Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mary welaýatynda käbir azyk önümleri gymmatlady


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Mary welaýatynda käbir azyk önümleri, hususan-da şeker, günebakar ýagy we gök-bakja önümleri gymmatlady. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji martda sebitden habar berdi.

“Şekeriň 1 kilogramy 19 manada, pomidor 15-19 manada gymmatlady” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy maglumat berdi.

“Diňe bu harytlar däl, eýsem, günebakar ýagy 36-40 manat aralygynda satylýar. Birnäçe gün öň bu ýagy 26 manada satyn alyp bolýardy. Pagta ýagynyň 1,5 litri 40 manatdan satylýar” diýip, habarçymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Onuň maglumatlaryna görä, sebitde şeker we pomidor ýaly önümleriň bahalarynyň ýokarlanmagy bu harytlaryň Türkmenistandan esasan Russiýa Federasiýasyna eksport edilmegi bilen düşündirilýär.

Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagy zerarly Moskwa ýiti ykdysady sanksiýalara uçrady. Özüne garşy girizilen sanksiýalaryň yz ýany Russiýa käbir önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmegini çäklendirdi. 8-nji martda girizilen bu gadagançylyk esasynda, hususan-da şekeriň ekportyna rugsat berilmeýär we gallanyň eksporty çäklendirilýär.

Galyberse-de, Russiýa ykdysady sanksiýalaryň yz ýany türkmen pomidorynyň importyna girizen gadagançylygyny ýatyrdy.

Russiýanyň oba hojalyk gözegçisi “Rosselhoznadzor” 5-nji martda karar kabul edip, beýleki käbir ýurtlardan Russiýa import edilýän harytlara girzen çäklendirmeler bilen bir hatarda Türkmenistandan pomidor we burç import edilmegine girizen gadagançylygyny ýatyrdy.

Ýatlasak, geçen ýylyň martynda Russiýanyň “Rosselhoznadzor” gullugy Türkmenistandan import edilýän pomidoryň Russiýanyň fitosanitariýa şertlerine gabat gelmeýändigi bilen baglylykda onuň importyny çäklendirjekdigini aýdypdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň Şatlyk we Sakarçäge etraplarynda ýörite ýyladyşhanalarda pomidor ösdürip ýetişdirýän daýhan hojalyklaryň işgärleri bilen gürrüňdeş boldy.

Ýyladyşhana işgärleri sebitiň hususy kärhanalarynda öndürilýän gök-bakja önümleriniň soňky wagtlarda has köp mukdarda Russiýa eksport edilýändigini aýdýarlar.

“Ýerli bazarlara hili pes pomidorlar iberilýär” diýip, bir ýyladyşhana işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Galyberse-de, Mary welaýatynda Türkmenistanyň iň iri şeker zawody ýerleşýär. Ýurduň käbir sebitlerinde döwlet plan borçnamasy esasynda ösdürilip ýetişdirilýän şugundyr bu zawodyň şeker önümçiliginde çig mal hökmünde ulanylýar.

Türkmenistan Russiýa, Azerbaýjan we Hindistan ýaly ýurtlardan şeker import edýär. 2019-njy ýyla çenli bar bolan statistiki sanlara görä, Türkmenistan ýurda import edilýän şekeriň 51,5 göterimini Azerbaýjandan, 21.1 göterimini Birleşen Arap Emirliklerinden, 15.8 göterimini Russiýadan, 9.84 göterimini Hindistandan hem-de 1.53 göterimini Belarusdan import edipdir.

Galyberse-de, Türkmenistan ýurda import edilýän uny esasan Russiýadan we Gazagystandan satyn alýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi bilen söwda gatnaşygy ýokarlanypdyr.

Şol bir wagtda, hökümet resmileri importa durýan harytlaryň içerki önümçiliginiň artdyrylmagy ugrunda tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

Öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda geçiren hökümet maslahatynda bazarlaryň we dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen üpjün edilmegi, nyrhlaryň gözegçilikde saklanylmalydygy barada durup geçdi.

Türkmenistan 2016-njy ýyldan soň ykdysady kynçylyklary başdan geçirip başlady. Şondan bäri ýurtda ýygy-ýygydan iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy emele gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG