Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Aýdyň, bize çörek ýetermi?" Aşgabatda çörek nobatlary azalmaýar


Çaga döwlet dükanyndan satyn alan çöregi alyp barýar. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabr aýy (illýustrasiýa suraty)
Çaga döwlet dükanyndan satyn alan çöregi alyp barýar. Aşgabat, 2021-nji ýylyň noýabr aýy (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda azyk ýetmezçiligi, şol sanda çöregiň we unuň gytçylygy saklanýar. Gijelerine döwlet dükanlaryna ýygnanýan ullakan nobatlarda nägilelik we dartgynlyk artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri Türkmenistanyň paýtagtynda bolup geçýän wakalar barada habar berýärler.

Aşgabatda adamlar çörek satyn almak üçin daňdan nobata durýarlar. Ýüzlerçe adam döwlet tarapyndan kesgitlenen möçberde çöregi satyn almak üçin daň batmanka garaňkyda dükanlaryň öňüne ýygnanýarlar. Emma çörek satuw başlanan badyna gutarýar. Adamlaryň köpüsinde çörek ýetmeýär.

Azatlyk Radiosyna 1-nji aprelde gowşan wideolaryň birinde Aşgabadyň №42 döwlet dükanynyň öňündäki ýagdaýy görmek mümkin. Wideoda elliden gowrak adam garaňkyda dükanyň öňünde dur. Nobatda duranlar, çöregiň ýeterlik däldiginden we özlerine ýetmejeginden howatyrlanýarlar.

"Şu gün irden 50-60 adam çemesi ýygnandy. Ir sagat 4-den şol ýerde durdular. Dükan irden 6-dan soň açyldy, ýöne satyjy çöregi diňe ilkinji 10 adama goýberdi we dükany ýapdy" -diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmesi 1-nji aprelde 42-nji dükanda çöregiň satylyşy barada gürrüň berdi.

Ýagdaýa şaýat bolan çeşmäniň sözlerine görä, çörek satuwy diňe 5-6 minut dowam edipdir, soň adamlara çöregiň gutarandygy aýdylypdyr.

"Adamlar prezidente we onuň garyndaşlaryna aç-açan näletläp başladylar. Orazanyň başlan günlerinde halky masgaralap, azar berýändigi üçin Allanyň oňa jeza berjekdigini aýtdylar. Emma uly dawa-jenjel bolmady. Adamlar eýýäm ýagdaýyň gün-günden erbetleşjekdigini göz öňünde tutýarlar"- diýip çeşme aýdýar.

Wideoda adamlaryň ýagdaýyň günsaýyn ýaramazlaşýandygyny we öňki prezidenti we ogluny aç-açan tankytlaýandyklaryny eşidip bolýar. Azatlyk Radiosy bu wideoýazgylary howpsuzlyk sebäplerinden çap etmekden saklanýar.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary çörek satyn almak üçin ençeme ýyl bäri nobata durmaly bolýarlar. Krizis 2021-nji ýylyň güýzünde hasam güýçlendi, şondan bäri Aşgabatda çörek gijelerine satylýar. Çörek sanalyp satylýar, her adama üçden köp çörek berilmeýär. Polisiýa alyjylara gözegçilik edýär we “artykmaç” diýip hasaplan çöregi ellerinden alýar.

Ýurduň häkimiýetleri uzaga çeken azyk ýetmezçiligini resmi derejede ykrar etmeýärler, çörek we beýleki azyk önümlerini satmagyň tertibi bilen baglanyşykly planlary bilen bagy resmi düşündiriş bermeýärler.

Mart aýynda türkmen daýhanlaryna we telekeçilerine Russiýa azyk eksportynyň köpeljegi barada habar berildi.

Russiýanyň sebäpsiz Ukraina çozmagy zerarly Moskwa garşy girizilen halkara sanksiýalaryň arasynda, türkmen häkimiýetleri potratçy telekeçilere Russiýa gök-bakja önümleriniň, iri we ownuk şahly mallaryň, towuk etleriniň, şeýle-de beýleki azyklaryň eksportynyň artdyryljakdygyny dilden duýduryp başladylar.

Birnäçe ýyl bäri ýiti ykdysady krizise sezewar bolan Türkmenistanda ilat azyk ýetmezçiligi we bahalaryň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Hökümetiň aýdyşyna görä, ýurdyň özi her ýyl 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý öndürýär, bugdaý planlary diňe bir dolman, artykmajy bilen ýerine ýetirilýär. Muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistan azyk önümleriniň, şol sanda galla importynyň mukdaryny yzygiderli artdyrdy. Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň resmi maglumatlaryna görä, Türkmenistan 2020-nji ýylda bileleşigiň agza ýurtlardan ozalkysyndan 2,2 esse has köp un satyn alypdyr.

Кто такой Сердар Бердымухамедов и каким президентом он будет?
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:39 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG