Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jo Baýden Serdar Berdimuhamedowy Nowruz bilen gutlady, prezident wezipesi bilen gutlamady


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Baýden Berdimuhamedowy prezident wezipesi mynasybetli gutlamady. Saýlaw düzgün bozmalary bilen geçirilen irki prezident saýlawlarynyň yz ýany, Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy 73 % töweregi ses bilen ýeňiji yglan etdi.

Türkmenistanyň üçünji prezidenti bolmagyňyz bilen baglylykda, size, siziň maşgalaňyza we ýurduňyzyň halkyna şatlykly hem-de abadan Nowruz baýramyny arzuw edýärin diýip, Baýdeniň hatynda aýdylýar.

Parahatçylygyň we täzelenişiň şu gününde Birleşen Ştatlarda we Ýer ýüzünde köp adamlar bu ajaýyp baýramy bellemek üçin size goşulýarlar diýip, Baýden aýtdy.

ABŞ prezidenti Türkmenistanyň prezidentiniň üsti bilen türkmen halkyna iberen gutlagynda “Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!” diýip, türkmen dilinde ýazdy.

“Diwanymyň işgärleri siziň ýurduňyz bilen howpsuzlyk babatda umumy maksatlara ýetmek, Owganystanyň terrorçylar üçin gaçybatalga bolmazlygy hem-de metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda umumy maksatlara ýetmäge, şeýle hem biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzy ilerletmek, Hazar energetikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işlerimiziň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn” diýip, Baýden türkmen halkyna iberen gutlagynda aýtdy.

ABŞ prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýaňy-ýakynda girişen prezident wezipesi mynasybetli gutlamady.

Şol bir wagtda, TDH ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinkeniň Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iberen Nowruz gutlagyny hem çap etdi.

Has ozal, ABŞ-nyň Döwlet departamenti 15-nji martda beýanat çap edip, türkmen häkimiýetlerini ýurtda saýlaw ulgamyny ösdürmek babatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň teklipnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlaryna synçy missiýasyny ibermedi.

Şu wagta çenli Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesi mynasybetli esasan diňe awtoritar liderler, şol sanda Hytaýyň prezidenti Si Szinpin, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we beýlekiler gutlady.

ABŞ prezidenti Jo Baýden Nowruz gutlagy bilen bu sanawa goşulmady.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi Facebook sahypasy Jo Baýdeniň Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynyň rus we türkmen dillerindäki wersiýalaryny Türkmenistanyň döwlet metbugatynyň terjimesi bilen çap etdi. Hatyň iňlis dilindäki asyl nusgasy ne türkmen metbugatynda, ne-de ABŞ edaralarynyň resmi web-saýtlarynda çap edildi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri daşary ýurt döwlet baştutanlary bilen Türkmenistanyň prezidentiniň arasynda alyşylýan gutlag, minnetdarlyk we gynanç hatlaryny yzygiderli ýagdaýda türkmen halkynyň dykgatyna ýetirýär.

Ýöne bitarap we ýapyk Türkmenistanyň döwlet metbugaty halkara arenasynda bolup geçýän ýiti wakalar, şol sanda halk gozgalaňlary, köpçülikleýin protestler, demonstrasiýalar we uruşlar barada asla habar bermeýär.

Baýdeniň prezidentlik döwründe türkmen we amerikan liderleri Nowruz gutlaglaryndan başga temalar boýunça hem hat alyşdylar. Mundan ozal, geçen ýylyň noýabrynda ABŞ prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberip, ABŞ raýatlarynyň Owganystandan ewakuasiýa edilmeginde beren ýardamlary üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Şondan bir aý soň, geçen dekabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Jo Baýdene hat iberip, ABŞ-da bolan tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG