Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Inagurasiýanyň öň ýany awtoritar liderler türkmen saýlawlarynyň ýeňijisini gutlaýar


Saýlaw gutusy
Saýlaw gutusy

Türkmenistanda köpçülikleýin saýlaw bidüzgünçilikleri bilen geçirilen 12-nji mart irki prezident saýlawlarynyň yz ýany, Merkezi saýlaw topary (MST) işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy ýeňiji yglan edensoň, Berdimuhamedowlar sebit ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň gutlaglaryny kabul edýärler. Şu wagta çenli gutlag sözlerini aýdan daşary ýurt döwlet baştutanlarynyň arasynda Wladimir Putin, Si Szinpin, Rejep Taýýip Erodgan, Aleksandr Lukaşenko, Emomali Rahmon, Ebrahim Raisi we beýlekiler bar.

TDH-nyň habaryna görä, ata we ogul 16-njy marta çenli Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, galyberse-de Türkiýäniň, Hytaýyň, Belarusyň we Russiýanyň prezidentleri bilen telefonda gürleşip, olaryň gutlaglaryny kabul etdi.

Şeýle-de, döwlet metbugatyna görä, 15-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Resmi habarda aýdylmagyna görä, BMG-niň başlygy Serdar Berdimuhamedowy saýlaw ýeňşi bilen gutlapdyr.

Milletler guramasynyň başlygynyň metbugat gullugy bu telefon söhbetdeşliginiň mazmuny boýunça resmi beýanat çap etmedi.

Türkmen metbugatyna görä, telefon söhbetdeşlikleriniň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşlerine Türkmenistanda geçirilen saýlawlar barada habar berýär we mundan beýläk öz işini Halk Maslahatynyň başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini aýdýar. Ol soňra telefony ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirýär. TDH-nyň habaryna görä, liderler Berdimuhamedowyň ogluny saýlaw ýeňşi bilen gutlaýarlar. Öz gezeginde, Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, mundan beýläk hem işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatyny dowam etdirjekdigini aýdýar.

Mundan başga-da, Berdimuhamedowlar 16-njy martda Belarusyň Aleksandr Lukaşenkasy bilen hem telefon söhbetdeşligini geçirdi. TDH Lukaşenkanyň kiçi Berdimuhamedowy “saýlaw ýeňşi” bilen gutlandygyny aýdýar. Ýöne Lukaşenkanyň metbugat gullugy telefon söhbetdeşligi boýunça çap eden beýanatynda gutlag sözlerini agzamady.

“Ýurtlaryň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ähli problemalaryň hötdesinden gelinjekdigine ynam bildirdiler” diýip, Lukaşenkanyň edarasynyň beýanatynda aýdylýar.

Türkmen metbugaty Lukaşenkanyň beýanatyndaky “çözgüdine garaşylýan problemalary” agzamady.

Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen irki prezident saýlawlaryna giň ýaýran düzgün bozmalar kölege saldy.

Saýlawlarda halkara derejesinde “altyn standart” hasaplanýan Ýewropda Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasy (DIAHBE) Türkmenistanda esasan syýasy plýuralizm we esasy adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly aladalar sebäpli Türkmenistanyň saýlawlaryna synçy missiýasyny ibermezligi maslahat berdi.

Şeýlelikde, ÝHHG-nyň synçylary Türkmenistanyň soňky saýlawlaryna syn etmedi.

Türkmen metbugaty GDA-nyň, Türki Döwletler Guramasynyň hem-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleriniň türkmen saýlawlaryna oňyn baha berendigini aýdýar.

Azatlygyň habarçylary saýlawlarda ýol berlen bidüzgünçilikler, saýlaw býulletenlerindäki sesleriň üýtgedilmegi, bir adamyň birnäçe ses bermegi, saýlawçylardan Serdar Berdimuhamedowa ses berilmeginiň talap edilmegi ýaly düzgün bozmalar barada habar berdiler. Galyberse-de, Türkmenistanyň döwlet media serişdeleri saýlaw möwsüminiň dowamynda Serdar Berdimuhamedowy öňe çykardy. Ýurduň syýasy sahnasynda ozal tanalmadyk beýleki sekiz dalaşgär türkmen hökümetiniň tankytçylary tarapyndan saýlawlara kanuny öwüşgin çaýmak üçin orta çykarylan aktýorlar atlandyryldy.

15-nji martda ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda geçirilen saýlawlar boýunça beýanat çap etdi. Beýanat Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanda “erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň” üpjün edilmändigi barada ÝHHG-nyň Demokratik institutlary we Adam hukulary boýunça edarasynyň çykaran bahasy bilen ylalaşýandygyny mälim etdi. Şeýle-de, ABŞ-nyň Döwlet departamenti türkmen hökümetini ÝHHG edarasynyň ýurtda saýlaw ulgamyny ösdürmek boýunça berýän teklipnamalaryny berjaý etmäge çagyrdy.

Işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy saýlaw ýeňşi bilen gutlan daşary ýurt döwlet baştutanlary, şol sanda Aleksandr Lukaşenka, Wladimir Putin, Si Szinpin, Rejep Taýýip Erdogan, Emomali Rahmon we beýlekiler öz ýurtlarynda hem demokartik gymmatlyklary äsgermeýän awtoritar liderler hökmünde giňden tanalýarlar.

Innagurasiýa dabarasy 19-njy martda Aşgabadyň "Oguzhan" köşkler toplumynda geçiriler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG