Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain prezidenti rus güýçleriniň Mariupol gabawynda uruş jenaýatlaryna baş goşandygyny aýdýar


Gabaw astyndaky Mariupol şäheri. 18-nji mart, 2022 ý.

Rus goşuny Ukrainanyň gabaw astyndaky Mariupol port şäherinde 400 adama gaçybatalga beren sungat mekdebini bombalady diýip, ýerli häkimiýetler aýdýar.

Resmiler 20-nji martda Telegram arkaly habar berip, mekdebiň ýumrulandygyny we adamlaryň harabalygyň aşagynda galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Adam ýitgisi barada dessin maglumat berilmedi.

Ukrainanyň prezidenti Mariupolyň gabawynyň “rus goşunlarynyň eden uruş jenaýatlary bilen” taryha girjekdigini aýtdy.

“Asuda şähere edilen bu iş – basybalyjylaryň eden işi – asyrlaryň dowamynda terror hökmünde ýatlanar” diýip, Zelenskiý 20-nji martda irden eden wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

16-njy martda rus howa hüjümleri Mariupolda asuda ilata gaçybatalga beren bir teatry tekizledi. Şäher häkimiýetleri 130 adamyň halas edilendigini aýtdy, ýöne köp sanly adam heniz harabalygyň astynda galýan bolup biler. Halas edijiler heniz hem aman galan adamlary gözleýärler.

Has ozal, rus güýçleri Mariupolda çaga dogrulýan hassahanany bombalady.

Rus çozuşy ýurduň köp böleginde haýallap, goşun we harby tehnika ýitgilerine sezewar bolýan mahaly, halkara ýazgaryşlaryň we ok atyşygyň derhal bes edilmegi boýunça edilýän çagyryşlaryň arasynda rus güýçleri ukrain şäherlerini bombalamagy dowam etdirýärler.

“Mariupolda çagalar we garrylar ölýär. Şäher ýykan-ýumran edildi, ýer bilen ýegsan edildi” diýip, Mariupolyň polisiýa işgäri Mihail Werşin Günbatar liderlerine ýüzlenen wideosynda aýtdy. AP bu wideony tassyklady.

Ýerli häkimiýetler iki hepdeden gowrak wagt bäri 400 müň töweregi adamyň Mariupolda tok, suw we ýyladyş üpjünçiligini kesen agyr bomba hüjümlerinden goranyp, gysylyp galýandygyny aýtdylar.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň maslahatçysy Wadym Denysenko 19-njy martda telewideniýede eden çykyşynda ukrain we rus güýçleriniň Mariupolyň “Azowstal” polat zawodynda söweşýändiklerini aýtdy.

“Ýewropanyň iň iri metallurgiýa desgalarynyň biri häzirki wagtda ýykan-ýumran edilýär” diýip, ol aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy Ukrainada uruş başlanaly bäri 847 asuda raýatyň öldürilendigini we 1,399 adamyň ýaralanandygyny aýtdy, ýöne gurama hakyky sanlaryň has köp bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Ukrainanyň Baş prokuraturasy 112 çaganyň öldürilendigini aýtdy.

Bütindünýä saglyk guramasy keselhanalara we saglyk desgalaryna edilen 43 hüjümi özüniň anyklandygyny aýtdy we bu hüjümlerde 12 adamyň öldürilendigini 34 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

BMG-niň sanlaryna görä, 3,3 milliondan gowrak adam Ukrainadan gaçyp, bosgunlyga çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG