Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Maryly kärendeçiler 'Babadaýhanyň ýoluna' sadaka bermeli edilýär


Illýustrasiýa suraty.

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesine degişli geňeşlikleriň başlyklary we orunbasarlary kärendeçi daýhanlardan pul toplaýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji martda sebitden habar berdi. Daýhanlar toplanýan pullaryň “Babadaýhanyň ýoluna sadaka hökmünde soralýandygyny” aýdýarlar.

Kärendeçi daýhanlaryň sözlerine görä, geňeşlikleriň başlyklary we oba resmileri daýhanlar bilen ýygnak geçirip, pul talaplaryny beýan edýärler.

“Meselem, bir gektar ýeriň bolsa, 10 manat sadaka soraýarlar. Bäş gektar ýeriň bolsa, Babadaýhanyň ýoluna 50 manat pul bermelidigini aýdýarlar” diýip, bir maryly daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenleriň arasynda öňden bäri nesilden-nesle geçip dowam edýän halk yrymlary dürli-dürli pudaklarda “pir” hasaplanýan mifologik şahsyýetlere çokunylmagyny ündeýär.

Halk yrymlaryna görä, Babadaýhan atly mifologik şahs ekerançylygyň we daýhançylygyň piri hasaplanýar.

Mälim bolan maglumatlara görä, türkmen häkimiýetleri ilkinji gezek halk yrymlaryndan ugur alyp, daýhanlardan sadaka hökmünde pul ýygnaýarlar. Şeýle-de, kärendeçi daýhanlardan mejbury pul toplamak işleri dilden görkezme esasynda amala aşyrylýar.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri dürli maksatlar üçin, şol sanda obalara nasos satyn almak üçin, edara-kärhanalarda prezidentiň portretlerini çalyşmak üçin, köpçülikleýin welosiped satyn almak üçin, tebigaty goramak üçin we şulara meňzeş beýleki “bahanalar” bilen býujet işgärlerinden pul ýygnaýardylar.

Babadaýhan üçin soralýan pullar kärendeçi daýhanlarda nägilelik döredýär.

“Biziň ömrümizde birinji gezek Babadaýhanyň ýoluna diýip, her gektar üçin 10 manatdan pul tutuldy. Geljekde Dawut pygamberiň adyna diýip, 10 manatdan pul tutsalar [geň görmeris]! Soňra häkime, başlyga, otagçylara, pagtaçylara, nasosçylara, diýip pul toplarlar: umuman pul bermeli adamlar köpelmese, azalanok” diýip, bir maryly daýhan gürrüň berdi.

Türkmen halk yrymlaryna görä, Dawut pygamber türkmenleriň arasynda demriň we ussaçylygyň piri hökmünde tanalýar.

Käbir kärendeçi daýhanlar başlyga ýa-da oba resmilerine sadaka hökmünde pul bermegiň deregine, öz aralarynda pul çöpläp, sadaka çärelerini öz aralarynda guramalaşdyrmagy has ygytbarly hasaplaýarlar.

“Näme üçin biz oba başlygyna ýa-da onuň orunbasaryna her gektar ýer üçin 10 manat pul bermeli? Olar biziň pullarymyzyň hasabyna Babadaýhanyň adyna janly soýup, soňra kärendeçileri üýşürip sadaka bererlermi? Onsoň biz pul berensoň, ‘ekerançylygymyz hasylly bolar’ diýen umyt bilen öýümize gaýdybermelimi?” diýip, daýhanlar aýdýarlar.

Dünýewi Türkmenistanda döwlet tabşyrygyna girýän ekinleriň, şol sanda gowaçanyň we bugdaýyň ekişine resmi derejede girişmek dabaralaryna din wekilleri we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşýar. Olar ekerançylyk meýdanlarynyň kenarynda dini ritual äheňli çäreleri geçirýärler, din wekilleri resmi derejede ekin ekmäge girişmek dabarasynda doga-dileg edýärler. Bu çäreler döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden görkezilýär.

Maryly daýhanlaryň sözlerine görä, oba resmileri ýygnalýan pullary özleriniň häkimlige tabşyrýandyklaryny aýdýarlar.

“Häkim bolýan bolsalar, özleri sadaka gurnap, biz ýaly daýhanlary çagyrsynlar. Biz ýaly garyp adamlardan sadaka üçin pul soramasyn!” diýip, kärendeçi daýhanlar nägilelik beýan edýärler.

Daýhanlar onsuz hem ekişe girişenlerinde özleriniň “Babadaýhanyň adyna” sadaka berýändiklerini aýdýarlar.

“Biz özümize garypdyr öýtsek, siz, häkimler we başlyklar, bizden hem beter ýaly” diýip, daýhanlar aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň kommentariýa almak üçin Marynyň etrap häkimligi bilen habarlaşmak synanyşygy başa barmady.

Türkmenistanda 2018-nji ýylda oba hojalyk pudagy boýunça kabul edilen reformalara garamazdan ýer eýeçiligi döwletiň berk gözegçiliginde galýar. Synçylar ýurtda oba hojalyk işleriniň guramaçylygynyň netijesizdigini aýdýarlar.

Türkmenistanda nobatdaky resmi gowaça ekiş möwsümi 23-nji martda başlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG