Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň döwlet edaralarynda täze prezidentiň portretleri oturdylýar


Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow kakasynyň, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretiniň öňünde
Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow kakasynyň, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň portretiniň öňünde

Türkmenistanyň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portretleri ýurduň ähli döwlet edaralarynda peýda bolar. Edaralara we kärhanalara berlen tabşyryga görä, 15 ýyllap ýurdy dolandyran prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň suratlary oglunyň portretleri bilen çalşyrylmaly. Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda resmi taýdan kakasynyň wezipesine geçdi.

Lebap welaýatynda, Türkmenistanyň täze prezidentiniň portretleri kanun goraýjy edaralarda eýýäm peýda boldy. Serdar Berdimuhamedowyň portretlerini ýerleşdirmek baradaky buýruk eýýäm bilim we saglygy saklaýyş edaralaryna gowuşdy. Bu barada 23-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri habar berdiler.

Olaryň sözlerine görä, kanun goraýjy edaralaryň wekilleri, esasanam polisiýa işgärleri portretleri öz hasabyna satyn alyp, öz otaglarynda asýarlar. Täze döwlet baştutanynyň suratlary etrap polisiýa edaralarynda eýýäm peýda boldy.

Hususan-da, geçen dynç günlerinde Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň orta mekdepleriniň ýolbaşçylary portretleri çalyşmak işini ýola goýmak bilen başagaý boldular. Çeşmelere görä, ýolbaşçylar portretleri çalyşmak talaplaryny ýerine ýetirmekde kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolupdyrlar.

"Mekdep müdirleri üçin bu gaty kyn mesele. Arkadagyň portretlerini indi näme etmeli diýen sorag ýüze çykýar. Köpler olary aýyrmagy ýa-da galdyrmagy bilmeýärler" diýip, anonimlik şertlerde gepleşen çeşme aýdýar.

Türkmenistanda prezidentiň portretlerini çalyşmak tejribesi yzygiderli we ilatyň hasabyna amala aşyrylýar.

Geçmişde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň edara-kärhanalardaky portretlerini çalyşmak işi her ýylyň başynda tutuş ýurt boýunça amala aşyryldy. Suratlar ýylyň dowamynda-da birnäçe gezek täzelendi. Döwlet baştutanynyň suratlarynda her ýyl eşikleriň reňki üýtgedi, käte prezidentiň keşbinde üýtgeşiklik emele geldi.

Prezidentiň portretleri soňky gezek şu ýylyň ýanwar aýynda çalşyryldy. Şonda 2022-nji ýyl üçin niýetlenen portretde prezidentiň eşiginiň reňki 2021-nji ýyldaky suratlardan tapawutlanýar. Täze portretlerde prezidentiň kostýumy goýy gök bolup, geçen ýylky portretlerde penjegiň reňki garady.

Prezidentiň portretlerinden başga-da, Türkmenistanyň ilaty döwlet baştutanynyň dürli eserlerini kitap görnüşinde, şeýle hem prezidentiň goşgulary ýazylan plakatlary satyn almaga mejbur bolýar.

Soňky ýyllarda häkimiýetler prezidentiň portretlerini satmak üçin goşmaça usullary hem ulandylar. Hususan-da, ilat azyk önümlerini, çöregi satyn almak üçin gapdalyndan prezidentiň portretlerini satyn almaga mejbur edildi.

Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda Türkmenistanyň prezidenti wezipesine girişdi we 15 ýyllap ýurda ýolbaşçylyk eden kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerine döwlet baştutany boldy. Bu, Merkezi Aziýada häkimiýetiň kakadan ogluna geçmegi üçin görelde boldy.

Türkmenistanda möhletinden irki prezident saýlawlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinden aýrylmagy baradaky kararyny yglan edensoň geçirildi. 11-nji fewralda Halk Maslahatynyň gyssagly ýygnagynda G. Berdimuhamedow "döwleti dolandyrmakda ýaşlara ýol bermek" isleýändigini mälim etdi. Merkezi saýlaw komissiýasy 12-nji martda Serdar Berdimuhamedowyň 72,97 % ses toplap, irki prezident saýlawynda ýeňiş gazanandygyny habar berdi.

Azatlygyň habarçylary ses berişlikde we saýlaw kampaniýasynyň gidişinde sesleriň galplaşdyrylmagy, bir saýlawçynyň bähbidine ses berdirmek üçin saýlawçylara basyş edilendigi we hatda Serdar Berdimuhamedowa ses bermegiň aç-açan talap edilmegi ýaly köpçülikleýin kanun bozmalaryň bolandygyny habar berdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG