Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda rus önümleriniň bahasy ýokarlandy, ukrain önümleri tekjelerden ýitdi


"Parhat" etrapçasyndaky döwlet azyk dükanynyň tekjeleri. Aşgabat, 2018-nji ýylyň oktýabr aýy (illýustrasiýa suraty)
"Parhat" etrapçasyndaky döwlet azyk dükanynyň tekjeleri. Aşgabat, 2018-nji ýylyň oktýabr aýy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň bahasy ep-esli ýokarlandy. Ilki bilen rus önümleriniň nyrhy göterildi. Ukrainadan getirilýän önümler paýtagtyň dükanlaryndan ýitdi.

Bahalaryň ýokarlanmagy, ilkinji nobatda, Russiýada öndürilýän un, şeker we ösümlik ýagyna täsir etdi. Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bu harytlaryň bahasy ortaça 20% ýokarlandy.

"Russiýanyň ýurtdan azyk önümleriniň eksport etmegini girizen gadagançylygynyň yzýany, Türkmenistanda bu harytlaryň bahasy 15-20% ýokarlandy. Türkmen bazaryna haryt getirýän telekeçiler häzir öňden bar bolan zapaslaryny satýarlar" - diýip, türkmenistanly çeşmeleriň biri aýtdy.

Türkmenistan Gazagystandan we Russiýadan uny import edýär. Şeker ýurda Russiýadan, Azerbaýjandan, Hindistandan we Eýrandan getirilýär. Azatlygyň habarçylary Orsýetden we Azerbaýjandan import edilýän şekeriň hem nyrh, hem-de hil taýdan deňeçerdigini aýdýarlar.

Olaryň sözlerine görä,fewral aýynda Russiýada öndürilen ýa-da Azerbaýjandan getirilen 50 kilogramlyk şekeriň 680 manada satylan bolsa, 15-nji martda bir haltanyň bahasy 800 manata çenli ýokarlanypdyr. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň kursy boýunça 3,5 manat - 1 dollara barabar.

Bahalaryň häzir ýokarlanmagy ilatyň uly böleginiň satyn alyş ukybyny ep-esli çäklendirýär.

Türkmenistanyň ýaşaýjylary 2017-nji ýylyň güýzünden bäri azyk krizisini başdan geçirýärler. Bahalaryň häzir ýokarlanmagy Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň tamamlanan pursadyna gabat geldi, häkimiýetler häzirki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýeňendigini yglan etdiler.

Bu döwürde Russiýanyň Ukraina ýaragly çozmagy Moskwa garşy ykdysady sanksiýalara sebäp boldy, şeýle hem Russiýanyň özüniň käbir harytlaryň eksport edilmegine gadagançylyk girizdi. 8-nji martda girizilen bu gadagançylyk esasynda, hususan-da şekeriň eksportyna rugsat berilmeýär we gallanyň eksporty çäklendirilýär.

Bu aralykda, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary Ukrainadan iberilýän mesge ýagynyň tekçelerden ýitirim bolandygyny habar berdiler. Ukrain öndürijileri tarapyndan öndürilen bir kilogram mesge ýagy Türkmenistanda bir kilogramy 70 manada satylýardy. Şeýle hem çeşmeler esasan Ukrainadan getirilen alkogolly içgileriň bahasynyň ýokarlanmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

Russiýada öndürilen ösümlik ýagy şu wagta çenli Türkmenistanyň içerki bazarynda agdyklyk edipdi.

Türkmenistanyň hökümeti ýurduň ykdysadyýetiniň üstünlikli ösüşini yzygiderli yglan edip geldiler, şol sanda ilatyň azyk üpjünçiliginiň kadalydygyny öňe sürdüler. Şol bir wagtyň özünde, soňky ýyllarda Türkmenistan azyk önümleriniň, şol sanda galla importynyň mukdaryny artdyrdy.

Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň resmi maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň agza ýurtlardan un importy ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 2,2 esse ýokarlanypdyr.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG