Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabada Ukrainadan türkmen bosgunlaryny getiren ilkinji uçar gondy, 13-nji marta ikinji reýs planlaşdyrylýar


Russiýanyň çozmagy netijesinde Ukrainany 2 milliondan hem aşa adam terk etdi

Türkmenistan Ukrainadaky uruşdan gaçyp goňşy ýurtlara çykan raýatlary üçin 13-nji martda Polşadan ýörite uçar gatnawyny gurnaýar. Bu barada Azatlyga 10-njy martda Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasy habar berdi. Ilçihananyň işgäriniň sözlerine görä, türkmen raýatlary üçin uçuş mugt bolar, şeýle-de bu reýs bilen 300 adamy çykarmak göz öňünde tutulýar. Bu aralykda, 10-njy martda Rumyniýanyň paýtagty Buharestden Türkmenabada – Russiýanyň Ukraina çozmagy netijesinde goňşy ýurda çykmagy başaran – türkmen raýatlary bilen ilkinji uçar geldi.

13-nji martda ýörite uçuşyň gurnalnýandygy baradaky maglumat ilkinji gezek 9-njy martda Türkmenistanda petiklenmedik ýeke-täk messenjer IMO-da peýda boldy. Bu maglumatda Türkmenistanyň Berlindäki ilçihanasynyň nomeri görkezilip, 10-12-nji mart aralygynda uçara ýazga durup boljakdygy bellenildi.

Ukrainadan Polşa ýa-da golaýdaky beýleki sebitlere aşmagy başaran Türkmenistanyň raýatlary gurnalýan çykyş uçaryna+4915174457816 telefon belgisi bilen ýazga durup bilerler.

Azatlyk bökdençsiz bu belgä jaň etmegi başardy. Özüni türkmen ilçihanasynyň işgäri diýip tanyşdyran bir erkek kişi 13-nji martda Warşawadan ýörite uçuşyň amala aşjakdygyny aýtdy.

“Warşawadan reýs şu ýekşenbe güni, 13-nji martda amala aşyrylar. Uçara ýerler çalt dolýar, meniň pikirimçe, ýene 100 töweregi adamy kabul edip bileris. Umumy hasapda 300 adam ewakuasiýa ediler. Bu Ukrainadan gaçan türkmen raýatlary üçin mugt bolar. Esasy talap – raýatlar mundan ozal Ukrainada bolan bolmaly, ýagny öýsüz-öwzarsyz, iýmitsiz we pulsuz galan bolmaly” diýip, Berlindäki türkmen ilçihanasynyň wekili aýtdy.

Ol watanyna dolanmak isleýän Ukrainadan gelen türkmen bosgunlarynyň görkezilen belgi bilen, has gowusy WhatsApp messenjeri arkaly habarlaşmalydygyny hem sözüne goşdy.

Bu aralykda, 10-njy martda ýerli wagt bilen 6:45-de Türkmenabadyň aeroportuna Buharestden ilkinji ýörite uçar geldi. Onuň bilen Ukrainadaky uruşdan gaçan 285 türkmen raýaty getirildi.

Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmesiniň maglumatyna görä, ýolagçylaryň aglaba bölegi, ýagny 200 töweregi Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alan türkmen studentleridir.

“Ir daňdan sagat 6:45-de Boeing 777 uçary bilen 285 türkmen raýaty geldi. Olaryň ählisinden COVID-19 testi alynandan soňra, olar 21 günlük karantine ýerleşdirildi” diýip, çeşmämiz belledi.

Gysga wagtyň içinde ikinji ýörite uçuşyň gurnalandygy baradaky habar Azatlygyň we beýleki garaşsyz neşirleriniň Ukrainadaky türkmen ilçihanasynyň emele gelen çylşyrymly we howply ýagdaýda watandaşlaryna ýardam bermeýändigi baradaky habarlarynyň yzýanyna gabat geldi. Mundan başga-da, şu hepde Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň işgärleriniň Ukrainadaky uruşdan gaçyp goňşy ýurda çykan türkmen studentlerinden, çykyş uçarlaryna ýa-da awtobuslaryna münüp bilmegi üçin, pul soraýandygy barada hem maglumatlar peýda boldy.

Azatlyk Ukrainadaky türkmenistanlylaryň ýakynlarynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine we Migrasiýa gullugyna ýüz tutýandyklary, olaryň iki hepdäniň dowamyndaky ýüzlenmeleriniň hem netije bermeýändigi barada maglumat berdi.

Turkmen.news neşiri türkmen häkimiýetleriniň howply ýagdaýa düşen raýatlaryna birden kömek edip başlamagyny, türkmenistanlylaryň köpçülikleýin ýagdaýda ýewropa ýurtlaryndan gaçybatalga soramagyndan alada galýandygy bilen baglanyşdyrdy. Turkmen.news ýagdaýlardan habarly çeşmelerine salgylanyp, şeýle maglumat berdi:

“Redaksiýamyza Ukrainadan gaçan Türkmenistanyň käbir raýatlarynyň eýýäm Polşadan, Rumyniýadan we Germaniýadan syýasy gaçybatalga sorandyklary barada maglumat gowuşdy. Studentler Türkmenistanda özlerine hiç hili mümkinçilikleriň ýokdugyna göz ýetirip, watanyna dolanmak islemeýärler”.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Ukrainada entegem türkmen raýatlary bar. Olar köpçülikleýin ýagdaýda beýleki ýurtlara geçmegi planlaşdyrýarlar.

Bu aralykda, adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy Ukrainadan Türkiýä aşmagy başaran ýüzlerçe türkmen raýatynyň, hususanda studenleriň daşarda çykgynsyz ýagdaýda galandyklaryny we watanyna dolanyp bilmeýändiklerini habar berdi.

Türkiýedäki türkmen diplomatlary ýagdaýlary barada şikaýat edip gelen raýatlaryna "Ukrainadan çykan 250 türkmen bosguny toplan halatlarynda, şondan soňra Türkmenistana çykyş uçuşyny gurnamagy wada beripdirler".

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň 5-nji martda beren maglumatyna görä, söweş hereketleri dowam edýän ýurtdan 1 müň 700 türkmen studenti ewakuasiýa edilipdir. Häzirlikçe Ukrainada galan türkmen raýatlarynyň anyk sany belli däl. Dürli maglumatlara görä, Russiýanyň Ukraina çozmagyndan öň bu ýurtda 4 müň 300 – 6 müň aralygynda türkmen raýaty bar eken.

24-nji fewralda Russiýa, prezident Wladimir Putiniň buýrugy bilen, Ukraina çozdy. BMG-niň maglumatyna görä, 2 milliondan hem aşa ukrain we bu ýurtda ýaşan daşary ýurt raýatlary öz öýlerini terk etmäge mejbur boldular. Ýewropa Bileleşigi öz çägine 2,5 milliondan 6 milliona çenli bosguny kabul etmäge taýýarlanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG