Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçiler gowaça derek has girdejili ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin oba resmilerine para bermeli


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Lebap welaýatynyň daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary kärende ýerlerinde gowaça derek gök-bakja önümleri ýaly has girdejili oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek isleýän kärendeçi daýhanlardan para soraýar. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri habar berýär.

Neşire görä, Lebap welaýatynyň Saýat, Çärjew, Dänew hem-de Halaç etraplarynda daýhan birleşikleriň ýolbaşçylary bu maksat bilen her bir gektar ýer üçin kärendeçilerden 20 müň – 30 müň manat aralygynda para soraýar.

Daýhanlar döwletden şertnamalaýyn esasda kärendesine alan ýer böleklerinde gök-bakja we miweli ekinleri ösdürip ýetişdirmegi girdejili hasaplaýarlar. Şonuň üçin, neşire görä, kärendeçiler daýhan birleşik ýolbaşçylarynyň para talaplaryna mejbur razy bolýarlar. Talap edilýän para dollaryň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça 5,700 – 8,500 dollara, gara bazar nyrhy boýunça 1,000 – 1,500 dollara barabar bolýar.

Lebapda daýhan birleşik başlyklarynyň kärendeçilerden her gektar ýer üçin onlarça müň manat möçberinde para soramaklary Maryda oba resmileriniň daýhanlardan her gektar ýer üçin “ekerançylygyň piri Babadaýhanyň ýoluna” 10 manat möçberinde sadaka soraýan wagtlaryna gabat gelýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda Mary etrabynyň çäginde ýerleşýän daýhan birleşikleriň ýolbaşçylarynyň kärendeçilerden her bir gektar ýer bölegi üçin sadaka hökmünde 10 manat möçberinde pul toplaýandyklaryny habar berdi.

Şu günler Türkmenistanda ýazky ekiş möwsümi dowam edýär. Ekerançylyk möwsüminiň çäklerinde, ýurtda gowaça ekişine resmi taýdan 23-nji martda badalga berildi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Lebapda özleriniň ýer böleklerinde gowaça derek ülje, erik, üzüm ýaly miweli ekinleri ösdürip ýetişdirmek isleýän daýhanlaryň öňümizdäki 3-4 ýylyň dowamynda döwlet tabşyrygyndan azat edilýändiklerini aýdýar.

Türkmenistanda gowaça we bugdaý ekişine her ýyl ýüzlerçe müň gektarlyk ýer bölünip berilýär.

Şu ýyl Türkmenistan 580 müň gektar meýdana gowaça ekip, 1 million 250 müň tonna pagta hasylyny öndürmegi göz öňünde tutýar. Geçen ýyl ýurt boýunça 620 müň gektar meýdana gowaça ekilipdi. Türkmen hökümeti geçen ýylyň ýygym möwsüminde 1 million 250 müň tonna pagta hasylynyň ýygnalandygyny yglan etdi.

2018-nji ýylyň güýzünde kabul edilen karara laýyklykda, ýurtda pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy hiline we hasyl möwsümine görä 1355 manat – 2000 manat aralygynda ýokarlandyryldy. Şol bir wagtda bir tonna bugdaýyň döwlet satyn alyş bahasy 400 manatdan 800 manada göterildi.

Ýöne ýurtda dowam edýän durmuş kynçylyklarynyň fonunda emele gelen şertler kärendeçi daýhanlary gowaça derek has girdejili oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge iterýän çemeli.

Galyberse-de, Türkmenistan pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýär. Bu ýagdaý 2018-nji ýylyň maýynda türkmen pagtasynyň hem-de türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ABŞ-nyň çägine girizilmeginiň gadagan edilmegine alyp geldi. ABŞ-nyň türkmen pagtasyna girizen gadaganlygy heniz hem öz güýjünde galýar.

Birleşen Ştatlaryň türkmen pagtasyna girizen gadaganlygyndan bäş aý töweregi soň, 2018-nji ýylyň oktýabrynda türkmen hökümeti käbir oba hojalyk özgertmelerini kabul etdi.

Bu özgertmelere laýyklykda, ýurtda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasy döredildi we bu ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny, galan ýer böleginde bolsa, döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýetişdirmek meýilleşdirildi.

Şol ýylyň oktýabrynda döredilen ýörite ýer gaznasynyň möçberi tassyklanyldy we paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklara, beýleki ýuridik şahslara hem-de raýatlara bu ýer böleklerini 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek barada karar kabul edildi.

Täze özgertmelere garamazdan, ýurduň oba hojalyk pudagy, şol sanda ekerançylyk ýerleri berk döwlet gözegçiliginde galýar. Synçylar Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndaky işleriň guramaçylygyny berk tankyt edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG