Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

MST: Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan prezidenti diýlip ykrar edildi


Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistan prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi, onda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiçiň 72,97 % ses alyp, ýeňiş gazanandygy aýdylýar.

Resmi maglumata görä, 12-nji martda geçirilen irki ses berişlige saýlawlar güni sagat 07:00-dan 19:00 çenli saýlaw hukukly, ýurt boýunça hasaba alnan 3.460.080 saýlawçydan 3.362.052-si ses berdi, ýagny 97,17% gatnaşyk boldy.

Saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşip, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparyň maglumatyna görä, olar aşakdaky netijeleri gazandylar:

Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Begenjow Perhat Guwançgulyýewiç 2,02 %;

Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Bekmyradow Agajan 7,22 %;

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç 72,97 %;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbanow Berdimämmet Hanmämmedowiç 2,22 %;

«Wepaly gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň direktory Meredow Babamyrat Tirkeşowiç 1,08 %;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Nunnaýew Hydyr Kakabaýewiç 11,09 %;

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy Ödeşow Maksat Myradowiç 1,15 %;

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy Öwezgeldiýew Maksatmyrat Aşyrgeldiýewiç 1,16 %;

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Saryýew Kakageldi Atajanowiç 1,09 %.

Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär, Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Berdimuhamedow Serdar Gurbangulyýewiç Türkmenistanyň saýlanylan prezidenti diýlip ykrar edildi.

Türkmenistanda henize çenli abraýly halkara guramalary tarapyndan azat we adalatly diýlip ykrar edilen saýlaw geçirilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG