Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow prezident kasamyny etdi


Serdar Berdimuhamedow
Serdar Berdimuhamedow

19-njy martda Türkmenistanyň täze prezidentiniň wezipä geçmeginiň resmi dabarasy inaugurasiýasy geçirildi. Merkezi Saýlaw komissiýasy 12-nji martda halkara synçylary gatnaşmazdan, geçirilen möhletinden irki prezident saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 göterim ses alyp, saýlawlarda ýeňiji bolandygyny yglan etdi.

Resmi maglumatlarda Türkmenistanyň saýlanan prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaranyň Ruhyýet Köşgünde geçirilendigi habar berildi.

Türkmenistanda 12-nji martda saýlaw düzgün bozmalary bilen geçirilen irki prezident saýlawlarynda işden gidýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 40 ýaşly ogly Serdar Berdimuhamedow ýeňiş gazandy. Merkezi saýlaw toparynyň resmi sanlaryna görä, kiçi Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň prezidentiň inaugurasiýasy barada çap eden habarynda, "bu gün Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyna ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan we asyrlaryň dowamynda emele gelen halk häkimlilik däplerini alamatlandyrýan demokratik özgertmeleriň ähmiýetini açyp görkezýän sene hökmünde girdi" diýilýar.

Resmi maglumatlarda Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylaryň köpsanly seslerine mynasyp bolup, saýlanandygy aýdyldy.

Türkmen häkimiýetleriniň 12-nji mart saýlawlarynyň açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirlendigini we milli hem-de halkara kanunçylygyna gabat gelýändigini aýdýarka, garaşsyz habar çeşmeler we Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ençeme kanun bozmalarynyň we gödek bidüzgünçilikleriň bolandygyny habar berdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Türkmenistanda geçirilen irki prezident saýlawlary boýunça beýanat çap etdi. Birleşen Ştatlaryň daşary syýasat edarasy Türkmenistanda "erkin, adalatly we bäsleşikli saýlaw prosesiniň üpjün edilmändigi" barada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çykaran bahasy bilen ylalaşýandygyny belledi.

Türkmenistanyň otuz ýyllyk garaşsyzlyk taryhynda şu wagta çenli geçirilen hiç bir saýlaw halkara synçylary tarapyndan hiç haçan ‘erkin we adalatly saýlaw” diýlip ykrar edilmedi.

Serdar Berdimuhamedowyň wezipä saýlanmagy bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynda häkimiýet ilkinji gezek atadan ogla miras galdyrylýar. Ekspertler bu ýagdaýyň sebit ýurtlary üçin howply görelde bolup biljekdigini nygtaýarlar.

Serdar Berdimuhamedow kim?
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:24 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG