskiniň sözlerine görä, 24-nji fewralda Ukrainana hüjüm eden Russiýa bilen gelnen ylalaşyga görä, hepdäniň dowamynda birnäçe müň adam Sumy şäherini terk edipdir.

Bu aralykda, ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 10-njy martda Warşawada Polşanyň ýolbaşçylary bilen Orsýetiň çozuşy barada gepleşik geçirýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň bosgunlar gullugy Ukrainany terk edne adamlaryň sanynyň 9-njy martda 2,2 million adama ýetendigini çaklady we Russiýanyň çozuşy başlaly bäri Ukrainadan gaçyp gidenleriň sanynyň artýandygyny artdy.

Olaryň köpüsi goňşy Polşa geçdi, ýurduň serhet gullugy 10-njy marta çenli 1 million 430 müň ukrainalynyň serhetden geçendigini habar berdi.

Ýewropa Bileleşigi ýene-de 14 oligarhy, Russiýanyň ýokary palatasynyň 146 agzasyny we olaryň maşgalalaryny nyşana alýan täze çäreleri girizip, "Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasyna dahylly" adamlara garşy sanksiýalary güýçlendirmegini dowam etdirdi.

27 agzaly blog 10-njy martda Fransiýanyň Wersal şäherinde sammit geçirer we Ukrainanyň çozuşyny we Ýewropada ýüze çykan energiýa krizisini ara alyp maslahatlaşar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG