Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýlawyň öňüsyrasynda käbir harytlar arzanlaýar, käbiri gaýtadan gymmatlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna iki günden hem az wagt galanda, Aşgabatda azyk önümleriniň bahasy birneme peselýärkä, mundan bir aý ozal esli arzanlan käbir harytlaryň nyrhlary gaýtadan ýokarlanýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň paýtagtdan habar bermegine görä, 10-njy martda "Altyn asyr" gündogar bazarynda ýerli kärhanalar tarapyndan öndürilen ýumurtganyň bir gutusy, ýagny 30 sanysy 42 manada arzanlady. Mundan ozal onuň bahasy 45 manada deňdi.

"Arzan harytlaryň arasynda şireli içgiler, ýarym taýýar önümler hem bar" diýip, aşgabatly alyjylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Habarçymyz bahalaryň arzanlamagy bilen bagly ýagdaýyň esasan hususy eýeçilikdäki ýerli firmalar tarapyndan öndürilen harytlara degişlidigine hem ünsi çekýär.

"Häkimiýetler ýerli önüm öndürijileri harytlaryň bahalaryny arzanlatmaga mejbur edýär" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran aşgabatly telekeçi aýtdy.

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagtda harytlaryň arzanlamagy, azyk üpjünçiliginiň gowulaşmagy bilen bagly ýagdaý mundan 20 gün çemesi ozal göze ilip başlady. 22-nji fewralda Lebap welaýatynyň hususy eýeçilikdäki dükanlarynda azyk we senagat önümleriniň bahalary birneme arzanlap, olaryň görnüşleri köpelip başlady.

Köp adam haryt köpdürlüligini we arzançylygyny irki prezident saýlawlary bilen baglanyşdyrýar. Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, prezidentlige kandidat Serdar Berdimuhamedowy wagyz etmek işleri tutuş ýurtda bat alýarka, häkimiýetler ilaty oňa ses bermäge çagyrýar.

Habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolýan ýaşaýjylar "emeli döredilýän arzan azyk bolçulygynyň saýlawlardan soňra ýitirim bolmagyna" garaşýandyklaryny belleýärler.

"Häkimiýetleriň saýlawdan soň azyk önümleriniň bahasyny şu derejede saklap biljekdigi gaty gümana" diýip, aşgabatly alyjy aýtdy.

Habarçymyz ýaşaýjylaryň bu aladalarynyň arasynda, 12-nji martda geçiriljek irki prezident saýlawlaryna iki günden hem az wagt galanda, käbir azyk harytlarynyň bahalarynyň gaýtadan gymmatlap başlandygyny hem habar berýär.

Soňky bir aýyň dowamynda arzanlan we daşary ýurtlardan import edilen bir litr ösümlik ýagynyň bahasy 10-njy martda 32-33 manada gymmatlady. Mundan üç gün ozal onuň bahasy 27 manada barabardy.

Paýtagtyň "Teke" bazarynda çorba taýýarlamak üçin niýetlenen eti aýrylan süňküň bir kilogramy 10 manatdan satylýardy. Soňky günlerde onuň bahasy iki esse gymmatlap, 20 manada ýetdi.

"Unuň bir kilogramynyň bahasy 10 manat bolmagynda galýar" diýip, paýtagtly alyjy aýtdy.

Häkimiýetler ýurtda geçirilýän uly baýramçylyklaryň ýa-da möhüm syýasy wakalaryň öňüsyrasynda, azyk bolçulygyny, arzançylygyny we köpdürlüligini döredýär. Döwlet dükanlarynda käbir gyt önümler peýda bolýar we bazarlarda bahalar peselýär. Şol aralykda telekeçiler häkimiýetleriň bahalary arzanlatmak üçin özlerine basyş görkezýändigini we şeýlelikde, olary öz zyýanyna söwda etmäge mejbur edilýändiklerini habar berýärler. Ýöne bu ýagdaý gysga wagt dowam edip, baýramçylygyň ýa syýasy çäräniň yz ýany aradan aýrylýar.

Türkmenistanda indi bäş ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, azyk önümleriniň döwlet dükanlarynda gytçylygy we bazarlarda gymmatçylygy emele geldi. Bu problemalar soňky ýyllarda, hususan-da, pandemiýanyň fonunda has-da ýitileşdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG